Neressäň gyzyla gaplaýmaly pikirleri bardy. Tutuş ömrüni daş-töweregindäkilere şol pikirleri aýtmak bilen başagaý bolup geçdi. Özüniň welin şol ýüzlerçe ajaýyp pikirinden, iň bolmanda ýekejesini durmuşa geçirmäge-de demi ýetmedi… Mazaryndaky daşyň ýüzünde şeýle sözler bar: “Gyzyla gaplaýmaly pikirlerini irmän-ýadaman adamlara paýlap, dünýeden ötdi. Ruhy maza tapsyn”
Ýüklenýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň