Guldurdy SÄHETDURDYÝEW

Şahyryň 50% -i kompoztor bolmaly diýýärler. Özem onuň sazyny notada görkezip bilmersiň, gulagyň bilen eşitmersiň, ýagny, ol saz kalpda ýaňlanýar. Beýleki sazlar gulakdan girip, kalba barýar, poeziýanyň sazy kalpda ýaňlanyp, gulaga gelýär. Sazda ýedi nota bar, poeziýada ýüz müňlerçe sözler bar, her sözüň öz owazy bar. Harpda-da, jümlede-de, hatda, pauzada hem owaz bar.

Goşgy ýazlanda owazyny tapmaly, okalanda – manysyny!

Şahyryň partiturasy – şygyrlary. Meniň şygyrlarym esasan, ýeke özüň içiňden okamak üçin ýazlan, deklomasiýa däl, uly auditoriýa üçinem däl. Aýdym üçinem, käbir kärdeşlerimiň edişi ýaly, başga 37 dillere terjime üçinem göz öňünde tutmadym. Ýöne ussat artistleriň eline düşse, goşgularymyň owazyny tutmagy başarýarlar, olar goşgularymyň, sonetler çemenlerimiň birnäçesini radioda okadylar, ol ýazgylary göçürip alyp, diňleşip ýörenlerem bar. Haýp, özüm welin, öz goşgularymy okap bilmeýärin, öwrenjegem bolamok, meniň işim ýazmaga çenli, beýlesi maňa degişli däl. Her kim goldan gelýän, başaran işini etmeli. Hakyt, öz ýüregimiň owazyny ezber artistleriň dilinden has gowy eşidýärin.

Tekrarlasam, poeziýanyň deň ýarynyň owazdan ybarat bolmalydygy barada köp aýdyşýarys. Özüm-ä heniz halypamyň (Gurbannazar Ezizow) gaşyna barmankamam onuň “Ynam” atly goşgular kitabyndan bu ýagdaýy aňypdym. Men döredijilige ilkinji ädimlerini ädýän, ymtylýan juwan hökmünde şu meselä töwekgellikli çemeleşdim, ol mesele barada özümçe täze netijä geldim hemem ýürek edip, şol ýol bilen döreden eserlerimi okatdyryp-barladyp görenimde halypam sessiz baş atdy, diýmek, unadygy, goldadygy şol.

***

“Iň uzak menzil haýsy?” diýlen sowala “Öýüň töri bilen duly aralygy” diýlen köneden gelýän belli jogap bar. Hakykatdanam, törden dula çenli ýöräp, işikden bir daşyna çykyp başarsaň, ýüregiňde nirä gitmegi beslän bolsaň, şol tarapa gadam urup, ýola düşüberýärsiň. Bu diýildigi bar zatdan ozal ynamly karara gelmegiň, özüňi ynandyrmagyň, ilkinji ädimi aýgytly ätmegiň kynlygy hakda aýdyldygy, hatda, nirädir bir ýerlerik keýpine dynç almaga gezelenje gitmäge hyýallansaňam. Owalynda herki işiň turuwynda-gözbaşynda belli-külli karar lazym.


Şahyrlarymyzyň biri “Türkmeniň bahary şeýle bir gysga, ýetişseň boldugy güllerin ysgap” diýip, goşgy ýazan eken. Menem kän bir düzediş berip ýörmesemem, “Ýetişseň boldugyň bir gülün ysgap” diýsene-haw, şonda hakyky litota bolýar diýip maslahat beripdim. Aldymy-almadymy bilemok, meniňki ýöne aýtmak, her kimiň öz işi, öz meýli. Halypam-a (Gurbannazar Ezizow) häzirkilerden has öň “Bu türkmeniň bahary deý ýaşlygymyz geçýär bahym” diýýär bir şygrynda.


Beýleki ýurtlarda, mysal üçin Rossiýada “Puşkinskiýe mesta” ýa-da “Ýeseninskie mesta” diýip, ussat şahyrlaryň doglan-okan, ýaşan öýleri, jaýlanan, hatda, gezen ýerlerine deňiç aýawly saklaýarlar, syýahata-zyýarata aýlanýarlar. Türkmenleriňem öz sütün halypalarynyň ömri-döredijiligi hakda bilesi gelmeýänmidir? Şahyr Osip Mandelştam “Taryh – şahyrlara degişli” diýip, örän dogry aýdýar. “Poeziýanyň Eziz ogly” welin, ol pikiri şeýle dowam edýär:

Han-begler, Şazada, Şalar ölýärler,

Halk aglaýar, şahyryny ýat edip.

 

***

 Şahyryň galamy – hokgaçy jadygöýleriň gudratly keltejik taýajygy. Beýnä gyltyzrak kaklyşyp gidýän, dem salymda ereýän gar tozgasy ýaly duýgular şahyryň jadyly galamy degip, okyjylaryň dykgaty üçin bakylyga öwrülýär. Onuň täsin şygyrlarynyň üstüne gyz ädimi bilen düşen “Ilkinji gary” şindizlerem eränok, kitabyny açsaň, içinde dur, sähelçejigem mizemändir, ilkibaşky ter-tämizliginde. Baky. Müdimi. Aňrujy düşünjek-sözden many aljak adam üçin kerem-keramat-da şol. Poeziýadan üşüksiz adam şygryň ýüz setirinden bir many almaz, üşükliler bir setirden ýüz many alarlar. Näçe susup alybersinler, teýkary welin hergiz-hergiz tükenmez.

***

Iň bir gysyk adam-da dünýäden gideninde bar ýygyp-ýygşyranyny tutuşlygyna taşlap gidýän sahydyr. Adam ölen güni Hatama öwrülýär. Şahyrlar – dirikä Hatam. Olaryň sözi – sadakasy. Onda-da sadakaýy-kubra, kebir sözünden-dä, uly diýmek. Ömrüboýy olara eçilmek mahsus. Olar – eçilmekden lezzet alýanlar, sen şygyrly hazynasyndan näçe köp genji-kän alyp bilseň, olar şonça-da saňa minnetdar.

***

Adamyň kalby joşup, hakykaty rowaýata öwresi gelýär, emma biz rowaýatlardan hakykaty gözleýäris.

– Sen bize jennetiň ýoluny açyp ber? – diýip, Isa pygamberden towakga edipdirler.

– Jennetiň ýoluny açasyňyz gelse, ilki öz agzyňyzy ýumuň. Geplemäň! Dymýanlara beste dahan – agzy ýumuk diýýändirler.

– Aý, geplemän-ä, kyn bolar. Garaz, arasynda ony-muny zeruryň çyksa, aýdyşmalydyr-a. Ýok, lallar deý tekiz dymmagy-ha başarmarys.

– Onda hoşamatly gepläň. Hoşamatam jennete eltýän ýoldur!

Isa pygamberiň bu öwüdini welin almaga jan edýärin.

***

Şahyr eger ýalan ýazsa, onda halypamyň “Gaplaň” goşgusyndaky jemleýji setirini perefrazirläp: “Ýalan ýazsa, ol şahyryň şahyrlygy gutarýar” diýen karara gelmek mümkin.

                 ***

Eger-de dogrusy aýdylsa, çeper eseriň ýatda galmagyny ýa galmazlygyny esasy zat – baş ölçegi hasaplamak nädogry. Ýatda galýanlygy üçin – gowy, galmaýanlygy üçinem – ýaramaz diýseň, onda örän kelte gaýtdygyň. “Kä eseri okap çykanyňdan soň, ýatda galýan ýeke setirem ýok” diýip tankytlaýanlaram bar. Meniň pikirimçe, hakyky şygryň ýatda galmagy hökman däl, okaýaň, haýran galýaň, mahal geçensoň unudýaň, soň ýene okaýaň, ýene haýran galýarsyň, ýüz gezek okasaňam, haýran galdyryp bilýän sözüň ýüz gezegem unudylmagy onuň kemçiligi däl-de, megerem, özboluşly artykmaçlygydyr.


Onuň goşgularynda özümi görýärin, özümde-de halypamy. Göwnüme bolmasa, meniň döredijilik baradaky tükeniksiz oýlarym halypamyň eksprimentleriniň-gözlegleriniň-täzeçilliginiň dowamy ýaly. Olaryň ýönekeý okyjy üçin beýle bir gyzygy ýogam bolmagy ahmal. Ýöne şygyr okajak diýse, okyjylaryňam bilmeli zatlary bar, gapdalda durup, küşt oýnuna tomaşa kylmak isleseň, oýnuň düzgünlerine düşünmegiň gerek. Diňe kapiýalaryny yzarlap, goşga doly düşünmek mümkin däl. Kompozisiýa diňe owaz girmeýär, ol uly düşünje, oňa duýgularyň-pikirleriň sazlaşygy-ylalaşygy hem girýär, şeýdibem owadan kompozision gurluş emele gelýär, ony ýüregiň duýýar. Dürli-dürli duýgular-pikirler bir şygryň içinde jemlenip, bir kompozission  bitewiligi emele getirýär. Nusgawy simfoniki sazlar deý ýa, meselem, bary-ýogy otuz bir ýaşan kompozitor Frans Şubertiň dünýä meşhur owadan “Agşam Serenadasy” kibi.

 Arasynda seýregem bolsa, öňki tradission goşgularyň kysmynda hem ýazyp görýärin, ýagny, bir temany alyp, şony kem-kemden ösdürip gitmek, ýöne bu usuly pesräk saýýaryn, çekijiňi şol bir ýere ýenjip duran ýaly. Guraksy çykýar, çünki, kompozisiýasy ýöntem. Setirler çakyşyp, owaz çykaranok, saz edenok. Töwekgelligim diňe halypam däl, okujylar tarapyndanam kän bir garşylyga uçramady, oňlaýjaklar ýaly. Öňde-soňda döredijiigimi öwrenjeklere şu kompozisiýa meselesini gözden salmazlyklaryny duýdurýaryn. Döredijilikde hiç zadyň ikinji derejeli däl bolşy kimin, kompozisiýa-da yzky derjede goýulmaly zat däl, meniň eserlerimde-hä ol tebigy ýagdaýda birneme beýlekilerden ýörite öňe iterilen usuldyr.

***

Käteler-ä göwnüme men çyn şahyr ýaly, ýazanlarymy gaýtadan okap görýän, haýrana galýaryn, kätelerem süllerýärin... Iki duýgynyň arasynda janserek-ser-sepil. Meniň pikirimç-ä, döredijiligimiň iň soňky sagadyna deňiç şeýdip, gezekleşip gidermikä öýdýärin.

 “Hawa” bilen “ýoguň” aralygam – “bilmedim”. Galany wagt bilen okyja bagly. Men hemişelik gümürtik ýagdaýda galmaga razy. Herhal, umyd-a bar. Magtymgulam “Gorky-umyt arasynda haýranam” diýýär-ä. Terezi “ýok” tarapyna ymykly aşak çöken mahaly okyjylarymyň biri-ýarymy ýürekden hoş söz aýdýar welin, ýene deňagramlylyk emele geläýýär. “Hudaý bardyr” diýip, eňip barýandyryn. Ýetmeli ýerimem ynsanyň kalby. Şonuň üçin öz döredijiligim baradaky poemama “Kalba çenli aralyk” diýip at berdim.  

Adam ömri – bagt, soňy ölüm – hasrat. Sungat eserleriniň soňy welin köplenç bagtly tamamlanýar. Adamzadyň çeper söze höwrügmesiniň-imrinmesiniň emmasam şondan bolmagy ahmal. Dileg eden halatymyz “Öňüm gelininden soňum gelsin!” diýýäris-ä, çeper edebiýatyňam, sahna-kino eserleriniňem ülňüsi hakyt şeýle-dä – okyjynyň-tomaşaçynyň göwün isleýişiçe.

Guldurdy SÄHETDURDYÝEW