Aýlar aýlanypdyr, ýyl dolanypdyr, 

Senden aýra düşen günümden bäri. 

Ýüzümiň tuwagy biraz solupdyr, 

Käte-käte bolşum ne sag, ne däli. 

 

Tylla teňňelerin ýalňyz derwüşiň 

Gömşi deý hiç kese rowa görmän. 

Seniň hanteňňesi ýaly görnüşiň 

Hakydamda gizläp galýaryn görgä. 

 

Saç çalaryp, könelşipdir görkümem, 

Senden aýra düşüp gönenmedim men. 

Duýgudaşlyk eden bolup, gör, kimiň 

«Söýgi ýok» diýenne ynanmadym men. 

 

Gijeler oýanyp dörmedim ýadym, 

Çagalaň ukusy bozular diýip. 

Hatda düýşümde-de tutmadym adyň, 

Ýassygymyň ýary eziler diýip... 

 

Çümre geýen könelişen telpegim, 

Gussasyn bölüşýän oktýabryň. 

Sary ýapraklara ilip keýpimiň, 

Gaçýandygny gizläp öýkeläpdirin. 

 

Ynha, gussalarmy täzelärin men, 

Aýby ýok, çalarsa çalarsyn saçlam. 

Ýöne... 

Gorkýan, bir gün dälirärin men, 

Saňa duşman ýörsem ýa-da sataşsam... 

© Rejepgeldi Mejikow