Ýagsaň ýagyş bolup meniň depämden

Ýagnyňa ezilip açan gül bolsam

Bir gün göwnüň sowap, mähre kepäňde

Şol göwnüňe ýanyp, körän kül bolsam

Seni dertlerinden çekmeklik üçin

Bir saňa uzanan emli el bolsam

Sâginmân tarypyň etmeklik üçin

Dünýädâki şol ýedi müň dil bolsam

Gözel ýollar, kynlyk bilen ğeçiler

Kyn hem bolsa saňa barýan ýol bolsam

Kä hamsygyp aglan wagtyň gijeler

Seni köşeşdirýän rahat gol bolsam

Ýyladanda bu ýüregmi sözleriň

Depäňden lowurdap doğan Gün bolsam

Bilýäňmi, men garramaryn, ölmerin

Bir-ä galam bolsa,

birem Sen bolsaň

Şyhberdiýewa Göwher