Futbol dünýäsinde soňky günler juda başagaý geçýär. Bir tarapda Mançester Siti bulaşyp ýör, beýle-de Winisius Juniora bir zatlar-a bolupdyr diýilýän gürrüňler (häzirlikçe mesele çözülen ýaly), Kristiano Ronaldo lagerini taşlap gaýtdy, Messi bolsa Argentinanyň ýygyndysyndan uçurym boldy. Beýleki bir tarapdanam, meň pikirimçe, gaty bir köp kişiniň göwni ýetmeýän UEFA Milletler Ligasynyň oýunlary, juda şowly geçdi. Käbir oýunçylar köçe dili bilen aýdylanda, ot açdy. Garaz, futbolyň içindäki adamlara güýmenje kän boldy. Klub futbolynyň oýnalmadyk günlerinde başagaýlygymyz az bolmady.

Ýokarda sanap geçen temalarymdan Kristiano Ronaldony saýlaýan. Aslynda, bu barada ýazyp ýazmazlyk barada kän pikir etdim, ahyry aý bor-la ýazaýyn, ýazmasam 20 ýylyň tejribesine aýyp bolar diýen netijä geldim. Ýogsam tik-tok-da hem doly, her kim bilenjesini okady. Azrak gijrägem bolsa...

Ilki bilen makalanyň 3 tarapy bar. 1-nji tarapy gürrüňsiz baş gahryman Ronaldo, ikinjisi tälimçi Žorže Žeşuş (adyny aýtmak ýeňil däl), 3-njisi, makalanyň soňunda...

Bilýän wakaňyzy aýdyp oturjak däl, ýöne Ronaldonyň şeýle etmegi dogrumy dälmi, esasy sowal şu ýerde. Meniň pikirimçe, islendik bir futbolçy klubuň, milli toparyň dogry däl hem bolsa lagerini terk edip biler. Ýöne etika hem-de professionalizme ters hereket etdigi bolar. Şonuň üçinem onuň jerimesi bolmaly, muňa Ronaldonyň özi hem razy. Mysal üçin, oýnuň düzgünini bozmak gadagan, bozsaň sary ýa-da gyzyl kart alarsyň. Bulam belli bir derejede şoňa meňzeşräk hereket.

Aslynda näme üçin lageri terk etdi? Ronaldo öz EGO-sy sebäpli lageri taşlap gaýtdy. Ýogsam onuň lageri terk etmek bilen baglanyşykly bir sözi hem bardy. 2011-nji ýylda Rikardo Karwalýo hem milli toparyň lagerini terk edipdi. Şonda Ronaldo oňa garşylyk görkezýän sözleri aýdypdy (Hiç kim milli topardan uly bolmaly däl, ýene bir zat...). Şu ego sözüniň belki gönümel türkmençesi bolman biler (bar hem bolsa men bilemok), ýöne ulumsylyk, hondanbärisi bolmak, göwnüýetmezçilik diýen manylary bar. Gaýtman, iň bolmanda, bolýalaý diýip, galan oýunlar tamamlansnsoň, entek soň düşünişeris diýip bilerdi. Ýöne ony etmedi. Maňa wada berildi, metbugat ýygnagynda Žežuş öz ýalňyşym, meň günäm, şuny-muny diýmelidi, ýöne olaryň hiç birini diýmedi diýýär. Meniň pikirimçe, şol gürrüňleriň bolmagyny özi samsyklyk. Oýnadylmany üçin ötünç soralsa, onda beýleki oýunçylar, olar näme etmeli?

Ronaldo şu gezekki milli ýygyndylaryň duşuşygyndan öň meni tälimçi oýnatsa, oýnaryn, oýnatmasa-da, oturaryn diýip beýanat beripdi. Ýöne Ronaldo umuman soňky ýyllarda köplenç şu beren beýanatyna ters hereketler edip gezdi. Islendik duşuşykda ony oýundan çykarmak tälimçiler üçin bir aýratyn eziýet boldy, bolmagyny hem dowam edýär. Ýaş 41, fewralda 42 ýaşaýar. Dünýä Kubogynda oýundan alnanda, ýüzüni sallap, gaharly meýdançany terk etdi ýa-da SPL-de AL-Nassrda Postekoglu ony oýundan çykaranda-da şoňa meňzeş hereketleri az bolmady. Indi Ronaldo ozalkylar ýaly islän ýerinden depip, böküp, süsüp, dikbaşşak gol salmak ýeňil düşenok, düşmezem. Dogry Al-Nassrda soňky 2 oýunda tapawutlandy. Şonda-da oňa öňküler ýaly gol salmak ýeňil düşüp baranok.

Aslynda, Ronaldo şowsuz geçen Dünýä Kubogyndan soň milli topar bilen hoşlaşjakdy. Ýöne ýurduň futbol federasiýasy, täze tälimçi Žežuş gürrüňlere görä, ýalbar-ýakar edip, oýunçyny milli topardaky karýerasyny dowam etdirmäge yrdylar. Edil ähli oýunda bolmasa-da, käbir duşuşyklarda oýnamak şerti bilen.

Ýene-de bir zat, olam pul. Ähli zadyň baş roluny ýerine ýetiriji pul, şu ýerde-de özüniň missiýasyny doly berjaý etdi. Ronaldonyň taşlamagy diýmek, käbir mahabatlaryň hemaýatkärligini taşlamagy, janköýerleriň sanynyň azalmagy diýmekdir (Iru-giç goýmal-a bolar, şonda näderlerkä?).

Indi, ähli zatda Ronaldony dogry hasaplaýan Ronaldoçylar (olaryň käbirlerine gep düşündirmek juda kyn, ne hakykaty diňleýärler, ne-de beýlekini, şol Ronaldo diýip ýatyrlar, pul üçin oýnanok diýýärler, ony diýýärler, muny diýýärler...) Portugaliýany “adam eden” Ronaldo diýýärler. Dogry, Portugaliýanyň ýygyndysynda ondan öňki we soňky sanlaryň, statistikalaryň arasynda ýer bilen asmanyň arasyndaky ýaly tapawut bar. Ony inkär edýän ýok. Eger Ronaldo şeýle hereketler edip, şeýle ajaýyp karýeranyň soňuny oňarmadygy bolar. Türkmende bir söz bar-a. Sygryň guýrugynda pyçak döwmek. Häzirlikçe döwlen zat ýok ýaly, pyjagyň sapynyň bir tarapy gowşady diýeli.

Ronaldosyz Portugaliýa şowsuz bolar diýmek hem dogry däl. Eýýäm onsuz 3 oýunda ýeňiş gazandy. Portugaliýanyň ýygyndysy PSŽ-ni, iňlis klublarynyň käbirlerini ekläp oturan topar.

2-nji bir tarapy diýipdim. Olam tälimçi Žorže Žežuş. Ussat tälimçi Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda klub türgenleşdirip görmedi. Portugaliýada, Braziliýada, Saud Arabystanynda gazanan başarnyklary bar. Al-Nassr bilen Aşgabada gelende, metbugat konferensiýasynda menem bardym. Şonda edil salamlaşyp, sowal bermesemem, tälimçiniň azda-kände ego-synyň bardygynyň duýgusy mende oýanypdy. Tälimçiniň özüne mahsus (her tälimçide-de bar) düzgünjikleri, ýörelgejikleri bolýar. Şolaryň biri onuň gözünde islendik ýyldyz, super ýyldyz, tapawudy ýok, meýdança gireninden soň bary deňleşýär. Ol özüniň işine hiç kimiň goşulmaly däldigini aýdýar (Professional futbol dünýäsinde ýagdaý şeýle, şowsuz bolsaň onsuzam ugradýarlar). Şu ýerde bir wakany ýatlatmakçy. 2008-nji ýylda Ýewropa çempionatynda Luis Aragones Ispaniýanyň ýygyndysyna şol wagtlaryň iň uly ýyldyzy Rauly almandy. Çempionatdan öň hemmeler ony ýazgardy, sen iň esasy oýunçyny alaňok diýip. Netijede, Ispaniýa çempionlyk gazandy we şol ýazgaranlaryň hemmesi dymdy. Tälimçiniň işine goşulyşylan ýagdaýynda köp zat bulaşyp başlaýar.

Soňky wakada meniň pikirimçe, Žežuşyň iň uly ýalňyşlygy, Ronaldo söz bermegi, sözünde durmazlygy däl. Milli toparda söz-möz diýilýän zat bolmaly dälmikä diýýärin. Öz taktikaňa gabat gelýän oýunçylaryň soňky oýunlaryna seredip, olary bir ýere jemläp oýnatmak. Oňa-muňa söz berip, milli topar düzülmeýär.

Bir tarapdan seredeniňde, Žežuş mundan öňki tälimçiniň Martinesiň ýalňyşlygyny gaýtalamak islemedi. Ýagny oýun taktikasyny Ronaldonyň üstünden ýöretmedi. Onsuzam 41 ýaşyndaky biri bir toparyň merkezinde bolmasa gowy bolarmyka diýýärin. Beýleki oýunçylara orun berenini kem görmedi. Ol aslynda Ronaldodanam peýdalanmak isleýärdi. Käbir oýunda esasy düzümde oýnadyp, käbir oýunda hiç hili oýnatman, käbirinde-de soňky minutlarda, belki 2-nji ýarymda oýna almak isleýärdi.

Şu ýerde Portugaliýanyň futbol federasiýasy Žežuşy wezipä belläp, gowy iş etdi. Öňki ýalňyşyny gaýtalamady. Ýogsam Portugaliýanyň ýygyndysy şonça ýyldyz oýunçylarynyň bardygyna garamazdan, yzly-yzyna Dünýä Kubogy ýaryşlaryny şowly tamamlap bilmedi. Martinese derek başgasy bolan bolsady, has başgaçarak bolup bilerdi. Häzirem toparda ýokarda-da belleýşim ýaly, gowy ýyldyz oýunçylar bar. Şolar bilen Žežuşyň bir zatlary başarmagy mümkin.

Meseläniň 3-nji tarapy – Lionel Messi. Näme baglanyşygy bar diýmegiňiz mümkin. Ronaldonyň Messi bilen ýa-da Messiniň Ronaldo bilen baglanyşyksyz meselesi barmy näme?! (Ähli zatda deňeşdirlýän bu iki super ýyldyz soňky 15-20 ýylyň dowamynda tutuş futbol älemini, ähli janköýerleri diýen ýaly ikä böld-ä). Hemişe ikisi deňeşdirilýän super ýyldyzlaryň biri milli toparyň lagerini terk etdi, beýlekisi bolsa, milli topardaky karýerasyny hemmeleri agladyp, gynandyryp tamamlady.

Aslynda ikisi-de Dünýä Kubogyndan soň milli toparlaryna soňky nokady goýmalydylar, jemleýji duşuşyklaryny bile geçirmelidiler. Sponsorlar, menejerler, teleýaýlymlar – bilemok pikir etse, edendirler, ýöne şeýle bolsa gowy bolardy. Portugaliýa – Argentina ýa-da Argentina – Portugaliýa duşuşygy, Wembley-de, Camp Nou-da, Bernabeu-da, ABŞ-da bir stadionam bolup bilerdi, tapawudy niresi bolsa-da, ýer şaryndaky 8 milliard bolmasa-da, 7 milliard adam tomaşa ederdi şol oýnam ähli kanal göni efirde bererdi. Ýöne bu bolmady. Mahlasy, Messi milli karýerasyny sanlarda Ronaldodan pes hem bolsa, kuboklarda öňde tamamlady.

Makalany jemlesek, Ronaldo entek milli topardaky çykyşymy tamamlamadym diýýär. Ýöne Žežuş bar bolsa geljek däl (internetiň ýalançysy) diýýän gürrüňlerem eşidilýär. Milli toparyň lagerini terk edeni üçin ujypsyzja jerimelere-de sezewar edilen ýaly. Umuman Ronaldo şeýle etmek bilen onuň edil ölemen janköýerleriniň däl-de, meniň ýaly, “abyçny” gowy görýänlerde azajyk simpatiýasyny ýitirdi diýmäýin, azaltdy. Bu edil şu Dünýä Kubogy döwründe Argentina, az-owlak hem bolsa Messä (juda az ýöne) bolan simpatiýanyň çalaja azalyşy ýaly. Ýöne soňlugy bilen, Messi ýene-de öňküsi ýaly boldy. Belki Ronaldo hem şol azalan ýa-da sarsgyn dörän simpatiýany yzyna toplar diýen umytlar bilen...

(Bu platformadaky gönümel manydaky ilkinji ýazgym. Säwlikler bolan bolsa, ötünjimi kabul ediň...)

The HSJ