Şol birwagtda antiki, nusgawy hem-de molekulýar aşhana degişli bolan “Döredijilik adamy” tagamynyň :-) resepti:

(Gadymy Rim Imperatory Geptowian Dekabryň baş aşpezi Tapbatçymus Satirikoniý Marysellin Ýepbekçiondan)

 

1.   Bir çümmük zehin;

2.   Kyrk gadak zähmet;

3.   Kyrk gadak tutanýerlilik, onuňam: «barypýatan keçjallyk» diýilýän, tapylgysyz, defisit sortundan;

4.   Üç gadak çüwegenlik, onuňam «Ylahy serpaý» kärhanasynda öndürilen «maňlaýlylyk» görnüşinden;

5.   Üç gadak hyjuw;

6.   Üç ýarty gadagam ruhubelentlik, onuňam näçe ursaňam barybir dikelýän, ýaman zandyýaman hilisinden;

7.   Başga-da haýsam bolsa bir möçberlerde nähilidir bir zatlar...

 

Bolany.

Hemmesini birden ýüzlük gazana atýaň.

Agyr toýlarda palaw bişirilýän kepgir bilen garyşdyrýaň.

Soň pessejik otda, içini ýaka-ýaka, gaýnadýaň.

Haýaljak, ysgynsyz alawda, öz-özünden içjagazy-bagyrjygy tütäpler, jyzyr-jyzyr, bygyr-bygyr gaýnap bişýärem welin, ýarym kaşyk dadyp görýäň-de, ýene «şory» ýetmedik bolsa, çärýek çümmük zehin sepeläp, garyşdyrýaň.

«Bula-bula ber gula» – goýýaň, jalkyldadyp, eliň tersi bilen, isleýäniň (aňyrsy alýan mädesi iri, nähili ýuwundy goýsaňam symyşlap ýatan, hörek dannamaz horanyň) öňünde!

«Myhmanyň öňünde aş goý, iki elinem boş goý» diýleni (Hatda, çemçe-de berme! Belaň sapyny iýsin! Goý, öňünde goýlan çorbany içip bilmän, gultuna-gultuna, öz sülekeýine düwnüp, gelşi ýaly öýüne aç gaýtsyn, ýerler çeken! Kim, oňa çagyrylmadyk halyňa, ýüzüň pisini aşyrdyp gel, diýdi, şu ýana?!).

Alyň onda, noş bolsun!

 

Pst-äniň öwezine bolsa, täpbe-täzeje aforizm:

“Dünýäde näçe aşpez bolsa, şonça-da kelesaňlyk bar” :-(.

 

© Tapbatçy Ýepbekçiýew