Hemra ŞIROW
Körpe jigim!
Özüň oka!
Özüň reňkle!
Özüň ýaz!
Tapmaçalary özüň çöz!
Ýüwrüp bilýär örän oňat,
Haýsy haýwan?...
Suwda ýaşap, sürýär şalyk,
Haýsy haýwan?...
Aňsat däl çaý içäýmek,
Eger bolmasa...
Saç daramaga
Aýt, näme gerek?...
Aňňyryp ýürege düşek
Haýsy haýwan?...
Ýagyşdan soňra çykyp daşary,
Synlaýas täsin...
Janköýerler gygyrýar «Gol!»
Ýaryşyp, oýnalsa...Zähresini ýarýar köpleň
Elhenç «arlap»...Uklamaga goýman biraz,
Ir bilen oýarýar...Möjek bilen ömürlik jet,
Haýsy haýwan?...«Däne berip, meni tije»
Diýýär owadanja...Dur hemmeleriň üstünden garap,
Haýsy haýwan?...Eli çeper ejemiň
Tarypyn eşde-eşde,
Gelýärler ýakasyna
Gaýatmak üçin...Nowruz gelse biziň ile,
Gyzlar üýşüp kakýar...Towşan tutup bilse, iýjek,
Haýsy haýwan?...Içinde süýji däneleri bar,
Haýsy miwe?...Başlanok menden ýekeje söz hem,
Ynanmasaňyz, gözläýiň siz hem!...Ot ýakýarys emgenmän köp,
Çakaga-da...Ýelegi akja gar dek,
Ýüzüp ýör kölde...Haýsy haýwan iň äpet,
Iň güýçli, adyny bil?...Ojar-sazaklar öý dek-depe dek,
Ol çöllük ýeriň ady...Gözleriňe gidirmän,
Bilipjik abyn-tabyn,
Ýuwsaň eliň-ýüzüňi,
Tämizläp berýär...Bu gün şäherde baýramçylyk bar,
Gaýyp ýör gökde dürli reňkli...Söýýäni terje käşirdir, ýowşan,
Haýsy haýwan ol?...Ýapmak üçin nan
Iň zerur zat...Monjuga meňzeş
Turşumtyl, delje
Miwäniň ady...Tapmakçy bolsaň
Durmuşda bagty.
Tygşytly tutup
Bilmeli...Gije güýçli gar ýagyp,
Dumly-duşy örtdi tiz.
Ertir turup seretsek,
Garyň ýüzi dürli...Gije gökde ýyldyr-ýyldyr
Şugla saçýar sansyz...Hiç haçan görmez rehnet,
Çekmedik adam...
Hemra ŞIR.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň