Uýalarynyň ýugran hynasyny ýatmazyndan öň aýalaryna çalyp, köne joraplaryny ellik ýaly geýenlerinden soň, Pynar bilen Kader düşege girdiler. Az salymdan Säherem gelip, ýerde düşek ýazynyp ýatan jigileriniň ýanyna geçdi. Baýram säherine oýanjakdyklaryny pikirlenip, begençden ýaňa gözlerine uky gelmeýärdi.
Pynar täze köýnegini göz öňüne getirmekden ýaňa, wagty bilen köşeşmedi. Oňa ilkinji sapar täze köýnek alnypdy. Şu wagta çenli hemişe Kaderiň kiçelen köýneklerini geýmäge mejburdy. Özüni täze köýnegini geýilgi göz öňüne getirdigiçe, begenjinden guş bolup uçaýjaga dönýärdi.
Kadera-da baýramçylyk sowgady hökmünde täze köwüş alnypdy. Onuň begenji-de Pynaryňkydan peslär ýaly däldi. Gijäň ýarysyna çenli ýorganyň aşagynda kikirdeşip ýatdylar. Uýalary Säheriň käýemesine-de üns bermediler. Aslynda, uýalarynyň özlerine ýalandan käýýeýändigini bilýärdiler. Sebäbi uýasy olara dözmeýärdi. Ahyrynda, ikisem ýadawlykdan usurgap, uýalaryny gujaklap uklap galdylar.
Emma Säheriň ukusyny gaçyrýan başga zatdy. Ol Haýriniň süýjülikler dükanynda duşuşmak teklibini kabul edipdi. Haýri bilen bir tikinçilik ussahanasynda işleýärdiler. Arafa güni bolandygy sebäpli, ýarym gün işläpdiler. Ussahanadan çykanda, Haýri onuň ýanyna golaýlap, çekine-çekine duşuşmagy teklip edipdi. Aslynda, Säher bu teklibe köpden bäri garaşýardy. Olar ençeme wagt bäri ussahanada biri-birine ogrynça bakyşyp ýördüler. Iş ýerinde olar hakda gep-gürrüňlerem ýaýrap başlapdy. Ussahanada beýle zatlar hiç kimiň gözünden sypmazdy.
Säherem durmuşa çykmaly ýaşynyň geçip barýandygyny pikir edýärdi. Ýigrimi iki ýaşyndady. Indi öýde ýeke galma gorkusy basmarlap ugrapdy. Onuň deň-duşlary on sekiz ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykarylyp, eýýäm çaga-çugalary bilen başagaý bolup ýördüler. Dogrusy, Sähere-de birki gezek sawçy gelipdi, ýöne ol razy bolmandy. Ine, Haýrini bolsa sulhy alypdy. Boýy uzyn, tolkun atyp duran saçlary, erinlek dodaklary bilen Haýri görmegeý ýigitleriň hataryna goşulyp biljekdi. Olar sekiz aýa golaý wagt bäri bir ýerde bile işleýärdiler. Aslynda, özi bu ussahanada dört ýyldan bäri işçidi. Haýri bolsa harby gullugyny tamamlanyndan soň, bu ýere işe durupdy.
Ýakymly başagaýlygyň öýde döreden galmagaly bilen olar irgözinden oýandylar. Säheriň kakasy Gani, özünden üç ýaş uly agasy Hadi we on bäş ýaşly jigisi Engin baýram namazyna gitmek üçin öýden çykdylar. Olar gidenlerinden soň, Pynar bilen Kader ellerindäki gurap galan hynany ýuwmak üçin elýuwara ylgadylar. Baýram säheriniň berýän joşgunyndan başga hiç zat bu kiçijik çagalary daňdan şeýle hujywly hem şadyýan edip bilmez. Säher elindäki hynany ýuwup aýranyndan soň, jigilerine kömek etdi. Hynalaryny gowy edip ýuwdular. Ikisiniňem elleri nar ýaly gyzarypdy.
Uýalary Säher olaryň kiçijek aýajyklaryny gaýta-gaýta ogşady. Ejesi Soltan bolsa eýýäm aşhana girip, ertirlik taýýarlamaga başlapdy. Erkekler metjitden dolanyp gelenlerinde ertirlik taýýar bolmalydy. Säher ejesine kömek etmek üçin aşhana barýarka, kiçijiklerem baýramçylyk eşiklerini geýmek üçin otaga ylgadylar. Iki aýry otaga ýazylan düşekler dessine ýygnalyp, saçakda ertirlik taýýarlanyldy.
Baýram günlerinden başga wagtda maşgala bolup hiç haçan bilelikde ertirlik edinmezdiler. Erkekler metjitden dolanyp gelenlerinden soň, ilki bilen hemmeler biri-biri bilen baýramlaryny gutlaşdylar. Soltan eje bilen birlikde hemmeler kakalarynyň elini öpdüler. Kakalary bolsa diňe Pynar bilen Kaderi gujaklap ogşandan soň, olara baýramçylyk pullaryny berdi. Soňra çagalaryň ählisi ejeleriniň elini öpende, Soltan eje çagalarynyň hemmesini uzak wagtlap gujaklap, mähir bilen ogşady. Doganlaram biri-birini ogşap, baýram bilen gutladylar.
Pynar bilen Kader uly agalary Hadidenem baýramlyk pullaryny almagy başardylar. Säherem jigisi Enginiň gaharlanýandygyny bilse-de, ony gujaklap, uzak wagtlap ogşady. Adatça, Engin goh turzup, kyýamat goparardy. Ýöne bu gün baýramdy, üstesine-de, ony gujaklap ogşaýan uýasy Säherdi. Ol uýasyny juda eý görýärdi, uýasam oňa aýratyn mähir bildirýärdi, hemişe onuň aladasyny edip, daşynda pelesaň kakýardy.
Säher gapjygyndan pul çykaryp, Enginiň baýramçylyk sowgadyny uzatdy. Engin ilkibada almak islemedi, ýöne uýasy gaýta-gaýta haýyş edip, elini uzadyp duransoň, ony gujagyna basyp öpdi-de, baýramçylyk paýyny aldy. Bütin maşgala şadyýan söhbetleşip, ertirlik edindiler.
Günortana çenli goňşular bilen özara gelim-gidimli baýramçylyk zyýaratlary tamamlandy. Öýüň erkekleriniň hersi aýratynlykda daşaryk çykdylar. Säheriň Haýri bilen duşuşmagyna ýene üç sagat bardy, ýöne ol henizem daşary çykjakdygyny ejesine aýtmandy. Soltan eje çagalarynyň ählisini gowy görýärdi, ýöne Säheriň onuň kalbyndaky orny aýratyndy. Säher onuň diňe bir gyzy däl, eýsem durmuşynda ýoldaşy, syryny paýlaşýan ynsany, derdini döküşýän ýakynydy. Ol Sähere beýleki çagalaryna garanda has geçirimlidi. Ol birki ýumuşdan soň, gyzynam ugratdy. Nirä gitjegini soramady, ýöne Säheri ýeterlik tanaýandygy üçin, muny çak edýärdi.
Olar Adana kazyýet binasynyň garşysyndaky konditer dükanynda duşuşdylar. Säher içerik girende, Haýri bir stoluň başynda ýeke özi otyrdy. Ol ýerinden turup, Säheriň elini gysdy. “Hoş geldiň, baýramyň gutly bolsun!” diýdi. Säherem: “Hoş gördük, seniňem baýramyň gutly bolsun!” diýip, sandyraýan sesi bilen jogap berdi.
Säheri heýjanly duýgulardan ýaňa der basdy. Ömründe ilkinji gezek biri bilen duşuşýardy. Näme etjegini, özüni nähili alyp barjagyny asla bilmeýärdi. Onuň durmuşy ýyllarboýy öýden işe, işden öýe gidip gelmekden ybaratdy. Tikinçilik ussahanasyndaky gyzlar käte şeýle zatlary gürrüň berseler-de, muny öz başyňdan geçirmek düýbünden başga zatdy. Bagtyna, Haýri özüni diýseň parahat alyp barýardy. Säheriň ýüregi köşeşýänçä, ondan-mundan gürrüň açdy. Soňra maşgalalary, geçmişleri barada biraz gürrüň etdiler. Gürrüniň dowamynda Säher kem-kemden açylyp, rahatlandy. Hamala Haýri bilen nijeme ýyldyr tanyş ýaly, onuň ýanynda özüni arkaýyn duýdy.
Elbetde, munda Haýriniň täsiri has uly. Ol öz sözleri bilen Säheri göýä jadylap goýana meňzeýär. Daş sypatyndan Haýri şeýle duşuşyklarda has tejribeli. Ýöne munda geň galasy zadam ýok, her niçigem bolsa Haýri ýigit.
Elbetde, onuň başga gyzlar bilenem duşuşan bolmagy ähtimal. Ýöne, esasy zat, onuň häzir özi bilen şeýle ýakymlydan täsirli gürleşmegi. Haýri gürleşen wagty ýüzüni aşak salýardy, Säher bolsa pursatdan peýdalanyp, ony ünsli synlaýardy. Iki sagatdan soň, olar süýjülikler dükanyndan çykyp hoşlaşanlarynda, Säheriň aýaklary ýer basmady. Ol hakyýt aşyk bolupdy. Şakirpaşadaky öýlerine pyýadalap gaýtdy. Ýolboýy Haýriden başga hiç zat hakda pikir edip bilmedi.
Käte ýaňaklarynyň gyzarýandygyny duýýardy, käte bolsa başy aýlanýardy. Bu gadagan, gizlin duşuşygyň jadysy öýe golaýlaşdygyça, öz ýerini gorka berdi. Kakasy bilen agasy Hadi bu zatlary duýaýsalar, onuň aýagyny döwerler. Şonuň üçin seresap bolmaly, hiç kime hiç zat bildirmeli däl. Häzirlikçe hatda ejesine-de syryny açmaga bogny ysmady. Öýe baranda, erkekler entäk dolanmandyr eken. Ejesem ýöriteläp hiç zat soramady, çünki her näme-de bolsa, wagty gelende gyzynyň özi gürrüň berer diýip ynanýar.
Agşama golaý düşek ýazdylar. Pynar bilen Kader günüň ýadawlygyndan ýaňa dessine uka gitdiler. Säherem olaryň ýanyna geçip ýatdy, ýöne sagatlap Haýri hakda pikir edip, hyýallara çümdi. Toýuny, gelin köýnegini göz öňüne getirdi... öý goşlaryny, Haýri bilen öz öýlerinde ikiçäk galan pursatlaryny hyýalyna getirdi. Utanjyndan ýaňaklary lap-lap gyzardy. Haçan uka gidendiginem duýman galdy.
Ertesi gün ertirlik naharynda maşgala ýene-de bir saçagyň daşyna jemlendi. Baýramyň ilkinji gününiň şatlygy bolmasa-da, maşgala ýene-de keýplidi. Säher şeýle bir seresapdy welin, biri bilen duşuşandygyny duýaýmasynlar diýip, olaryň hiç biriniň ýüzüne-de seretmeýärdi. Saçagyň başynda biri-biriniň ýüzüne seredip bilmeýän ýene iki kişi bardy: kakasy Gani bilen uly agasy Hadi.
Geçen gije Adananyň bordelinde tötänden gabat gelipdiler, ýöne biri-birini görmediksirän bolup, hiç zat bolmadyk ýaly geçip gidipdiler. Ýöne ikisi-de biri-birini görendigini bilýärdiler. Şeýle halatlarda erkekleriň arasynda dymmak barada dilden aýdylmadyk özara ylalaşyga görä, olar özlerini hiç zat bolmadyk ýaly alyp barýardylar. Muňa garamazdan, ertirlik naharynda biri-biriniň ýüzüne-de seretmediler, hatda ýekeje agyz sözem aýdyşmadylar. Bir ýyldan bäri adagly Hadiniň şu tomus geçiriljek toýy baradaky gürrüňler bolsa ikisinem halys irizipdi.
Baýramdan soň işe başlanlarynda, Säheriň ýüregi tolgunmakdan ýaňa gürsüldeýärdi. Uzak gün gözlerini Haýriden aýryp bilmändi, günortan naharyny-da bir stoluň başynda bileje oturyp iýipdiler. Iş ýerindäki beýleki erkeklere seredende, özüni bagtly hasap edýärdi. Sebäbi iş ýerindäki erkekleriň arasyndan iň görmegeýem, iň päk ýüreklisem Haýridi. Üstesine-de, Haýri şunça gyzyň arasyndan hut ony saýlapdy.
Ol, edil ertekiler dünýäsinde ýaşaýan mysaly, bu pursatlaryň hiç haçan geçmezligini isleýärdi. Agşam iş wagty tamamlananda ussahanadan bilelikde çykdylar. Säher hoşlaşmakçy bolanda, Haýri çekinjeňlik bilen: “Dostlarym ulagly meni almaga geljekler, isleseň, seni-de öýüňe çenli äkideli” diýdi. “Azara galmaň” diýip, Säher jogap berdi. “Nämäniň azary, onsuzam ugrumyz siz tarapa” diýip, Haýri Säheri razy etdi. Säher: “Bolýar onda, ýöne köçämiziň başynda düşürseňiz ýeterlik” diýdi. Haýri onuň howatyrlanmasyna düşünen kimin: “Elbetde, nirede isleseň, şol ýerde düşüreris” diýdi.
Ulaga münenlerinde Haýri Säheri dostlary bilen tanyşdyrmady. Diňe biri-biri bilen salamlaşdylar. Ulagy sürýän bilen onuň gapdalyndaky oturgyçda oturan kişi wagtal-wagtal pyşyrdaşyp gepleşdiler. Haýrem Säher bilen kän gürleşmedi, sürüjä-de nirä gitmelidiginem aýtmady. Olar esasy köçeden Baljaly çatrygyna sowulanlarynda, eýýam garaňky düşüpdi. Säher howasala düşüp: “Ýalňyş ýoldan gitdiňiz, men Şakirpaşada ýaşaýaryn” diýip, howlukmaçlyk bilen seslendi. “Alada etme, bent tarapdaky ýoldan biraz aýlanyp, howa alaly diýdik. Soň seni öýüňe elteris, saňa-da biraz üýtgeşiklik boldugy bolar” diýip, Haýri ony köşeşdirmäge çalyşdy. Säher howatyrlanyp: “Ýöne gaty gijä galmalyň, öýdäkiler maňa garaşarlar” diýdi.
Biraz ýol geçensoň, ulag birdenkä tokaýlyga sowuldy. Säheriň ýüregi çalt urup başlady. Tokaýlyk ýoldan ýene biraz öňe gidip, saklandylar. Haýri: “Düşüp, biraz arassa howadan dem alalyň, tokaýyň howasy gowy ýarar” diýdi.
Säher gorkup: “Ýok, men düşmek islämok, gyssagly öýe barmaly” diýdi.
Haýri Säheriň golundan pugta gysyp, ony ulagdan daşyna dartyp çykardy.
“Düşmejek bolsaň, onda nä mündüň maşyna hä?!” diýip, üstüne gygyrdy.
Säher bu sesiň Haýridenmi ýa-da beýlekilerdenmi çykandygyny saýgaryp bilmedi. Bu ses Haýriniň sesi bolup biljek däldi. Onýança beýleki iki kişem ulagdan düşüp, olaryň ýanyna geldiler.
Biri Säheriň bilinden gujaklady, beýlekisi bolsa saçyndan penjeläp tutdy.
Haýriniň kömegi bilenem ony ýere ýatyrdylar.
Biri aýaklaryndan, beýlekisi bolsa elleriniň bileklerinden tutdy.
Dem alyp bilmeýärdi, gygyrmak isledi, ýöne bokurdagyndan sesi çykmaýardy.
Dünýä doňdy, ähli zat hereketini togtatdy, diňe Haýri hereket edýärdi.
Ýanýodanyň gyrasynda özüne gelende, ilki bilen düýş görýändirin öýtdi.
Oýanmaga synanyşdy, ýöne ol eýýam oýady. Egin-eşigi ýyrtylyp, üsti-başy perişan, aýaklary bolsa gana bulaşypdy. “Megerem, meni maşyn kakandyr” diýip pikir etdi. Şeýle bolmaly. Sebäbi ondan başga aklyna gelen zat çyn bolup bilmez. “Maşyn kakyp, huşumdan gidendirin, soň, megerem aýylganç düýş gören bolmaly” diýip, oýlandy. Köçe ümsüm. Bu taýy kiçi senagat zolagynyň bir ýeri, ýöne özüniň takyk nirededigine düşünip bilmedi. Ulaglaryň sesine tarap, esasy köçä ýöredi. Esasy köçä çykanda, özüniň niredeligine göz ýetirdi. Öýlerine golaý bir ýer. Ýöräp ugrady, hiç zat hakda pikir etmezlige çalyşdy.
Gapyny ejesi açdy.
Gyzyny gören badyna janagyryly sesi bilen gygyryp, gujaklady, soňra: “Saňa näme boldy, gyzym? Näme boldy saňa, balam?” diýip, yzly-yzyna sorap başlady.
Säher gepläp bilmedi, sesi bokurdagynda düwün bolup galdy.
Öýüň erkekleri entäk dolanyp gelmändiler. Olaryň ýerli bazarda gök önüm satýan dükançalary bardy. Irden ir çykyp gidýärdiler, agşam bolsa giç dolanýardylar. Ejesi Säheri hammama alyp gitdi. Pynar bilen Kaderam uýalaryny gorkuly gözleri bilen synlaýardylar. Gyzynyň eşiklerini çykaryp, bedenindäki gögeren ýerlerini, gan yzlaryny görende, Soltan eje gözýaşyny saklap bilmedi. Gyzynyň saçyna ýüzüni berip, zaryn-zaryn aglady...
Gyzynyň üstüne ýyly suw akytdy, gözýaşlary diňmedi, suwa garyldy. Gözýaşlary bilen ýuwdy gyzyny, saçlaryny darap-darap, ýene-de ýuwdy. Säher özüne gelen ýaly boldy. Ýürekleri paralaýan bir perýat eşidildi. Ençeme sagatdan soň Säheriň bokurdagyndan çykan bu ilkinji ses bütin köçä ýaň saldy. Ejeli-gyz biri-birini gujaklady. Başlaryna gelene, geljeklere uzak-uzak agladylar, agladylar...
Ejesi Säheri süpürip guratdy, oňa pijamasyny geýdirdi, düşeginde ýatyrdy-da, üstüni ýorgan bilen örtdi. Soňra başujunda oturyp, saçlaryny sypalap, doga okady. Pynar bilen Kaderam burçda biri-birine gyslyşyp, bolup geçýäni synladylar. Säher uklady. Ejesiniň gujagynda misli bäbek mysaly, süýji we rahat uka batdy. Diňe ýüzünde ýadawlyk alamatlary bardy. Ejesi gyzyny ýuwaşlyk bilen ýeke goýup, ýerinden turdy-da, kiçijik gyzlaryny-da ýanyna alyp, otagdan sessizje çykdy.
Az salymdan gapy gürpüldäp kakyldy. Gelenler öýüň erkekleridi. Goňşular jaň edip, habar beripdiler. Käbiri Säheri köçede gana bulaşan halda görendiklerini, beýlekileri bolsa öýden gelýän gykylyklary eşidendiklerini gürrüň beripdiler. Howsala bilen öýlerine ylgapdylar. “Sähere näme boldy?” diýip kakasy Gani sorady.
“Ýaňyja ýatdy, indi ýagşy” diýip Soltan eje jogaby gysga etdi.
“Näme bolupdyr diýýän?” diýip, kakasy ýene sorady.
“Näme bolan bolsa-da, boljagy boldy indi” diýip, Soltan eje başyny dik tutup jogap berdi.
Kakasy bilen Hadi doňup galdylar, Engin bolsa näme bolandygyna düşünip ýetişmedi.
Kakasy Gani Hadä ýüzlenip: “Ýet, eglenmän dädeleriňi çagyr, derrew gelsinler” diýdi.
Soltan eje ýalbaryp: “Agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy, bu mahal hiç kimi çagyrmaň” diýdi.
“Bu işiň haýry-şeri ýok” diýen kakasy-da sözüniň üstüni ýetirip: “Boljak işe-de, ölüme-de çäre ýokdur” diýdi.
Soltan eje adamsynyň aýaklaryna ýykylyp: “Meniň balam günäsizdir, Gani! Gyzymyza nebsiň agyrsyn” diýip ýalbardy.
Emma adamsynyň ýüzünde sähelçe-de ýumşaklyk alamatyny görmedi.
Köp wagt geçmänkä, şol mähellede ýaşaýan kakasynyň iki uly agasy öýe geldi. Erkekler bir otaga girip, gapyny ýapdylar-da, birsalym maslahatlaşdylar. Soltan eje gyzynyň ýanyndan aýrylmady, saçlaryny öpüp, ysgap, aglap, sessizje başujunda oturdy. Dädeleri hiç zat diýmän, çykyp gitdiler.
Hadi Säheriň ýatan otagyna girdi: “Eje, sen daşary çyk” diýdi.
“Çykmaryn, oglum! Gyzymy ýeke goýup bilmen. Ony nirä alyp gitjek bolsaňyz, meni-de ýanyňyz bilen alyp gidiň!” diýip, Soltan eje tutanýerlilik bilen garşy çykdy.
Hadi: “Eje, sen ara düşme! Bu seniň işiň däl. Bu biziň namys meselämiz!” diýdi.
“Siziň namysyňyz gursun!” diýip, Soltan eje gygyrdy: “Meniň gyzym günäsizdir, gyzymdan daş duruň!”.
Säher ýarym bihuş ýagdaýda gözlerini açdy, agasy bilen göz-göze geldi. Ikisiniň-de gözleri pür-pür doldy, ýöne Hadi ýüzündäki gazaply keşbini üýtgetmedi. Säher hemme zada düşündi. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, hammama girdi-de, geýindi. Geýnip bolansoň, ejesiniň ýanyna geldi, hoşlaşmak üçin agasyndan rugsat sorady. Hadi otagdan çykdy. Säher ejesini berk gujaklady. Aglamakdan ýaňa, ikisi-de ýeke agyz söz aýdyp bilmediler.
Pynar bilen Kaderem gorkup aglaýardylar.
Säher kiçi jigilerini gaýta-gaýta gujaklady, ýüzlerinden öpdi: “Uly uýaňyzy unutmaň, bolýamy?” diýdi.
Çagalar näme bolandygyna doly düşünmeseler-de, erbet bir zadyň bolandygyny aňýardylar, uýalarynyň gujagyndan aýrylmak islemeýärdiler.
Kakasy daşardan seslendi: “Çyk daşary, gidýäris!” diýdi.
Soltan eje gyzyny arkasynda gizläp: “Ilki meni öldüriň!” diýip, zarynlady.
Adamsy ýeke şarpyk bilen Soltan ejäni ýere ýykdy, soňra paýyş sözler aýdyp: “Çekil şu ýerden!” diýip, gygyrdy.
Soltan eje ýerden galman, adamsynyň aýaklaryna ýykylyp, ýalbardy, özüni urup, bagryny paralady, emma bularyň hiç biri peýda etmedi, adamsy: “maňa diýýäňmem” diýmedi...
Säheriň ýüzüne-de seretmän, eli bilen gapyny görkezdi.
Säher başyny aşak salyp ýöredi. Daşarda garaşyp duran pikaplaryna hemmesi bile mündüler. Goňşular perdäniň arkasyndan Säheriň äkidilişini sessiz-üýnsüz synladylar.
Ýolboýy hiç kimden ses çykmady. Säher Engin bilen yzky oturgyçda otyrdy. Ol Enginiň elini berk gysymlap, goýbermeýärdi. Engin kakasyndan gorkusy bolmasa, uýasyny gujaklamak isleýärdi. Şäheriň daşynda, boş meýdanyň gyrasynda saklandylar. Ilki Säher düşdi, soň beýlekileriň düşmegine garaşdy. Aýyň ýagtysy onuň owadan, päkize ýüzüni nurlandyrdy.
Kakalary öňde, onuň yzyndan Säher, soň Hadi, iň yzda bolsa Engin — hemmesi bir hatar bolup, meýdanyň içersine tarap ýöräp gitdiler.
Adananyň aýazy topragy doňdurypdy.
Gaty topraga basanlarynda çykýan seslerden başga hiç zat eşidilmeýärdi. Kakalary saklandy, yzyndakylaram durdy...
Kakasy Gani yzyna öwrüldi, bilinden ýaragy çykaryp, Engine uzatdy. Säheriň kellesi gapdala gyşardy.
Ol ilkinji gezek özüni ele alyp bilmedi.
“Kaka, saňa gurban bolaýyn, Enginime degmäň! Ol entek çaga ahyryn, kaka, türmäniň hupbatlaryna çydap bilmez. Goý, öz janymy özüm alaýyn, kaka! Goý, seniň üçin öz janymy gurban edeýin, ýöne Enginimi maňa gurban etme, kaka!” diýip, ýalbardy.
Gani, ata gözýaşyny saklamaga çalşyp, dogumly: “Al, oglum, al, Engin! Goý, bu iş şu ýerde gutarsyn!” diýdi.
Engin elini uzadyp, kakasynyň elindäki sapançany aldy. Onuň aljyraňňylygam, gorkusam ýüzünden görnüp durdy. Howa sowukdy, Engin entek çagady, sapança agyrdy, eli sandyraýardy.
Agasy Hadi duýgularyny bildirmezlige çalşyp: “Dyza çök!” diýdi.
Säher halys tapdan düşüp: “Kaka, eliňi öpeýin, rugsat ber!” diýdi.
Kakasy elini uzatdy.
Säher onuň elini öpüp, maňlaýyna degrende: “Kaka, hakyňy halal et!” diýdi.
Bir eli bilen gözýaşlaryny süpürmäge çalyşan kakasy zordan: “Hakym saňa halal bolsun, gyzym! Senem meniň hakymy halal et!” diýip aýdyp bildi.
“Halal bolsun!” diýdi Säher.
Soň Hadi agasyna öwrülip, ony gujaklady, ondan halallyk sorady. Hadi bolsa heýkel ýaly sessiz-üýnsiz gymyldaman durdy. Iň soňunda Engini gujaklady, sapançany ýere goýup, Enginem uýasyny berk bagryna basdy. Säher jigisini gaýta-gaýta ogşady, saçlarynyň ysyny zowwam-zowwam içine sordy, ony wagty bilen goýbermedi.
Säher dyza çökdi. Engin ýerdäki sapançany alyp, onuň nilini uýasynyň ýeňsesine diredi. Sapançanyň nili sandyraýardy.
Säher: “Men saňa gurban bolaýyn, jan Enginim!” diýdi.
Soň: “Gorkma, janym, uýaň saňa gurban bolsun! Hiç zatdan, hiç kimden gorkma! Türmede saglygyňy gora!” diýip jigisine göwünlik berdi.
Engin gözlerini berk ýumdy-da: “Säher uýaaaam!” diýip gygyrdy.
Onuň sesine sapançanyň sesi garyşdy.
Uzakdaky dereklerden bir süri garga howa göterildi. Säher ýüzüni ýere berip ýykyldy. Ýyly gany Çukurowanyň doňan topragyna degdi, buzuň üstünden akdy, elindäki hyna garyşdy.
Üç erkek, agşamara tokaýda kül eýlediler päk hyýallaryn, Säheriň.
Üç erkek, ýarygije boş meýdanda mahrum etdiler şirin janyn, Säheriň...
© Selahattin Demirtaş

Teswirler (13)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň