Sen şeýle gel,
Gözlerime şeýle gel!
Sen seýle gel,
Sözlerime seýle gel!
Düş ulagdan,
Duralgadan,
Garagumdan
Seýle gel!
Aç gujagňy,
Düz gyjagňy,
Ýar gursagňy,
Ýüregimi peýle, gel!
... Toprak - gämi,
Bulut - ýelken,
Ummanyma seýle gel!
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň