Seretsene ýyldyzlara,
Seniň halaýan gijäň şu.
Duçar eden ýalňyzlyga,
Seniň halaýan gijäň şu.
Göwsünde goçak Aýy bar,
Nurdan püre-pür jaýy bar.
Bir artygy: Suraýy bar,
Seniň halaýan gijäň şu.
Nowjuwan yşgymdan saýran,
Sada bolup geçsin söýmäm,
Özüň ýaly dymma haýran,
Seniň halaýan gijäň şu.
Şirwan perdä kakanym meň,
Didelerne bakanym meň,
Garaş, Arşa çykaryn men,
Seniň halaýan gijäň şu.
Gutarmanda nä aýralyk,
Ol diňe sähel aralyk,
Gujakla meni azajyk,
Seniň halaýan gijäň şu.
Meň el degmedik, günäsiz
Söýgimi aňýanam dälsiň,
"Müň bir gijedenem" täsin,
Seniň halaýan gijäň şu.
2024-nji ýyl.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (14)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň