Lebap tarapda kän gaýtalanýan bir nakyl bar: "Bela gelse, ýeke gelmez".
Çagakam muňa ynanmaýardym. Bela näme üçin topar bolup gelmeli?
Ulalamsoň düşündüm. Gyssanýan günüň ähli çyralar gyzyl ýanýar. Möhüm duşuşyga barýarkaň köýnegiňe çaý döküler, telefonyň hut gerek wagty zarýady çöker. Nakyly degişme üçin aýtmandyrlar.
Zak Kregger bolsa şu nakyldan 90 minutlyk film düşüripdir. Özem gorkunç, hem gülkünç film.

Belet film-de täze “Resident Evil” görkezilýär. Režissýory «Barbar» (rus. Варвар) we «Ýaraglar» (рус. Орудия) filmlerini düşüren Zak Kregger.
Men Kreggeriň işlerini halaýaryn. Ol gorkyny psihologik basyşdan gurýar, iň dartgynly ýerde bolsa prikol tigirläp göýberýän pursady hem bolýar. Şonuň üçin bu filme uly umyt bilen bardym.
Franşizanyň kinoda bagty ýokdy. Milla Ýowowiçli ilkinji film iň gowusy bolup galdy. Soňky bölümler barha gowşady. Iki gezek täzeden başlamak synanyşygy hem şowsuz boldy.
Sebäbi franşiza hemişe iki tomaşaçynyň birini saýlaýardy: ýa oýnuň janköýerlerini, ýa-da adaty tomaşaçyny. Birine ýaranjak bolsa, beýlekisini ýitirýärdi. Kregger bolsa ikisine-de ýarar ýaly film düşürdi.
Munuň esasy sebäbi baş gahryman.
Baş gahryman Braýan ýörite harby agent hem däl, alym hem. Ol adaty kurýer. Gar tupanly bir gije Rakkun-Sitiniň hassahanasyna posylka äkidip barýar. Ýolda birden peýda bolan zenany ulagy bilen süsýär we ony ulagyna mündürýär. Ähli zat şondan başlanýar.
Braýan näme bilen çaknyşandygyny bilenok, biz hem bilemizok. Şonuň üçin oňa has köp duýgudaşlyk edýäris.
Onuň hiç hili tejribesi ýok, her ädiminde bir zat ters gidýär.
Filmiň ýumory hem şundan çykýar. Ýöne Braýan samsyk däl, käte dogry karar hem berýär. Oňa diňe bagty ýatan diýmeli. Bolmaly däl wagt, bolmaly däl ýerde, bolmaly däl işi kabul edýär.
Başga filmiň gahrymany derwezäni ulagy bilen süsüp geçerdi, ilkinji okdan nyşana degerdi. Braýana bolsa hiç zat başartmaýar. Özi-de muny gowy bilýär, şonuň üçin gülkünç.
Kregger bu tilsimi öň hem ulanýar, ýöne bu ýerde ony iň soňky derejä ýetiripdir. Şowsuzlyk tötänlik däl, filmiň kanuny. Braýanyň ömründäki ähli betbagtlyk bir gijä ýygnanan ýaly.

Şeýle gahryman iki tomaşaça hem ýaraýar. Oýnyň janköýeri tanyş dünýäni täze göz bilen görýär. Oýuny oýnap görmedik adam bolsa Rakkun-Siti hakda hiç zat bilmese-de, Braýanyň yzyna düşüp gidiberýär.
Käbirleri film oýun bilen baglanyşykly däl diýýär. Hakykatdan-da, oýnuň gahrymanlary Jill, Kris, Leon ýok. Leonyň ady diňe ýarag dükanynyň ýazgysynda bar eken: «Leon S. Kennedy Guns and Ammo».
Ýöne film oýnuň süžetini däl, oýnuň özüni ekrana geçiripdir. Derwezede romb şekilli gulp bar, ony atyp hem, süsüp hem açyp bolmaýar, açar gerek. Diwarda tüpeň asylgy, oky tekçelerden gözlemeli. Otagda ýazuw maşynkasy, taşlanan ulagda meşhur ýaşyl ot. Oýnan adam bularyň ählisni derrew tanaýar.
Kamera hem oýundaky ýaly işleýär: käte Braýanyň gözi bilen görýäris, käte onuň arkasyndan. Filmiň gurluşy bir oýundaky bir tapgyryny geçmek ýaly. Birnäçe nokat bar, her birinde öz «bosy» garaşýar, oňa garşy ýarag tapmaly, ok ýygnamaly.
Duşmanlar hem oýundan alnypdyr. Zombiler, guduzlan itler, birnäçe adamyň bedeni bir-birine ýelmeşip emele gelen jandar we agzyndan kislota pürküýän semiz mutant. Kregger bulara öz elinden hem bir zat goşupdyr: köpüsiniň elleri-aýaklary meduzanyňky ýaly uzyn, ýüregiňi bulaýan gyrmançlara öwrülýär.
Ýöne meni iň haýran galdyran zat, Kreggeriň žanrlar bilen oýnaýşy.
Film gysga, şonuň üçin çalt akýar we käte başdan geçirme filmine meňzeýär. Filimiň bar sýüžeti A nokatdan B nokada barmak. Kregger bolsa onuň içinde bir žanrdan beýlekisine geçýär.
Bir sahnada Braýan köçe bilen ylgap barýar. Bu sahna uruş filmlerindäki ýaly surata alnypdyr: gahryman ylgaýar, arkasynda bolsa bombalar partlaýar. Ýöne bu ýerde bombanyň ornuna zombiler. Olar üçeklerden özlerini taşlaýarlar we Braýanyň arkasynda ýere çalnyp, pytrap gidýärler. Sahna hem gorkunç, hem gülkünç.

Başga bir sahnada bolsa film birden haýallaýar. Iki-üç minutlap gorkunç film däl-de, drama ýaly bolup galýar. Braýan öljekdigine göz ýetirýär. Şol pursat ol durmuşynda özi üçin näme möhüm bolandygy hakda oýlanyp başlaýar. Bu sahna gysga, ýöne tomaşaça hem täsir edýär. Ony gören adam öz durmuşy hakda oýlanman durup bilmeýär.
Şu üýtgeşmeler sebäpli film ýadatmaýar. Uzalyp giden ýeri ýok diýen ýaly.
Ýeri, gorkunçmy?
Hawa.
Kregger birden gorkuzýan pursatlary hem, agyr atmosferany hem ulanýar. Käbir kadrlar ýüregiňi bulaýar. Käbir sahnada bolsa gorkuzýan zat garaşylmadyk skrimer däl, gahrymanyň bermeli karary.
Iň gowy sahnalar garaňkylykda. Kamera garaňky bir ýere seredip, doňup galýar. Hemme ýer dymyşlyk. Diňe Braýanyň ikirjiňlenip aýdýan sözi eşidilýär:
– Hello?
Adaty gorkunç filmde näme boljagyny kameranyň özi duýdurýar. Kreggerde beýle duýduryş ýok. Garaňkylyk gorkuzyp hem biler, güldürip hem, hiç zat etmän hem biler. Her «Hello?» kiçijik rus ruletkasy ýaly.
Kregger žanryň klassiklerinden, Karpenterden, Kronenbergden, Kingden ylham alandygyny gizlänok. Ýöne bu göçürme däl, olara goýlan hormat ýaly duýulýar.
Baş keşbi janlandyran Ostin Abramsy «Ýaraglardan» (rus. Орудия) bäri halaýaryn. Bu ýerde hem baş rolda, hötdesinden hem gelipdir.
Onda kemsiz filmmi?
Ýok. Ahyry gowşakrak. Bu meniň pikrim.
Kregger tutuş film boýy dartgynlygy artdyrýar. Şeýle tizlikden soň ahyry güýçli bolmalydy. Film bolsa birden, sözüň ortasynda kesilen ýaly gutarýar.
Käbir tomaşaçylara şeýle doly aýdylmadyk ahyr ýeterlik bolar. Maňa bolsa ýetmedi. Şonça dartgynlykdan soň güýçli ahyrky sahna garaşýardym.
Ýöne ahyry filmi pozmaýar. Oňa çenli film bir minut hem goýbermeýär. Kregger häzirki wagtda žanryň iň gowy režissýorlarynyň biridigini ýene bir gezek subut etdi.
Bela gelse, ýeke gelmez.
Braýana kän bela geldi. Zombiler, mutantlar, gulply derwezeler...
Ýöne ol ruhdan düşmedi. Herekede bereket, diňe öňe ýöräbermeli.
Menden maslahat alsaňyz, görmäne maslahat berýärin, 7.8/10 bal bererdim.

Teswirler (18)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň