Pul gazanyp bilmek özi bir hünär, ony saklamak başga bir hünär. Köpümiz aýlygymyzyň nirä gidýänini aýyň ahyrynda aňýarys: ýa-da aňamzogam. Menem şeýle. Soňra her bir çykdaýjyma ünsli seredip başladym we käbir zatlara puluň ýele sowrulýandygyna göz ýetirdim.

Aşakda men satyn almagy bes eden zatlarymy we olaryň ýerini näme bilen çalşandygmy paýlaşaýyn. Belki, olaryň käbiri size-de peýdaly bolar. Bilýänsiňizem belki, täzeden okamak, kelläňizde hasam berk galar.

Her ýyl täze telefon

Mensiz hem gowy bilýärsiňiz muny.

Gymmat tehnika we her ýylky “täzelenme” höwesi.

Iki ýyl ozal alan telefonyňyz kemsiz işleýär. Emma bazara täze model çykdy, dostuňyzyň elinde-de şol bar. Içiňizden bir ses: “Seniňki köneldi”.

Ýöne eliňizi ýüregiňize goýup soraň: täze model size näme berýär? Kamerasy biraz gowumy? Ekrany biraz ulumy? Köplenç tapawut şeýle bir az bolýar welin, ony diňe mahabatda görýärsiň.

Eger enjamyňyz size gerek ähli işi ýerine ýetirýän bolsa, ony çalyşmagyň zerurlygy ýok. Planşete, noutbuga hem şol bir düzgün degişli. Täze model çykdy diýip, “il näme diýer” diýip, gymmat enjamy diňe başgalara görkezmek üçin satyn almak - puly ýele sowurmakdyr.

Elbetde, käte täze modelde hakykatdanam peýdaly mümkinçilikler bolýar. Ýöne olar size gerek däl bolsa, köne dostuňyz bilen galyberiň.

Hemişe bir dükandan ýa-da dermanhanadan almak

Köpümiz bir dükandan, bir satyjydan söwda etmäge öwrenişýäris. “Tanyş adam, aldamaz” diýýäris. Ýöne hakykat başgaça: köne müşderi köplenç iň gymmat tölýän müşderidir. Satyjy siziň başga ýere gitmejegiňizi bilýär, şonuň üçin bahany hem bilip-bilmezlige salyp ýokarlandyryberýär. Özüm dükanda işlämsoň aýdýan. Içerki aşhanasyny gördüm.

Men indi her uly söwdadan öň bahalary deňeşdirýärin. Iki-üç bazara aýlanýaryn, birnäçe dükana jaň edýärin, onlaýn sahypalardan we Instagram dükanlaryndan bahalary görýärin.

Gurluşyk harytlary, öý enjamlary, hatda gündelik iýmit önümleri hem bazardan bazara duýarly tapawutlanýar.

Dermanhana bilenem şeýle, lukmanyň ýazyp beren sanawy bilen göni golaýymdaky dermanhana gidemok. Şäheriň köp dermanhanalaryna jaň edip, bahalary deňeşdirýärin.

Bu iş köp wagt almaýar: 15–30 minut. Emma ýylyň dowamynda ep-esli puly tygşytlaýar.

Mugt tapyp boljak zatlar

Üçünji, men mugt ýa-da has arzan alternatiwasy bar zatlara pul tölemegi goýdum.

Köp adam özüne elýeterli mugt mümkinçilikleriň bardygyny bilmeýär. Ine, barlap görmeli birnäçe ýer:

Kitaphanalar. Şäher kitaphanalarynda kitaplaryň köpüsini mugt okap bolýar. Satyn alyp, bir gezek okap, tekjä goýýan kitaplarymyzy ýatlaň. Ýa-da telegramda hem kitaplaryň mugt elektron görnüşini tapyp bolýar. (Bu ýöne awtoryň hukuguny pozmakdyr, maslahat beremok, günä özüňizde bolsun)

Onlaýn sapaklar. Dil öwrenmek, programmirleme, dizaýn, hasapçylyk - bularyň köpüsi üçin internetde ýokary hilli mugt kurslar bar. Youtube-de gözleg edäýmeli. Gymmat kursa ýazylmazdan öň, şolary synap görüň.

Iş ýeriňiz. Käbir edara we kärhanalar öz işgärlerine okuw, sport ýa-da dynç alyş boýunça ýeňillikler berýär. Soramasaňyz, hiç kim size aýtmaz. Aglamadyk çaga emzik ýok.

Tanyşlar we goňşular. Atagzy, merdiwan, tort galyby, çaga kolýaskasy - ýylda bir gezek gerek bolýan zatlary satyn almagyň deregine wagtlaýyn alyp boljakdygyny unutmaň. Türkmeniň goňşuçylygy bu ýerde altyndan gymmat.

Bir günüňizi şu mümkinçilikleri barlamaga sarp etseňiz, ep-esli pul tygşytlarsyňyz.

Ulanylmaýan tarifler

Indiki boş çykdajy - ulanmaýan zadyňyz üçin artykmaç tölemek.

Köpümiz iň gymmat mobil ýa-da internet tarifine berýäris, ýöne onuň ýarysyny hem ulanmaýarys. Eger telefonda diňe habar ýazyp, wideo seredip otyrsaňyz, iň ýokary tizlik ýa-da çäksiz paket size hökman gerekmi? Bir tabak nahar iýjek bolsaňyz, tutuş saçagyň puluny tölemek hökman däl.

Näme etmeli? Telefonyňyzyň sazlamalaryna giriň we bir aýda näçe internet ulanýandygyňyzy görüň. Soňra öz tarifiňiz bilen deňeşdiriň. Eger hakykatda gerek mukdardan iki-üç esse köp töleýän bolsaňyz, has arzan tarife geçiň. Tarif diýýän welin, internet megebaýt hem degişli.

Aýda tygşytlanan az-owlak pul hem ýylyň ahyrynda ep-esli jem bolýar.

Bölüp tölemek bilen alnan gymmat zatlar

Bu ýerde biraz utanýaryn, ýöne boýun almaly: ýakynda men birhili gymmat zady bölüp tölemek bilen satyn almaga az galypdym. Simurgyň  satyjysy şeýle bir şirin gepledi welin: “Aýda bary-ýogy şunça töleýärsiňiz, duýmarsyňyz hem” diýdi.

Ilkibada bu amatly görünýär. Emma şertnama ünsli seretseň, goşmaça göterimler, möhleti gijikdirseň jerime... Netijede, zady onuň hakyky bahasyndan has gymmada alýarsyň. Ýene-de aýlar boýy her aýlygyňyzyň bir bölegi öňünden “eýeli” bolýar.

Näme etmeli? Öz býujetiňizde “maksatly ýygnak” diýen aýratyn setir açyň. Bölüp tölemek üçin her aý berjek puluňyzy şol ýere goýuň. Birnäçe aýdan soň zady nagt satyn alyp bilersiňiz, köplenç skidka bilen. Hiç kime bergili bolmaň.

Göwnüňe ýaramaýan zatlara çykdajy

Köp maliýe maslahatçylar bu ýerde meniň bilen ylalaşmaz. Ýöne men öz pikirimde durýaryn.

Meniň pikirimçe, sizi hakykatdan bagtly edýän zatlara harçlanýan pul ýitgi däl, maýa goýumdyr. Şonuň üçin “kafede kofe içme, ol puly ýygna” diýen köne maslahat bilen hemişe ylalaşamok.

Mysal üçin, men täze kitaplary we gül ösdürmegi, maýda mal saklamagy gowy görýärin - olar maňa hakyky şatlyk berýär. Emma täze egin-eşik satyn almak beýle bir göwnümi göterenok.

Şonuň üçin men eşige az, gowy görýän zatlaryma köpräk harçlaýaryn.

Ýöne bir şert bar: göwnüňize ýaraýan zada köpräk harçlamazdan öň, size şatlyk bermeýän zatlara edilýän çykdajylary rehimsizlik bilen kesmeli.

Ussa çagyrmazdan öň özüň synanyşmak

Öýüňizdäki enjam döwülende, 30 minut wagt sarp edip, sebäbini özüňiz anyklamazdan ussa çagyrmak - bu hem boş çykdajy. Youtube-de wideosy kän.

Täze jaýa göçenimizde, öňki öý enjamlarynyň köpüsini çalyşmadyk, sebäbi olar işleýär. Birinji hepdede gap ýuwujy maşyn suw sepmesini bes etdi, sowadyjy hem akdyryp başlady.

Men ussaçylykda kän bir başarnykly adam däl. Ýöne bilýärdim: iki ussa çagyrsam, ep-esli pul tölemeli bolardym.

Şonuň üçin internetde gözledim. Youtube jaňy sag bolsun. Ynanyň-ynanmaň, 30 minudyň içinde sebäbine düşündim: gap ýuwujy maşynyň süzgüjini arassalamaly eken, sowadyjynyň bolsa buz bilen dykylan deşigini eretmeli eken. (Muny öňem bilýädim ussaçylygymdan) Jemi çykdajy - nol manat we bir sagat wagtym.

Näme etmeli? Enjamyňyzyň markasyny, modelini we näsazlygy internetde gözläň. Ýüzlerçe wideo we maslahat tapjakdygyňyza ynanýaryn. Hatda telefonyňyzyň kamerasy bilen meseläni emeli aňa görkezip, ondan maslahat sorap bolýar.

Iň gowy ýagdaýda - enjamy düzedersiňiz, täze endik edinersiňiz we pul tygşytlarsyňyz. Iň erbet ýagdaýda – 30-50 minut ýitirip, soňra ussa jaň edersiňiz.

Bagt oýunlary we stawkalar

Sekizinji ýer - ähli görnüşdäki bagt oýunlary: lotereýalar, onlaýn stawkalar, “baý boluň” diýip wada berýän her hili oýunlar.

Bilýän, bu arzuw ýakymly. “Million utsam, näme ederdim?” diýip dostlar bilen oturyp hyýal edýäris. Bu ýakymly söhbet.

Ýöne hakykat başgaça: bu oýunlarda hemişe diňe gurnaýjy utýar. “Aýda azajyk goýýaryn-a” diýersiňiz. Emma şol azajyk ýylyň dowamynda ep-esli jem bolýar. Has erbedi, bu oýunlara iň köp pul goýýanlar köplenç oňa iň köp mätäç adamlardyr, sebäbi uly utuş hyýalynda ýaşaýarlar.

Eger siz hem şeýle oýunlara gatnaşýan bolsaňyz - size garşy hiç zadym ýok, dogan. Diňe ýüregimden aýdýaryn: bu pul ýele sowrulýan puldur. Ony öz geljegiňize goýsaňyz, utuşyňyz kepilli bolar.

Ulanylmaýan abonementler

Onunjy we iň köp ýaýran boş çykdajy - ulanylmaýan abonementler.

Sport zalyna ýazylansyňyz, maňa motiwasiýa bolsun diýip alty aýlyk ýa0da bir ýyllyk abonement alyp. Ýöne aýda bir gezek hem baran dälsiňiz. Daşary ýurt hyzmatlaryny ulanýan bolsaňyza, haýsydyr bir programma, onlaýn hyzmat ýa-da VPN üçin aýlyk töleg kartdan özbaşdak alyp göýberýär (Visa ýa-da mastercard), siz bolsa ony eýýäm ýatdan çykarypsyňyz. Bular şeýle bir sessiz-üýnsüz pul alýar welin, duýman galýaň.

Köp adam haçan we näme üçin abuna bolanyny hem unudýar. Üç ýyl ozal birikdirilen, şondan bäri her aý kartdan pul alyp ýatyr.

Näme etmeli? Wagtal-wagtal bank kartyňyzyň hasabatyna seredip, ähli yzygiderli tölegleri barlaň. Soňky aýda ulanmadyk hyzmatyňyzy ýatyryň. Käbir hyzmatlaryň mugt görnüşi hem bar.

Aýda tygşytlanan kiçijik şaý hem ýyllaryň dowamynda ep-esli puldur. Bu uly baýlyk däl. Iň esasy zat bolsa, puluňyzyň ussasy siz bolarsyňyz.


Durmuşymyzda bolup geçýän köp zatlary üýtgedip bilmeýäris. Emma puly nirä we nähili sowjakdygymyz hemişe özümiz saýlap bilýäris. Çykdajy - doly öz elimizdäki ýeke-täk zatdyr.

Gowy ýaşamak üçin puluň gadyryny bilmek gerek. Ata-babalarymyz ýöne ýere “Dama-dama köl bolar” diýmändir.