Bu ýazgy bolan waka esasynda ýazyldy. 

Bu ýazgyň baş gahrymanynyň ady Begli (hakyky ady üýtgedildi). Men ony köp ýyllardan bäri tanaýaryn. Ýakyn dostlarymyň biri. Ilki mekdebi, soň bolsa paýtagtymyzdaky Magtumguly adyndaky türkmen Döwlet uniwersitetini tapawutly bahalar bilen tamamlady. Begli daýaw, syratly adam. Köpçülikde ýöräp barýarka, mähelleden saýlanyp dur. Özem sypaýy adam. Aňsat-aňsat adamyň göwnüne degýän ýa gatyrganýan adam däl.

Begli ilki ýokary okuw jaýyny; soň Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlap, Döwlet edaralarynyň birine işe ýerleşdi. Iki-üç ýyl soň, uludan toý tutup öýlendi. Iki sany çagasy dünýä indi. Begliň maşgalasy, sözüň doly manysynda bagtly, abadan maşgala öwrüldi. Begliň iş ýylba-ýyldan abraýy artyp, ýolbaşçy wezipä bellendi.

Elbetde durmuşda ýalňyşmaýan, büdremeýän adam ýok. Hemme kişi ýalňyşýar. Emma käbir uly ýalňyşlar bar, (säwlik däl, ýalňyşlyk) adam ol ýalňyşy göýberse, netijesi juda agyr bolýar. Begliň durmuşynda-da, gynansak-da, şeýle uly ýalňyşlyk boldy.

Begli işe giren edarasynda on ýyla golaý üstünlikli zähmet çekenden soň, ýolbaşçy wezipä bellenip, ýurdumyzyň günortasyndaky welaýata işe ugradyldy. Ol ýerde-de abraý bilen işläp ýördi. Begli melgun şeýtanyň alyna gidip, nebsine haý diýip bilmän, etmesiz bir işi edýär. Işdeş zenanlarynyň biri bilen oýnaşlyk edipdir. Bu ýagdaý iki ýyla golaý dowam edýär. Begliň öýe gelende, özüni öňkülerden has sowuk alyp barmagy aýaly Mährijemalyň (hakyky ady üýtgedildi) ünsüni çekipdir. Aýaly Begliden sorasa, ol hemme zat ýerbe-ýer, alada ederlik ýagdaý ýok diýip, bu ýagdaýy inkär edipdir.

Döwüljek araba kyrk öňünden jygyllap başlar diýlişi ýaly, Begliň maşgalasynda agzybirligiň, hormatyň, mähir-muhabbetiň ýerini ýalan, kümsüklik, biwepalyk we nadanlyk alypdyr. Mugallymçylyk edýän, daşyndanam öýüň hysyrdylaryna, ösüp barýan ýaş çagalarynyň aladasyna ýetişýän Mährijemal öz maşgalasynda ýagdaýyň hiç-haçan öňküsi ýaly bolmajakdygyna anyk göz ýetiripdir. Şeýlelik bilen, Mährijemal aýgytly ädimi ätmegiň wagty gelendigne çürt-kesik düşünip, adamsy Beglini oýnaşy bilen bile wagty üstüne baryp, ähli zady belli-külli etmegi ýüregine düwüpdir.

Mährijemäl, adamsy Beglä duýdurman, günlerden bir gün işinden rugsat alýar we adamsynyň işleýän, ýaşaýan ýerine - ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän welaýata ýola rowana bolýar. Paýtagtdan ugrap, ýolda barýarka, kellesinde şaýat boljak wakalaryny ýüzlerçe gezek göz öňüne getirýär. Ýoly ýarpylaberende, içini hümledýär: “Allajanlarym, ýa Begliňem, oýnaşynyňam jany jähenneme diýip, yzyma dolanaýsammykam?!..."

Her niçigem bolsa, Mährijemal, aňyna we ýüregine pugta buýrup, emosional taýdan juda kyn hereketi etmegi ýüregine düwýär. Mährijemäl säher wagty, gün dogup-dogmanka, adamsy Begliň oýnaşy bilen ýaşaýan jaýynyň gapysyny kakýar. Içeride oýnaşy bilen säherlän Begli bolsa hiç zatdan habarsyz gapa tarap ýöreýär. Begli birnäçe minut öň maňlaýynda peýda bolan burçak-burçak der bilen (gelen goňşylardan biridir öýdüp) gapyny açýar...

Garşysynda aýaly Mährijemaly gören Begliň dili tutulýar. Aljyraňňyly ýagdaýda näme etjegni, näme diýjegni bilmän, doňup galýar. Mährijemal bolsa, salam-selik bermän, jaýa kürsäp girýär. Içerki otaglaryň birinde saçyny darap oturan adamsynyň oýnaşynyň ýanyna barýar-da, ilki bilen onuň, soň bolsa Begliň ýüzüne tüýkürýär. Mährijemal olaryň ikisine-de agzyna geleni diýip, adamsy bilen oýnaşynyň suratyny telefonyna düşürip, yzyna paýtagta gaýdýar. Gelşine-de ilki bilen nikany bozmak barada arza ýazyp, kazyýete tabşyrýar. Soň bolsa, atasy öýüne baryp, şaýat bolanlaryny ene-atasyna gürrüň berýär.

Aradan iki aý geçmänkä, kazyýetiň nikany bozmak baradaky çykaran hökümi Begli we Mährijemala gowuşýar. Eýýäm, birnäçe aý bäri dargamagyň bäri ýanyna baran, bir wagtky köpleriň daşyndan gözügidijilik bilen seredýän bagtly maşgalasy, resmi taýdan dargaýar...

Häzirki wagtda Begli ýerli firmalaryň birinde işläp ýör, soň maşgala gurmady. Mährijemal bolsa iki çagasyna seredýär hem-de mugallymçylygna dowam edýär. Olam soň maşgala gurmady.

Adam durmuşda näme iş etse-de, aslynda diňe öz-özüne edýär. Gowy, peýdaly zat etse, erbet pygyl etse-de, diňe özüne edýär. Ýagşylygam özüne edýär, ýamanlygam.

Durmuşda, kä wagt akylly-parasatly, düşünjeli adamlaryňam gözi gapylyp, aklyna perde syrylyp, durmuşda uly ýalňyşlary göýberýän pursatlary barada hemmämiz bilýäris. Daş-töweregimizdäki adamlardan bu barada eşidýäris.

Öz tejribämden maşgala barada gysgaça şulary aýdyp geçeýin. Durmuşda adama bagt diňe bir gezek berilýär. Adam bir saý-sebäp bilen ikinji gezek maşgala guraýanda-da, meniň pikirimçe, ol edil birinjisi ýaly bolmaýar. Ilki göwün bereniň ornuny meň pikirimçe başgaça. Onuň ornuny oýnaş, ikinji, üçünji... hiç-haçanam tutup bilmeýär.

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.