Türkmen diline bolan gyzyklanmany artdyrmak we söz baýlygyny ösdürmek maksady bilen (Musa Ýusup derejesinde bolmasa-da) döredilen Sanlyharp mobil oýny indi Android we iOS ulgamlarynda elýeterli!
Sanlyharp näme?
Sanlyharp – söz baýlygyňy synap görmäge, logiki pikirlenişiňi ösdürmäge we wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýän türkmen dilinde mobil oýun.
Oýnuň esasy düzgüni ýönekeý: her bir san belli bir harpy aňladýar. Seniň wezipäň sanlaryň aňyrsynda gizlenen harplary tapyp, sözleri we sözlemleri açmakdan ybarat.
Her bir çözülen tapmaça seni täze bir nakyl, paýhasly söz ýa-da gyzykly pikir bilen tanyşdyryp biler.
Sanlyharp näme üçin döredildi?
Her bir halkyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri onuň ene dilidir. Türkmen dili hem asyrlaryň dowamynda kemala gelen, nakyllara, atalar sözlerine we çuň manyly söz düzümlerine baý dildir.
Sanlyharpy döretmekdäki esasy maksadymyz(hawa maksadymyz EA bilen men) adamlaryň söz baýlygyny ösdürmäge ýardam bermek we türkmen diline bolan gyzyklanmany artdyrmakdyr.
Biz ene dilimizi öwrenmegiň we söz baýlygymyzy artdyrmagyň diňe kitaplar bilen çäklenmeli däldigine ynanýarys. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen bu işi gyzykly oýna öwürmek hem mümkin.
Sanlyharp hut şu pikirden ugur alnyp döredildi.
Oýnap öwrenmek has gyzykly!
Sanlyharpda her bir tapmaça diňe bir çözülmeli mesele däl, eýsem täze bir zady öwrenmäge mümkinçilik.
Oýunda sen:
- Söz baýlygyňy synap görüp bilersiň.
- Logiki pikirlenişiňi we ünsüňi türgenleşdirip bilersiň.
- Türkmen nakyllaryny we paýhasly sözlerini ýatlap bilersiň.
- Boş wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirip bilersiň.

Sanlyharpyň aýratynlyklary
Sanlyharp diňe bir tapmaçalary çözmek bilen çäklenmeýär.
Gündelik tapmaçalar: Her gün täze bir tapmaçany çözmäge synanyş.
Dostlaryň bilen bäsleş: Şahsy otag döredip, dostlaryň bilen bilelikde oýna we öz başarnygyňy synap gör.
Üstünlikler we reýtingler: Gazanan üstünlikleriňi yzarla we beýleki oýunçylar bilen bäsleş.
Internetsiz oýna: Ýeke oýunçy üçin niýetlenen tapmaçalary internet birikmesiz hem çözüp bilersiň.
Reklamasyz oýun: Sanlyharpda ünsüňi bölýän reklamalar ýok.
Sanlyharp indi Android we iOS-da!
Sanlyharpy indi Android we iOS enjamlarynda mugt ýükläp alyp bilersiň.
App Store: https://apps.apple.com/us/app/sanlyharp/id6828785309
Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=co.armyt.sanlyharp&pcampaignid=web_share
Peýdalanylan edebiýat
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. (2016). I–II tom. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň