Bilşimiz ýaly, Soltan Sanjar (1086-1157) kyrk ýyla golaý Beýik Seljuklar Döwletine soltanlyk etdi. Soltan Sanjar dogduk mekany Merwde jaýlanýar. Soltan Sanjaryň kümmeti Merwiň we tutuş gündogaryň iň nepis binalarynyň biri hasaplanýar.

Bu gün size ilki gündogar halklarynda, soň bolsa tutuş dünýäde meşhur bolan “Soltan Sanjar we garry ene” atly rowaýat; şeýle-de şol rowaýat esasynda dört asyr soň çekilen (XVI asyra degişli) minýatura suraty barada kelam agyz ýazmagy makul bildim.

Il içinde meşhur bolan rowaýata görä, günlerden bir gün, soltan Sanjar öz ýanyndaky ýasawullary bilen awa-şikara çykypdyr. Yolugra bir garryja ene onuň ýanyna gelip, soltana arzyny ýetiripdir. Garry ene soltana, özüniň dul galandygny, dört çagasy bilen ýekeje eklenjiniň elindäki sygrydygny aýdypdyr. Ol soltanyň goşunynda gulluk edýän käbir esgerleriň sygyrlary awlaýandygy baradaky şikaýatyny ýetiripdir. Ol eger-de ýeke eklenç çeşmesi bolan sygryny esgerler awlasa, onda dört çagasy bilen juda kyn ýagdaýa düşjekdigi barada soltana aýdypdyr. Soltan Sanjar, garry enäniň arzyny diňländen soň, ýanyndaky ýasawullaryna buýruk berip, esgerleriň sygyrlary awlamagynyň öňüni alypdyr.

Bu meşhur rowaýatyň üsti bilen adalatlylyk, mätäçlere ýardam etmeklik, şeýle-de adamyň diňe ýagşylyk edip, ýalkanjakdygy ündelýär.

Azerbaýjanyň milli şahyry Nyzamy Genjewi (1141-1209) bu rowaýat barada bäş sany uly göwrümli goşgysyny özünde jemleýän “Hamsa” (Bäşleme) atly eserinde ýazypdyr. Şahyr Nyzamy Genjewiň Soltan Sanjar we garry ene baradaky rowaýaty 1175-nji ýylda goşgy formasyna geçirendigi çaklanýar. Şahyryň “Hamsa” atly uly göwrümli eserinde söýgi, ahlak, pelsepe, şalyk, adalatlylyk, we adam gatnaşyklary barada gürrüň açylýar.

On altynjy asyrda Nyzamy Genjewiň “Hamsa” eseriniň bir golýazmasy Safawitler Döwletiniň şol wagtky hökümdary Tahmaspa (hökümdarlyk eden döwri: 1524-76) sowgat edilýär. Şeýle-de şol golýazma eseriniň üsti köşkdäki döwrüň iň ussat suratkeşleriniň gatnaşmagynda on dört sany minýatura surat bilen ýetirilýär.

16-njy asyrda şah Tahmasp üçin taýýarlanan golýazmadaky “Soltan Sanjar we garry ene” rowaýatyny beýan edýän şol minýatura häzirki wagtda Londondaky Britan Kitaphanasynda (The British Library) saklanýar. Britan Kitaphanasynyň maglumatyna görä, bu minýatura 1880-nji ýylda satyn alnyp, Eýranyň Töwriz şäherinden Britan Kitaphanasyna getirlipdir.

Londonda ýerleşýän meşhur Britan Kitaphanasyna her ýylda bir milliondan gowrak adamyň gelýändigi aýdylýar. Kitaphanada beýleki birnäçe golýazma kitaplary bilen bir hatarda bu meşhur minýatura hem gelen myhmanlaryň ünsüni çekýär.

Geçen ýyl Londona gidemde, Britan Kitaphanasynda saklanýan bu meşhur "Soltan Sanjar we garry ene" minýaturasyny ýakyndan synladym. Ine, size aşakdaky şol minýaturaň suratyny ýetirýärin.

 

Awtoryň belligi: "Soltan Sanjar we garry ene" minýaturasy; ýerleşýän ýeri: Britan Kitaphanasy (London ş.); minýatura XVI asyrynyň ortalaryna degişli. (Surata düşüren: Beýannama)

 

Milli taryhymyzyň iň şöhratly döwürleriniň birinde Beýik Seljuklar Döwletiniň hökümdary bolan Soltan Sanjar baradaky bu meşhur rowaýaty; bu rowaýatyň üsti bilen ündelýän beýik adamkärçilik häsiýetleri we rowaýat esasynda çekilen minýatura barada bilmeklik türkmen hökmünde her birimiz üçin gyzykly bolsa.

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.