Küýseglerim ýelim boldy ýürege,
Gam-gussaň agramy ýetmeýän ýaly.
Her gün ýene çüý kakylýar garaga,
Kejir gije taýyp ötmeýän ýaly.
*. *. *
Säher çagy şapak bilen görüşýän,
Şemal bilen ýollan posaň alnymda.
Guşlar bilen deň-degişip gülüşýän,
Şol pursatda şatlyk joşýar janymda.
* *. *
Garaşmagam söýmek kimin lezzetli,
Geljegine umyt, ynamyň barka.
Barlygyň hem bütin dünýä gymmatly,
Wepasyna sadyk, ýanyňa ýarka.
* *. *
Gözlerim — öz öýüň, bilýänsiň belki,
Şükür, maňlaýyma gelipsiň gabat!
Ýüregim ýönekeý syna däl çünki —
Ol seniň adyňy tekrarlan sagat.
@Läle Saparowa
Noýabr 14.2026. 16:21
Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.