Bilemok.

Belki özümiň bolup bilmänligim sebäpli, (nähili akmak eşidilýänem bolsa) akýürekli, tämiz bahyllyk bardyr.

Ýöne, “şahyr” diýlende, adatça, tolkun atyp duran, pessaýrak gaýly, gomlaryny eýläk-beýläk oklap-gapdy oýnaýan Mähnet Umman göz öňüme gelýär.

Hamana, şol Umman – Şygryýet Ummanymyş.

Şahyrlar bolsa, şol Ummanyň gomlaryny “eýerlän” serfingistler.

Umman çyrpynyp, äpet gomuny kenara sürýär.

Suw bilen Topragyň ebedilik gapma-garşylygynyň hatyrasynamy ýa-da başga bir, diňe özlerine aýan, özgelere güman sebäpdenmi, aýrylmaz hemrasy hem ganym garawuly Kenara hüjüm edýär.

Şol pille-de, serfing tagtasynyň üstünde ýüzin ýatyp, Kenardan tolkuny “tutmak” üçin, gulaçlap ýüzüp barýan göwrä gözüň düşýär.

Ummandyr Kenaryň, öz üstüne sürnüp gelýän äpet Tolkunyň ýanynda ojagaz göwre kindiwanja.

Göwnüňe bolmasa, öz gursagynda Ummanyň ähli gazabynam, kuwwatynam jemläne çalym edýän Gom ony düýrläp holtumyna dykaga-da, ýuwdup, mynjyradyp, gark edip taşlaýarly görünýär.

Emma, birdenkä şol gaýratly göwrejik, tagtasynyň üstünde dikelip, örboýuna galýar-da, Tolkuny eýerleýär.

Astynda däli Umman.

Depesinde tükeniksiz Mawulyk.

Arkasynda Kenar.

Alnynda Gözýetim.

Gollaryny ganat deýin, giň gerýär-de, Tolkunyň badyna hem ugruna, tagtajygynyň üstünde leňňer atyp, haýsydyr bir näbelli alyslyga garşy myçyp barýar, uçup barýar...

Şol pursadam gözüňe şol tagtajykdyr, onuň üstünde hallan atýan göwrejik äpet Tolkunyň däl-de, tersine, şol Tolkun şol göwräň erkine tabynlykda, onuň süren ugruna sürünýän ýaly bolýar.

Belki şeýledirem...

Indi, meniň göz öňüme getirişimçe, bujagaz allegoriýaň manysy:

Umman – bu Şygryýet (Döredijilik);

Serfingist – Şahyr;

Serfing tagtasy – Şahyryň zehini, hyjuwy, yhlasy, zähmetsöýerligi;

Tolkun – Jemgyýetiň pikiri, duýgusy, aňy, kalby;

Kenar – Durmuş, ykbal;

Gözýetim – Şahyryň ynanjy, uýýan zatlary;

Mawulyk – elýetmez arzuw, ideal...

Indi, özi “Kenarda galyp” diňe “hakyky serfingistleri” gözigidijilik bilen synlamagy halaýan, Puşkin aýtmyş: “ol-bu zatlary eýdip-beýdip öwrenen” biri hökmünde, şu allegoriýany getirmek bilen diýjek bolan zadymy aýdaýyn:

Hakykatdanam “serfingist” bolup, şeýle “Tolkuny”  “eýerlemek” bagtyna-da, ýüküne-de her bir söz sepleýän mynasyp bolup bilmeýär.

Ýöne, şol däli Ummanyň Tolkunyny eýerläniňden soň, başarsaň, ondan düşmejek bolmalymyka diýýän.

Elbetde, “Tolkundan düşüp, täze Tolkunam eýerläp” bolar-la welin...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Ikinji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.