Öňki telewizor pultlaryny ýadyňyza salyň. Şol uzyn, gara, doly knopkaly pultlary. Üstünde 40–50 knopka bar, olaryň ýarysynyň näme edýänini pultuň özem bilenokdy. "PIP", "A/B", "S.MODE", "TTX"… Basyp görýäň, ekranda bir zat çykýar, gorkup yzyna basýaň, has beteri çykýar. Ahyrynda telewizory öçürip, täzeden açýaň - iň gowy çözüm şu bolýar.

Meniň özümä şeýledim. Siz hem şeýlediňiz.

Indi bir zady göz öňüne getiriň: şol pulty garry ataňyza ýa-da ejeňize bermeli. Düşündirmeli bolýaň: "Şu knopka kanaly geçirýär, şu ses peseldýär, şuňa degme, şuňa hem degme, şuňa asla basaýma". Bäş minutdan soň ikiňizem ýadaýaňyz. Olara kyn gelýär - bir topar knopkanyň arasynda "gerekli" knopkany tapmak, samandan iňňe gözlän ýaly.

Aslynda çözüm bardy. Käbir öndürijiler pultuň ýokarsyna diňe esasy knopkalary goýup, galanyny plastik gapagyň astynda gizleýärdi. Ýa-da ýönekeýje "garrylar üçin pult" - 6 knopka: aç/öçür, kanal ýokary-aşak, ses ýokary-aşak. Bolany. Şol pultlary hiç kime düşündirmek gerek däldi.

Ýa-da özüm şeýleräk pult ýasaýadym:

Bärde tehniki ýalňyşlyk ýok. Bärde UX ýalňyşlygy bar - ulanyjy tejribesindäki ýalňyşlyk. Pult ähli funksiýany berýär, ýöne ulanyjynyň hakykatda gerek zadyny tapmagyna päsgel berýär.

Hikiň kanuny — bir setirde

Karar bermek üçin gerek bolan wagt, wariantlaryň sany köp bolmagy we çylşyrymlylygy bilen artýar.

Bu kanun 1952-nji ýylda iki psiholog - William Hick we Ray Hyman - tarapyndan açyldy. Olar adamlara dürli sanda signal görkezip, reaksiýa wagtyny ölçäpdirler. Netije ýönekeý: näçe köp warianty berseň, adamyň beýnisi olary okamaga, deňeşdirmäge we saýlamaga şonça köp wagt sarp edýär.

Ýagny pultdaky 48 knopka diňe estetiki mesele däl - her bir artykmaç knopka ulanyjynyň kellesinde goşmaça "iş".

Bu produktlarda nähili görünýär?

Bir websaýt ýa-da mobil applikasiýa ýasaýaňyz. Ulanyja näçe köp saýlaw berseňiz, onuň karar bermegi şonça-da kynlaşýar. Saýlaw köp bolsa:

karar bermek üçin wagt köpelýär,

ulanyjy ýadaýar we "soň gararyn" diýip çykýar,

ýa-da ulanyşyň ortasynda taşlap gidýär.

Ýönekeý formula: produktdaky funksiýalaryň sany — ulanyjynyň sarp edýän wagtyna göni proporsional. Dizaýnerler bu ýerde ýene bir zady goşýarlar: her bir goşulan funksiýa ulanyja dälde, köplenç dizaýnere "gowy görünýär".

Gymmat magazinler bu kanuny eýýäm bilýär

Üns beren bolsaňyz, gymmat brend egin-eşik magazinlerinde harytlaryň sany az bolýar. Bir stellažda üç köýnek, ýanynda bir kurtka, şonuň bilen gutardy. Bazarda bolsa müň sany köýnek — hemmesi biri-birine meňzeş, hemmesi "iň gowusy". Netije? Bazarda iki sagat aýlanyp, hiç zat almän gaýdýaň. Magazinde bäş minutda karara gelýäň (jübiň rugsat berse).

Gymmat restoranlar hem şeýle. Menýuda barmak basyp sanap bolýan nahar bar - bäş-alty sany. Arzan kafede bolsa menýusy kitap ýaly galyň, ofisiant üç gezek gelip gidýär, siz henizem "5 minut maý beräý".

Maksat bir: ýönekeý ulanyjy üçin saýlamagy aňsatlaşdyrmak - harydy geçirmek, serwisi ulandyrmak.

Dünýädäki mysallar

Google-yň baş sahypasy. Ekranda bir logo, bir gözleg setiri, iki knopka. Bolany. Google-yň ýüzlerçe serwisi bar, ýöne baş sahypada olaryň hiç birini görkezenoklar. Sebäbi siz ol ýere gözlemäge gelýäňiz, başga zada däl.

Apple TV-niň pulty. Ýokarda gürrüň eden pultymyzyň tersi. Birnäçe knopka, galan hemme çylşyrymlylyk telewizoryň ekranyndaky menýuda. Pult ýatda saklamagy talap etmeýär — ekran ýol görkezýär.

Netije

Çykarýan produktymyzdaky dizaýn boldugyça ýönekeý, ulanyşly we bir meseläni çözüp biljek şekilde bolmaly. Ulanyja hemme zady bermek — hiç zat bermek bilen deň. Sebäbi ol hemme zadyň içinden gerek zadyny tapyp bilmese, netije şol bir — telewizory öçürip täzeden açmak.

Indiki gezek produktyňyza täze bir knopka goşmakçy bolaňyzda, özüňize bir sorag beriň: "Şuny ataňyza düşündirip bilerdimmi?" Jogap "ýok" bolsa — belki ol knopka gapagyň astynda galmaly.

Çeşme: Laws of UX — Hick's Law