Guldurdy SÄHETDURDYÝEW

 

Miwe dünýä inmezden öň ýaýdanyp,

Gül uzadýar — galgadýar ak baýdagyn.

Aman-nurbat dileýär ol, bilýän deý,

Düwüp, bişenden soň düşjek ýagdaýyn.

***

Ýa-ha serhoş çagy, içende aýdar.

Ýa üstünden kän ýyl geçende aýdar.

Adam özüne-de iň çyn sözüni,

Çola ýerde, onam içinden aýdar.

***

Hemme zady san ölçänok, haýk, dur!

Köpüň bire döz gelmese, haýpdyr.

Biriň köpe öwrülmegne halk diýme,

Köpüň bire öwrülmegi halkdyr!

***

 Akyl-a satjak däl, ýöne göwnüme,

«Tentek!» diýip, dürtseň, ogluň böwrüne,

Tentek bakar. Eger diýseň: «Inerim!»,

Onda saňa tarap iner öwrüler.

***

Akmagy urma-da, sögme-de, gürlet,

Degme, ýaňrabersin, gaçýança gurbat.

Özüniň kimligin aýdyp duuur, onsoň,

Hökmanmy nä saňa gaýtalap durmak?!

***

Golumyzy ýokarlygna gersek-dä,

Guragyry aýrylaýýar tirsekde.

Gutulaýjak eken düýp-teýkaryndan,

Maslahata gatnaşaýsak, bir hepde.

***

Äri är edýän diýip, buýrup otyrmyň?

«Gaýtalarmyň?» diýip, burup otyrmyň?

 El-aýagmy owkalaýaň, mynçgaýaň,

Ýa meni täzeden ýugrup otyrmyň?

***

«Akgaňlary diňle, bak, inerim meň,

Pylankes lakamyn dakynaryn men!

Biri bir zat diýse, meň adym ber-äý,

Özüme täze at tapynaryn men».

***

Dik depämde alma goýsam, eger-de,

Ýere gaçar, müjgän okuň deger-de.

Nädip, görüp, urup ýörsüň, eý, dildar,

Yşk almasyn gizläpdim-le jigerde?

***

Bilýäňizmi, duşdy maňa kim şu gün

Ýary gördüm, göge tutdy tumşugyn,

Sataşdyrman, hak edipsiň, Biribar,

Ýüz paý gowy, öz häzirki oňşugym.

 

Guldurdy SÄHETDURDYÝEW