Bu uly şäherden gözlärin seni,
Ýok-la ýogsa saňa aýtjak zadymam.
(Tötänden duşaýmak mümkin ahyry),
Bu gözlegden a:rman-i:rmän, ýa:dama:n.
Geçip barýan seýilgähiň içinden,
Hol barýan ýigid-ä meňzeşem saňa.
Ýöne ol sen ýaly ýylgyryp däl-de,
Parhsyz bakyş bilen seredýär maňa.
Belki, bu ýigdiňem bir ýerde bir gyz
Ýoluna bakýandyr göresi gelip.
Menem senden umydymy üzýärin,
Başga bir ýerlerde ýöreniň bilip.
Duşýan özgeleriň gözleýänine,
Deňlerinden biparh ötüp barýaryn.
Bu uly şäheriň köçelerinde,
Seni gözläp, özüm ýitip barýaryn.
©Gülnar Baýlyýewa

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň