Sen-ä şonda duýdurypdyň söýgüňi,

Menem bolan boldum sana näz eden.

Gözüň sykyp, çekseň-de dert-gaýgyny,

Käbir zatlar başlanmaýar täzeden.

Durmuş gidip otyr, isle-isleme,

Utulanyň boýun almaly käte.

Garamaýar göwne, arzuw-islege,

Dolýar wagty gelse sabyrly käse.

Şeý diýdiň-de geçip gitdiň deňimden,

Maňa oýlanmaga goýduň-da pursat.

Ne hä saňa "ýok" diýmegi başardym,

Ne de berip bildim söýmäge rugsat.

Men okuwa diýip gaýtdym paýtagta,

Senem diýdiň: "Seniň dünýäň özgedir.

Beýdip ýörseň ýetmersiňem çyn bagta,

Gözden üzňe göwündenem üzňedir".

Ýygylsa müň gaýgy bir iş bitirmez,

Soňky tüýküligiň ezmeýär sakgal.

Meniň dymmalygym göwne getirme,

Delilim ýok, bilmen etmişiň aklap.

Ýedi ölçäp bir kesdiň-de içiňden,

Gitmegi hasaplap garaşmakdan ýeg.

Sen öz bagtyň gurduň özgesi bilen,

Bagtly bolmagymy etdiň-de dileg.

Täzeligim, edil ýaňy-ýakynda,

Ýazyp boldum kitabymyň bir tomun.

Biziň utan zadymyz bu durmuşda,

Seň-ä maşgalaň bar, meňem diplomym.

Ogulnur Pirjikowa