Dostumyň eline bir gezek saý-sebäp bilen ýeňilräk pul düşdi. Soň ol şol puluna on-on bäş sany goýun alyp, onam bakyp satdy welin, puly ýene köpeldi. Özüniň işewürliginden iňňän hoşal bolan dostum – edeni ugruna bolan bolýan her kesiň bolan-bolan bolşy – maňa akyl öwretmäge girişdi: -Dos,-diýdi:-puluňy kürk towugyň palak ýumurtgadan jüýje çykarjak bolşy ýaly, sandygyňdaky düwünçekde basyryp ýatma-da, ony herekete goýber. Bilseň, bütüýn dünýäde-de biznesiň mizemez kanuny: “Pul puly ýasaýar”...
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň