Ýöräp barýarka-da howada barmaklary bilen pianino çalýan, çyn kompozitor dostum bar. Biz onuň bilen işdeşem. Bir gezek birküç sany işdeşler bolup, şonuň bilen bilelikde günortanky arakesmede naharymyzy iýenimizden soň seýilgähe gezmelemäge çykdyk. Aýlanyp ýörüs welin, ýaňky sazanda gardaş kellesini yralap, hiç kime eşitdirmän içinden nämedir bir zatlara hiňlenjireýär. Menem onuň böwrüne hürsekledim-de, soradym:
-Dos, näme saz diňleýäň-aý?
Mukambaz gardaş, sazyndan ünsüni sowup, maňa garady-da, diýdi:
-Ennio Morrikoneniň sazy-laý.
-Nämede diňleýäň-aý? Bultuz gulaklykdamy?
-Jykk, kellämde,-diýip, owazhon dost, göýä adaty bir zady habar berýän dek, biparhlyk bilen jogap gaýtardy.
-Onda birazajyk sesini gataltsana, bizem diňläli-le,-diýdim welin, aýakdaş barýan kärdeşlerim ala-pakyrdy bolup gülmäge başladylar.
Henek:
Ýokary okuw mekdebiniň üçünji ýylynda okaýan talyp gelin ykdysadyýetiň nazaryýeti dersinden synag tabşyrýar. Ol belli iňlis nazaryýetçisi Adam Smitiň taglymaty barada ýeke gezegem onuň awtorynyň adyny agzaman gürrüň berýär. Gelni dykgatly diňleýän mugallym soraýar:
-Siziň gürrüň berýän nazaryýetiňizi işläp düzen ykdysadyýetçiniň ady näme?
Gelin lam-jim bolýar. Onuň jogap berşini birneme halamanam durmadyk mugallym, talyp gelne ýardam bermek üçin oňa ýaňzydýar:
-Aljyrama, gelin! Ine mysal üçin, ilkinji erkek kişiň ady nämed-ä?!
-Toýly...-diýip, utanjyna çym-gyzyl bolup gyzaran gelin, äriniň adyny aýdýar.
***
Dostumyň eline bir gezek saý-sebäp bilen ýeňilräk pul düşdi. Soň ol şol puluna on-on bäş sany goýun alyp, onam bakyp satdy welin, puly ýene köpeldi. Özüniň işewürliginden iňňän hoşal bolan dostum – edeni ugruna bolan bolýan her kesiň bolan-bolan bolşy – maňa akyl öwretmäge girişdi:
-Dos,-diýdi:-puluňy kürk towugyň palak ýumurtgadan jüýje çykarjak bolşy ýaly, sandygyňdaky düwünçekde basyryp ýatma-da, ony herekete goýber. Bilseň, bütüýn dünýäde-de biznesiň mizemez kanuny: “Pul puly ýasaýar”...
-Seňki ýasasa ýasaýandyr-da, biziň pulumyza mydama-da tök...-diýip, men oňa akyl satmasyny dowam etdirmäge goýman, onuň parasatly aýanlygy mälim eýlemeginiň arasyny böldüm:-Şonuň üçinem “özüni bilen weli”, ýatybersin öňki ýatan köne sandygyndaky düwünçejikde. “Kapyr dok bolsa, musulman dynç” diýip öňkülerem bilmän aýdan däldirler...
***
Anekdot:
Başga wagt tapmadyk ýaly, tomsuň ortaky aýynyň depedeşer-jokrama yssysynda öýlenýän obaly biriniň toýunda, takmynan orta ýaşdan aganrak ýerli aşpez, on gazan dagy nahary yzba-yz ýetişdirjek bolup, garader başagaýlykda janserekmiş.
Hemmä mälim.
Uly toýda palaw bişiirilende, gelnalyjy gider uçurlary, öň ojagy sähel köräp duran gazanlaryň aşagyna derrew odun salynýar-da, güwledip ýakylyp, tüwüsini atyp basyrmasdan burun, öňem islemezlik bilen bygyrdaýanja suwuny ýene bir ýola gaýym gaýnadylýar.
Bu gezegem şeýdilipdir.
Aşpez agalaram özüňize belli.
Gaýa ýok, gopuz ýogam bolsa, yzyndan allajy ýetip gelýän mysaly, aýdýan-diýýän zatlaryny etmäge-goýmaga maý bermän, elden-aýakdan çykyp, gykylyklap, toýa hyzmat edýän juwanlardyr jahyllary sesi bilen aljyradyp, aly-yýp gelýärmiş:
-Haý ot ýakyň-da, waý tüwini ýuwup alyňlar-o-ow! Waý, dat ýetişiň! Kagyz-ýüp taýynlaň-da, gel daň muny, mysalaň guramasyn, diýmäýin diýsem! Bolşuň şu öli ýylan ýaly bolsa, nesip bolup, ölmän-ýitmän o günlere ýetsek, sen öýleneňde palawyňy men dä:-de, «bir gazança bulamak bişir» diýip etini-soganyny gumralaýyn depesinden guýsaňam, şonam it iýmez ýaly edip äpberýän, ebeteýsiz eneň bişirer!!!
Şol barmana-da aşpeziň gohuna aljyrapmy nämemi, täze gullukdan gelenräk bolany üçin kellesine taýak degen sähneräk ýigitleriň biri, gyssanjyna eline ilen gury injiriň şahalaryny ýanyp duran ojaga dykaýypdyr.
Türkmençilikde-de ojakda injir odunyny ýakmak halanmaýar-a.
Ýigdiň bu eden hereketi, gazan-ojagy bilen dahylly hiç zat gözünden sypmaýan diňe aşpezem däl-de onuň üstesine başagaýam aganyň nazaryna ilipdir:
-Äý nädýäň-ow, han ogul?! Heýemmir toý ojagynda injir ýakylarmy? Nähilaý-ow, siz bar-a, jigiler?! Tükendiňiz-ow, sapsym bar-a!-diýip, hem-ä aşpez, hemem başagaý aga, has-da nadaralyk edip zeýrençli käýinmägä başlapdyr.
Onuň galmagalyna öňem ýeňsesi gatap duran ýigit, gözüniň agyny köpeldip alarylypdyr-da, jabjynyp goýberipdir:
-Nämä gygyrýaňaý-ow, agam?! Hindistanda ejelerini ýakýarlar, onsoň injiriň dagy näm-aý?!...
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Sekizinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...