Kä ýylgyryp, kä näz edip,

Seň söýgiňe göwnim ezjek.

Degre daşy hem ýaz edip,

Jak-jaklary düzüp gezjek.

***

Al asmanda älemgoşar,

Ony görüp bagtym joşar,

Görenleriň akly çaşarar,

Ýaly, gökde ýüzüp gezejek.

***

Bir bakyşyň ömrüme deň,

Süýji sözüň kalbyma heň,

Goý görseler görsinler geñ,

Yşkdan gözüm süzüp gezjek.

***

Bagt kölüne kalbym ýuwsam,

Hemmelere söýýän diýsem,

Senem ýylgyr, maňa buýsan,

Göwnim gamdan üzüp gezjek.

***

Göýä hiç kim mençe dälem

Haýran maňa bu giň älem

Sen diýýän-ä "Janym Läläm"

Şoň şanyna ýazyp gezjek

Sen ýanymda bol.

Läle Saparowa