Bir wagtlar futbol dünýäsiniň merkezi Madrid, Barselona ýa-da Mançester däldi. Ol Milanda, Turinde, Neapolda-dy.

Muny delil bilen aýdaýyn: 1982-nji ýyldan 1998-nji ýyla çenli berlen 17 "Altyn topuň" 13-si Italiýada oýnaýan futbolçylara gitdi. On ýediden on üç. On ýylyň dowamynda italýan toparlary Çempionlar ligasynyň we UEFA kubogynyň finalyna dokuz gezek çykdy; käbir ýyllarda bolsa finalyň iki tarapynda hem italýan topary durdy. Kubok kime ýetse-de, şol gije Italiýanyň haýsydyr bir şäherinde salýut atylýardy.

90-njy ýyllarda Seriýa A-da Ronaldo, Zidan, Şewçenko, Wýeri, Del Pýero, Roberto Badjo, Maldini we Batistuta oýnaýardy. Sanawy ýene-de dowam edibermeli, ýöne bes edeýin - belli bir ýerden soň bu sanaw ýatlama bolmagyny bes edip, ýara bolýar.
Sebäbi bu gün şol ligada başga sanlar bar. On alty ýyl bäri Çempionlar Ligasy ýok - ony soňky gezek 2010-njy ýylda "Inter" alypdy. Toparlaryň umumy bergisi 5 milliard ýewrodan geçdi. Dünýäniň iň gymmat 20 futbolçysynyň arasynda bolsa Italiýadan ýeke oýunçy hem ýok.
Ýeke sany hem. Şol ýigrimiden sekizisi Angliýada oýnaýar.
Bu şowsuzlyk däl. Bu - onlarça ýyllap görmezlige salnan meseleleriň hasabatynyň gelmegi. Nädip beýle bolandygyny yzarlap göreliň.
Diňe öňünden bir zady aýdyp goýaýyn: bu tekstiň dowamynda köp zat ýykylar. Ýöne ahyrynda ýykylmadyk bir zat galar, we tutuş gürrüň hakykatda şol hakda.

Pul hasaplanmaýardy, sarp edilýärdi
Ähli zat pul bilen başlady. 80-nji ýyllarda Italiýa ykdysady partlamany başdan geçirdi: ýurt dünýäniň bäşinji ykdysadyýetine öwrüldi, 1987-nji ýylda JIÖ boýunça Beýik Britaniýany hem geçdi. Bu jümläni bu gün okamak biraz düýş ýaly.
Toparlar baý senagat maşgalalarynyň elindedi, we olar üçin futbol biznes däldi. Futbol - abraý, syýasy agram, käte bolsa ýönekeý men-menlik. Şoňa görä pul hasaplanmaýardy, diňe sarp edilýärdi.
Muny bir mysal bilen düşündireýin. Häzirki dilde aýdylanda: bir tikin fabrigi Mbappeni satyn alýar, "Real" bolsa yzynda galýar. Gülkünç eşidilýär, şeýlemi? Emma 1978-nji ýylda edil şeýle boldy — kiçijik "Wiçensa" ýapyk auksionda "Ýuwentusy" geçip, Paolo Rossini şol döwür üçin akyla sygmaýan 2,6 milliard lira satyn aldy. Toparyň arkasynda bir tekstil kompaniýasy durýardy.

Grandlar hakda gürrüň hem ýok. Berluskoni "Milana" pul guýýardy, "Ýuwentusyň" arkasynda Fiat we Ferrari maşgalasy durýardy, "Interiň" arkasynda nebit puly bardy. "Parmanyň" arkasynda bolsa süýt zawody — Parmalat. Hawa, ýogurt satyp Stoiçkow satyn alýan bir topar. Şonda bu degişme ýaly eşidilýärdi; on ýyldan soň Parmalat ýykylanda, degişmäniň aslynda duýduryş bolandygy belli boldy.
Şol býujetler bilen Italiýa diňe oýunçy satyn almady - futbolyň özüni oýlap tapdy. Sakkiniň zonal pressingi, Lippiniň demir düzgüni, Ançelottiniň taktiki paýhasy: bularyň hemmesi şol ýerde doguldy, sebäbi trenerleriň elinde planetanyň iň gowy ýerine ýetirijileri bardy. Dünýä çempionaty-1990-a gurlan täze stadionlar her ýekşenbe hyryn-dykyn dolýardy.
Dünýä Italiýa seredýärdi. Hut şonuň üçin hem Italiýa başga hiç ýere seretmedi.

1992: iňlisleriň Milanda äsgerilmedik pikiri
1992-nji ýyl. Ýigrimi iki iňlis topary köne ligadan bölünip, Premýer-Ligany döretdi. Maksat sport däl - pul.
Şu ýerde bir zada düşünmek gerek, sebäbi tutuş waka şoňa bagly. Şol wagta çenli her topar telewideniýe bilen özi söwda edýärdi: uly toparyň bahasy uly, kiçi toparyň bahasy kiçi. Iňlisler muny ýatyrdylar. Indi ähli oýunlaryň görkezilmek hukugyny liga bir bolup, bir bahadan satjakdy, gelen puly bolsa formula boýunça hemme topara paýlajakdy. Iň kän pul çempiona gitse-de, iň soňky orundaky topar hem stadionyny abatlar ýaly, akademiýasyny saklar ýaly paý aljakdy.
Netije bir ýylda göründi: teleşertnama 44 million funtdan 191 milliona bökdi.
Italiýada bu habara nähili seretdiler? Gülüp.
Italýan elitasynyň nazarynda iňlis futboly heniz krizisdedi: toparlar bäş ýyllyk halkara gadagançylykdan ýaňy dolanýardy, stadionlar könedi, tribunalary huliganlar dolandyrýardy, oýnuň özi bolsa "ylga, nawes galdyr, kelle bilen ur" hasaplanýardy. Ronaldo bilen Roberto Badjonyň oýnuna seredip oturan bir adam üçin Angliýadan gelen bu habar diňe buhgalter oýnydy.
Ýöne hut şol buhgalter oýny futboly üýtgetdi. Iňlisler şol gün täze bir zat oýlap tapdylar: eýesiniň keýpine bagly bolmadyk, her ýyl hökman gelýän, banka görkezip karz alyp boljak girdeji. Italýanlar bolsa öz köne usulyna - bir baý adamyň jübüsine - ynanmagy dowam etdiler.
Aýtjak bolýanym: şol gün Angliýada futbol ligasy däl, biznes gurluşy döredildi. Italiýada muny on ýyl soň bildiler - haçan pullary gutaranda.

"Sette Sorelle " ýedi uýa birin-birin ýykylýar
Daşyndan seredeniňde 90-njy ýyllar Italiýanyň iň gowy ýyllarydy. Hakykatda bolsa hut şol ýyllarda içinden çüýreme başlady.
Sebäbi Italiýa iňlisleriň ýoluna geçmedi. Angliýada telepul hemme topara paýlanýardy, Italiýada bolsa her topar özi söwda edýärdi. Netije çak edişiň ýaly: janköýeri köp "Ýuwentus", "Milan" we "Inter" puluň esasy bölegini alýardy, galanlar saçagyň gyrasyndaky owuntyklary ýygnaýardy. Bu deňsizlik başda göze ilmeýärdi, sebäbi kiçi toparlaryň ýetmezçiligini baý eýeleri öz jübüsinden ýapýardy.
Ýöne 2002-nji ýylyň sentýabrynda perde galdy. Tapawut şeýle bir uludy welin, çempionat öz wagtynda başlap bilmedi.
Dogry okadyňyz: dünýäniň iň güýçli ligasy möwsümi resmi taýdan yza süýşürmeli boldy. Sekiz topar özlerine hödürlenen kemsidiji şertnama gol çekmekden ýüz öwürdi - olara teklip edilen pul "Ýuwentusyň" şol bir möwsümde alýanyndan on esseden gowrak azdy. Ýagny bir çempionatyň içinde iki dürli dünýä bardy.
Ondan soň dargamak başlady, we ol örän çalt bolup geçdi.
Şu ýerde bir zady düşündireýin. Şol ýyllarda Italiýada hemişe titul ugrunda göreşýän ýedi topar bardy: "Ýuwentus", "Milan", "Inter", "Roma", "Lasio", "Parma" we "Fiorentina". Italýanlar olara "Sette Sorelle" — "ýedi uýa" diýýärdiler. Ine, şol ýedi uýanyň ýarysy birnäçe ýylyň içinde ýykyldy.

Sebäbi olaryň güýji özlerinde däl-de, arkasyndaky kompaniýada-dy. "Lasionyň" eýesi Serjio Kranýottiniň agrosenagat imperiýasy hem, "Parmanyň" arkasyndaky azyk ägirdi Parmalat hem milliardlarça bergi we jenaýat işleri bilen dargady. Düýn Krespony, Türamy, Nedwedi, Stoiçkowy satyn alýan iki topar bir gijede pulsuz galdy. Yzýany "Fiorentina" bankrot bolup, aşaky diwizionlara gaçdy. 2004-nji ýylda bolsa "Napoli" professional statusyny ýitirip, Seriýa C-de peýda boldy — Maradonanyň şäheri, üçünji ligada.
Ýagny mesele bir toparyň şowsuzlygy däldi. Ölen zat "gapjyk modelidi": toparyň öz girdejisi ýok bolsa we ähli zat bir baý adamyň kompaniýasyna daýanýan bolsa, şol kompaniýa ýykylan güni topar hem ýykylýar. Futbol taryhynda hiç bir goragçy ýogurt zawodyny halas edip bilmedi.

Italýan menejmentiniň ýalňyşy bir jümlede aýdylýar:
çempionatyň güýji üç ägirdiň güýji bilen däl-de, ortaça toparlaryň ýaşamaga ukyplylygy bilen ölçenýär.
Iňlisler muňa 1992-nji ýylda düşündi, italýanlar entek düşünenok.
Şu günki Premýer-Ligany güýçli edýän zat "Man Siti" däl. Aşaky orundaky, ýaňy ýokary galan topar hem bir tomusda ýüz million ýewro sarp edip bilýär - güýç asyl şunda. Ligadan gaçyp giden bir iňlis topary telewideniýeden Seriýa A-nyň ortaça toparynyň ähli çeşmelerden gazanýan puly ýaly alýar. Ýagny Angliýada "gaçmak" hem Italiýada "ortaça bolmakdan" girdejili.

Kalçopoli: kubok göterilýärkä okalan jynaza
Şeýdip Italiýa ejizläp durka, 2006-njy ýylyň aprelinde "La Gazzetta dello Sport" gazeti ýurdy bir sahypa bilen oýardy.
Gazetde çap edilen zat adaty makala däldi - prokuratura tarapyndan diňlenen telefon gepleşikleriniň göni ýazgylarydy. Şol gepleşikleriň bir tarapynda "Ýuwentusyň" baş direktory Luçano Modji, beýleki tarapynda bolsa Italiýanyň iň belli eminleri we emin bellemek işine jogap berýän resmiler otyrdy.

Ýagny meýdanda oýnalmaly oýun barada kabinetde, oýundan öň gürleşilýärdi.
Ýazgylarda onlarça sport resmisiniň, birnäçe uly toparyň, hatda bir ministriň ady tutuldy. Ýönekeý dilde: liganyň ýokary gatlagynyň bir bölegi netijäni topuň däl-de, telefonyň üsti bilen çözýärdi.
Bu waka "Kalçopoli" ady bilen taryha girdi we birnäçe hepdäniň içinde bir asyrlyk abraýy ýere dökdi. "Ýuwentus" Seriýa B-ä ugradyldy we iki tituldan mahrum edildi; "Fiorentina", "Lasio" we "Milan" utuk aýyrmak jezasyny aldy.
Iň ajysy nirede bilýärsiňizmi? Meýdanda hemme zat entek gowudy. Şol tomus Italiýanyň ýygyndysy dünýä çempiony boldy, indiki ýyl "Milan" Çempionlar Ligasyny aldy. Ýagny bir tarapda kubok göterilýärdi, beýleki tarapda liganyň jynazasy okalýardy.

Ýöne pul futboldan çalt gaçýar. Hemaýatkärler üçin Seriýa A zäherli aktiwe öwrüldi - hiç bir brend öz adyny korrupsiýanyň ýanynda görkezesi gelmedi, we täjirçilik girdejileri ýykyldy.
Şol bir wagtda iňlis futboluna amerikan milliardlary, ispan futboluna bolsa Messi bilen Kriştianu Ronaldunyň eýýamy geldi. Italiýa bergi bilen we ejizleýän maşgala kapitallary bilen galdy.

2008: düzetjek bolup, ýene bulaşdyrmak
2008-nji ýylda hökümet ahyry işe goşuldy. Kabul edilen kanunyň manysy ýönekeý: mundan beýläk hiç bir topar telewideniýe bilen özi söwda edip bilmez. Hukugy liga bir bolup satar, gelen puly formula boýunça hemme topara paýlar.
Ýagny italýanlar on alty ýyldan soň iňlisleriň 1992-nji ýylda eden işini gaýtalamak kararyna geldiler. Giç, ýöne dogry karar. Eger kanun şu ýerde gutaran bolsa, bu blogyň soňy hem başgaça bolardy.
Ýöne kanuna ýene iki bent goşuldy. Şol iki bent liganyň on ýylyny iýdi.
Düşündirmezden öň bir sahna göz öňüne getir. Sen telekanalyň eýesi. Ligany satyn aldyň, studiýa gurduň, ýyldyz kommentatorlar tutduň, tutuş ýurdy reklama bilen doldurdyň, ahyry abonent ýygnadyň. Bu maýanyň gaýdyp gelmegi üçin näçe wagt gerek? Bäş ýyl, alty ýyl.
Emma kanun saňa üç ýyl berýär. Dördünji ýylda liga goňşy kanala geçip biler - we sen ýygnan tomaşaçyňy oňa mugt sowgat edersiň.
Şeýle şertde sen näme edersiň? Örän ýönekeý zat: az tölärsiň, az mahabatlandyrarsyň. Sebäbi öz öýüňde däl-de, myhmanhanada ýaşaýarsyň.
Ine, kanunyň birinji bendi şuny etdi: teleşertnama üç ýyldan uzak bolup bilmez.
Zyýan diňe kanallar bilen gutarmady. Üç ýyllyk girdeji bilen banka baryp: "Maňa stadion gurmana karz beriň" diýip bolanok - bank dördünji ýylda näme boljagyny soraýar, jogap bolsa ýok. Angliýada, Fransiýada, Germaniýada şertnamalar dört, bäş, alty ýyllyk. Italiýa özüni bilgeşleýin gysga demde goýdy. Liga ýyllar boýy kanaldan kanala bökdi; janköýer her üç ýyldan täze abunany gözlemeli boldy, käbiri bolsa ýadap, gözlemegini goýdy.

Ikinji bende düşünmek üçin bolsa telewideniýäniň bir kanunyny bilmek gerek: ol ýerde iň gymmat zat - özbaşdaklyk. "Bu oýunlar diňe mende bar" diýip bilmek. Kanallar hut şonuň üçin biri-biriniň üstünden bahany galdyrýarlar. Angliýada Sky her gezek auksionda "eger utulsam, futbolsyz galaryn" diýen gorky bilen akyla sygmaýan pul teklip edýär. Şol gorky - liganyň iň gowy söwdagäri.
Italýan kanuny bolsa kanallara şeýle diýdi: gorkmaň, hemmäňize ýeter. Oýunlar bölünip satylar, hiç kim hiç zady bütinleý ýitirmez.
Hiç kim hiç zady ýitirmese, hiç kim artykmaç hem tölemeýär.
Iki bendiň bahasy: Seriýa A soňky şertnama boýunça ýylda bary-ýogy 900 million ýewro ylalaşyp bildi — Premýer-Liganyň alýanynyň ýanynda kiçijik san. Toparlaryň eýeleri muny açyk tankytladylar, ýöne kanun kanun.
Ondan soň zynjyr özi işleýär, we ol örän ýönekeý: az telepul - az býujet - dünýä ýyldyzyny alyp bolmaýar - düzümler arzan daşary ýurtlylar bilen dolýar - ýaş italýanlara meýdanda ýer galanok - birnäçe ýyldan soň ýygyndy hem ejizleýär.
Bir kanun bilen bir futbol mekdebini şeýdip ýapyp bolýan ekeni.

Öz öýüň bolmasa
Ýöne telewideniýe meseläniň diňe ýarysy. Dünýäniň iň gowy teleşertnamasyny alsaň hem, özüňe degişli bolmadyk köne stadionda oýnasaň, netije üýtgänok.
Häzirki zaman futbolynda stadion diňe oýnalýan ýer däl - ol toparyň esasy emlägi we iň durnukly girdeji çeşmesi. Bilet, iýmit-içgi, dükan, muzeý, VIP-loža, tomusda konsert, üstesine neýming hukugy - ýagny stadiona öz adyny goýmak isleýän kompaniýadan alynýan pul.
Italiýada bolsa arenalaryň aglabasy şäher häkimlikleriniňki. Seriýa A-da öz stadiony bar bary-ýogy bäş toparda; galanlary - kärendeçi.
Kärendeçi bolmak näme diýmek? Neýmingden bir sent hem alaňok, sebäbi stadion seniňki däl. Oýun gününde ýygnanan puluň bir bölegini şähere bermeli. Iň gyzygy hem: gowulandyrmaga hakyň ýok. Loža goşmak, muzeý açmak, tomaşaça ýylylyk bermek isleseň - aýlarça, käte ýyllarça rugsat kagyzlarynyň yzynda ylgamaly.

Jaýy kärendesine alyp, hojaýyndan penjire çalyşmaga rugsat soraýan adam ýaly. Diňe bu jaýa hepdede elli müň adam gelýär.
Munuň bahasy näçe? Bir deňeşdirme ýeterlik.
"Napoli" - Italiýanyň soňky çempionlarynyň biri. Maradona stadionynda elli bäş müň orun, we ol şäherde futbol din. Oýun gününden gelýän ýyllyk girdejisi: 41 million ýewro.
"Tottenhem" - iki möwsüm yzly-yzyna on ýedinji orunda gutardy, ýagny ligadan gaçmakdan zordan halas boldy. Şol bir görkeziji: 150 million.
Hawa, Angliýa bilen Italiýanyň ykdysady tapawudy bar, muny inkär edip bolmaz. Ýöne Neapolda janköýerçilik derejesi Londondan pes däl. Ol ýerde ýetmeýän zat höwes däl - ýetmeýän zat bina.

Netije bolsa diňe girdeji bilen gutarmaýar. Öz stadiony bolan topar banka baryp: "Ine, meniň emlägim, ine, her ýyl gelýän girdejim — karz beriň" diýip bilýär. "Tottenhem" pandemiýa döwründe hut şeýdip 175 million funt aldy. "Napoliniň" ýa-da "Romanyň" elinde bolsa kult brendi bar, emläk ýok. Diýmek, karz hem ýok.

Satmakdan başga çykalga galmadyk topar
Pul gelýän çeşmelere seredeliň: telepul az, stadion özüňki däl, emläk ýok, diýmek karz hem ýok. Onda toparyň elinde näme galýar?
Diňe bir zat: oýunçylar.
Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň öz hasabatyna görä, Seriýa A-nyň umumy girdejisiniň 20%-den gowragy oýunçy satmakdan gelýär. Beýleki uly ligalarda bu görkeziji iki-üç esse pes, sebäbi olaryň esasy puly telewideniýeden we hemaýatkärlerden gelýär.

Bu san gury görünýär, ýöne onuň aňyrsynda janköýer üçin gaty ajy bir zat dur. Ol şuny aňladýar: ligada iň gowy oýnaýan futbolçy şol ligada galmaz.
Ol satylar. Hökman satylar. Sebäbi toparyň býujeti oňa bagly.
Şeýdip Italiýa dünýäniň iň ussat ýyldyz ösdürijisine we şol bir wagtda iň ökde ýyldyz satyjysyna öwrüldi. Sen bir ýaş oýunça bir möwsüm tomaşa edýärsiň, onuň her hereketini öwrenýärsiň, futbolkasyny satyn alýarsyň - soň tomusda ol Angliýa uçýar, sen bolsa täze futbolka satyn alýarsyň.
Iň ýamany bolsa şu: şol satuwdan gelen pul täze ýyldyza gitmeýär. Ol bergini ýapmaga gidýär. Ýagny topar öz iň gowy oýunçysyny geljegi üçin däl, geçmişde edilen ýalňyşlaryň hasabyny üzmek üçin satýar.
Bu topar däl-de, eksport kärhanasy. Ýeke tapawudy - bu ýerde eksport edilýän haryda janköýer bir ýyl aşyk bolup ýetişýär.
Üstesine bu girdeji juda ynamsyz. Oýunçy şikeslenip biler, formasyny ýitirip biler, şertnamasy gutaryp mugt gidip biler. Şeýle çeşmäniň üstünde bir ýyllyk býujeti hem gurup bolanok, bäş ýyllyk meýilnamany-ha aňyrda goýaý.

Umyt: amerikalylar, beton we Ýewro-2032
Şu ýerde blogy gutarmak aňsat bolardy. Ýöne men janköýer, we janköýeriň bir bejerip bolmaýan endigi bar - soňky sahypada umyt gözlemek. Bu gezek ol hakykatdan hem bar.
Soňky on ýylda Seriýa A amerikan maýasy akyp başlady. Bu ýerde romantika ýok, muny açyk aýdaýyn: olar Italiýa futboly söýýändikleri üçin gelmediler. Olar bergä batan, ýykylmagyna az galan legendar toparlaryň arzanlandygyny gördüler we satyn aldylar. Ýagny Ýewropanyň iň şöhratly klublary bir asyrlyk taryhy bilen bilelikde arzanladyş tekjesine düşdi. Şu jümläni ýazmak hem agyr.
Häzir sekiz topar amerikalylaryňky, şol sanda "Milan", "Inter" we "Roma".
Ýöne hut şu ýerde ýagdaý öwrülýär. Amerikalylar sport biznesini bilýärler, we olaryň birinji sowaly hemişe şol bir sowal: "Bu toparyň öz stadiony barmy?" Olar üçin arena diňe bina däl - dükan, restoran, muzeý, konsert meýdançasy, ýagny hepdäniň ýedi güni işleýän kärhana. Şeýle bina gurmak olar üçin problema däl.

Problema başgady: italýan bürokratiýasy. Bir stadion üçin gerek bolan rugsatlaryň sanawy şeýle bir uzyndy welin, käbir taslamalar on ýyllap kagyz ýüzünde ýatdy. Milanda "San-Siro" barada birinji jedeller entek Berluskoniniň döwründe başlapdy.
Ony gozgan zat bolsa akyl däl, gorky boldy. Ýewro-2032 golaýlaýar we ony Italiýa Türkiýe bilen bilelikde kabul edýär. UEFA italýan stadionlaryna seredip, açyk aýtdy: bu arenalar bilen çempionaty size beresimiz gelenok.
Şondan soň kagyzlar birdenkä çalt gymyldap ugrady.
"San-Sironyň" ýykylmagy eýýäm çözüldi. Hawa, ýykylmagy. Sakkiniň "Milany" oýnan meýdan, Ýewropanyň iň meşhur gijeleriniň sahnasy - buldozeriň aşagynda galar. Muny okanyňda içiňde bir zat gymyldaýar, ýöne dogrusy şu: köne binany gorap, topary saklap bolmaýar.

"Roma" altmyş müň orunlyk öz arenasyny meýilleşdirýär. Florensiýada we Bolonýada işler eýýäm başlandy.
Ýagny Italiýany ahyrsoňy üýtgemäge mejbur eden zat ýene-de ýitirmek gorkusy boldy. Belki-de bu ýurtda hemme zat şeýle işleýändir.
Ýöne netije möhüm. Häzirki zaman arenasy we amerikalylaryň şow gurnamak ukyby - bu Seriýa A-nyň iň gowşak ýerini, ýagny oýun gününden gelýän girdejini birbada iki-üç esse ýokary galdyryp biler.
Belki-de imperiýalar hut şeýdip dolanýandyr: aýdymdan däl, betondan.

Ýykylmadyk ýeke-täk zat
Başda size bir zat wada beripdim: bu tekstiň dowamynda köp zat ýykylar, ýöne ahyrynda ýykylmadyk bir zat galar.
Indi ýykylanlaryň sanawyna serediň. Kompaniýalar ýykyldy. Býujetler ýykyldy. Teleşertnamalar ýykyldy. Abraý ýykyldy. Indi bolsa "San-Sironyň" özi ýykylýar - diwarlaryna çenli.
Ýöne şu ähli ýykylyşyň arasynda bir zat ýerinde galdy.
Neapolda ýekşenbe güni köçeler boşaýar, ähli halk stadiona ylgaýar. Şäher bir asyrda birnäçe gezek bergä batdy, topary üçünji liga gaçdy, iň gowy oýunçylary birin-birin satyldy. Ýöne şol şäher hiç haçan futboldan ýüz öwürmedi.
2004-nji ýylda "Napoli" ýok edilende hem tribunalarda adam bardy. Seriýa C-de. Üçünji ligada oýnaýan bir topary görmäge şol möwsüm her oýunda ortaça elli müňe golaý adam geldi — kubok üçin däl, geljek üçin däl, diňe topary ýalňyz galmasyn diýip.
Ine, hakyky aktiw. Balansda ýazylmaýan, satyp bolmaýan, bergä-de gitmeýän ýeke-täk aktiw. Amerikalylar Italiýa hut şonuň üçin geldiler: stadionlary köne, býujetleri boş - ýöne bu ýurtda futbola bolan söýgi hiç haçan arzanlamady.

Bir gün "San-Sironyň" ýerinde täze arena durar. Onuň betony sowuk bolar, oturgyçlary tanyş bolmaz, we ilkinji baranyňda ol saňa gaty nätanyş görüner. Soň bolsa ýaşuly bir adam agtygynyň elinden tutup, şol täze tribunanyň basgançagyndan çykar we oňa şeýle diýer:
"Ine, edil şu ýerde, mundan kyrk ýyl öň, meniň kakam maňa Maldinini görkezipdi."
Şol pursat imperiýa dolanar. Kubok bilen däl. Ýatlamanyň bir nesilden başga nesle geçmegi bilen.
Sebäbi topar bergä batyp biler, stadion ýykylyp biler, ýyldyz satylyp biler. Ýöne kakasy bilen bilelikde meýdana seredip oturan bir oglanjygy hiç kim satyn alyp bilenok.
Şoňa çenli bolsa biz bu ýerde - her ýekşenbe, şol bir ekranyň öňünde, şol bir umyt bilen: "belki indiki ýyl".
Forza Italia. Forza Milan.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...