Oglanjyk wagtymyz aralary 1 ýaş, basdaş aga-inem biz bilen bile oýnaýardy. Basdaş bolansoňlar oýnuň dowamynda ikisiniň sözi azaşdy. Onsoň ekabyrja agasyndan güýjem asgyn, dilem, kiçisi öň bir ýerden eşidendir-dä, dagy näme diýjegini bilmän agasyna haýbat atdy: -Men körpe! Mellegem meniňki, jaýam. Öýlendigim seni öýmüzden kowaryn! Agasy, 8-9 ýaşly garagol, eýýäm kowlup barýan ýaly, lam-jim bolup, suslandy.
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň