Gowy adamlar, olaryň işleri, jaýdar gepleri, ybrat alyp, misil tutarlyk edim-gylymlary, ýagşy häsiýetleri... barada ýatlamalaryň bir häsiýeti bar: gyzyklanýanlar, mysal üçin, meniň ýalylar, şol wakalary, şol adamlary gözi bilen gören garrylardan soraşdyrýarlar, bilýärler, belläp alyp galýarlar. Soňam ýazgylar ýitýär. Şol ýazgylary ýazyp alyp galanlaram ýitýär. Onsoň ýatlamalaram ýitýär...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň