Ýazmak
Baş sahypaPikirlerBelliklerimŞahsy hatProfilim
Baş sahypaPikirlerBildirişlerŞahsy hat
Gül
Gül
Öwreniji
@flowers·1 gün

Başarsaň Başarsaň, göwnüňi sergin saklagyn, Şübhä basdyrmagyn göwün galaňy. «Bir oňat kişidir» diýip çaklagyn, Nätanyş adamyň berse salamy. Gidibergin içi bilen syrgynyň, Hysyrdanyp geçir säher çagyňy. Ýöne mahal-mahal barlap durgunyň Goltugyňda garpyz bary-ýoguny. Akgöwünli üçin şudur iň kyny, Köpbilmişler ynamyny talarlar. Ýüwürse aýagna salarlar syny, Uçsa ganat kakyşyny sanarlar.

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň