Atamyrat ATABAÝEW

Poeziýa – sen gözel gyz,

Men seni söýüp giderin.

Sensiz men galaryn ýalňyz,

Yşkyňda köýüp giderin.

Söýüp, bilbil kibi saýrap,

Seň şanyňa sözler saýlap,

Aýlap-öwrüp, öwrüp-aýlap,

Diýjegim diýip giderin.

Poeziýa – sen bir peri, -

Şahyrlaryň örteneni.

Sen goýup gitmersiň meni,

Men seni goýup giderin.

***

Alyň, meniň goşgularmy, paýlaşyň,

Talaň, meniň setirlermi, sözlermi.

Alyň, meňzetmedir rifmalarmy,

Men siz üçin dowam edýän gözlegmi.

Ýazyp çykardamsoň olar meňki däl,

Ol indi iliňki, arkaýyn alyň.

Size gaty-gaýrym hiç zat diýmerin,

Öz halypaňyzdan arkaýyn boluň.

Gypynç etmän alyň, eger alsaňyz,

Şeýdeniňiz bilen mähriňiz gansa.

Käşgä, alyp, siz-ä şahyr bolsaňyz,

Ýa aldyryp menem goşgusyz galsam...

Atamyrat ATABAÝEW