Atam pahyr, kakam 3 ýaşyndaka uruşda wepat bolupdyr.

Kakamy, ýene bir gyzjagaz bilen oglanjygy enem görgüli terbiýeläpdir.

Kakam on iki ýaşynda küştde Türkmenistanyň çempiony bolupdyr. 1952-nji ýylda. Şonda kakama bir gyňaç, arzanjak kubokjagaz, hormat haty, bir erkek kişilik köýnek-jalbarlyk matany baýrak beripdirler. Kakam erkek eşiklik matasyny ýaryşda ikinji ýer alan, çalsaç ermeni adamsyna serpaý ýapylan aýal köýneklik mata bilen çalşypdyr. Ýogsa kakama berlen mata onuň çalşan matasyndan iki esse dagy gymmat ekeni. Çagadyr-da. Şol mata böleginiň näme matadygyna-ha bilemok. Ýöne gyňaja uçursyz begenen enem pahyr, soň-soňlaram kakamyň çalşyp özüne getirip beren köýneklik matasyna gynanyp, gaharlanyp, käýiner ýörer eken.

Baýraklyk gyňajy bolsa juda apalap saklapdyr. Ony begenip, buýsanyp her toýa daňynsa-da, köýneklikden özüne köýnegi, walla kessin, kakam pahyr näçe käkelese-de tikinmändir. Soň şol mata bölegini enem görgüli ejeme beripdir. Ejemem ony hiç zada ulanmandyr. Sebäbi ol mata ejeme gelip ýetýänçä üstünden ýyllar ötüp, modadan gaçyp gidipdir.

Belki oglanlykda şol «mata bölegi» hakyndaky maşgala rowaýatymyz gulagymda galandyrda, aňastaňyma täsirini ýetirendir-dä, 2007-nji ýylda iki-üç sany taryhy hekaýalarym sebäp boldy-da, maňa «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri diýdiler:-). Şonda altyn zynjyr bilen bilelikde müň dollar peşgeş berildi. Öýe geldim. Ejem pahyr heziller etdi. Egnimde prokuraturanyň uly sülçüsiniň ýörite lybasy bolansoň gözüne üýtgeşik görünýändirin-dä. Ogullarym-a entek çülpeje. Biri-birinden meni gabanyp, özlerini götertjek bolup, daşymda kebelek. 

Baýraklarymy, elime berlen mähnet gül dessesini ejeme bersem, ol tylla zynjyrly gutynyň, hormat hatynyň, pully bukjanyň, gül dessesiniň ýüzünden elini çala ýöredip, birki sapar sypady-da: «Al gyzym, nesip etsin, hemmesini äkit-de ýygna, toýuňyza ýarasyn, çagajyklaryňyza, özüňize rysgal-bereket getirsin» diýip, hemmesiniň başyny bozman başdaşyma uzatdy. 

Soňam ýanynda otursam, kän geýilmän, diňe dabarada geýilýändigi sebäpli düzüwli täpbe-täzejelik gylam gyrylmaga ýetişmedik lybas-penjegimiň ýeňinden, göýä onuň wawwasy bar ýaly ummasyz seresaplylyk bilen gurap çöpe dönen eljagazyny şo-o-l ýöretdi oturdy. 

Bir gysym bolup, eşretden ýaňa gözüni süzüp oturyşam, göwnüme bolmasa görgüliniň: «Bäh, şunam men dogrup, men ulaldyp, şu sypatyna men getiräýdimmikäm? Şu-da meniň şojagaz bäbejigimmikä?» diýip gözi bilen görýänine-de ynanman, eli bilen barlap görýäne meňzeýän ýaly boldy durdy.

Soň birdenkä kelläme geldi. 

-Häzir gelýän, eje,-diýdim-de, içerik girip hatynymdan ýaňky pully bukjany aldym. Içinden 200 dollaryny sogurdym. «Ýör, senem» diýip onam ýanyma aldym-da, jigimiň ulagynda Büzmeýiniň bazaryna gitdik. Şol ýerde dollary böldüribem mata dükanyna bardyk. Onsoň men-ä ol zatlardan gaty daşda, hatynym: «şu gowusy, göze gelimlisi» diýip bir matany saýlady. Şondanam ejeme, başdaşyma, uýalaryma, gelnejelerime, agalarymyň, uýalarymyň gyzjagazlarynyň her haýsyna bir kişilik mata alyp gaýtdyk. Getiribem aýalym hemmesine paýlap çykdy. Begendiler. Ejem görgülem:

-Wah, maňa nämä gerekdi, maňa nämä gerekdi, beýtmeli dälem eken-dä, çagalara, gyzlara, gelinlere alanyňyz besdir-dä...-diýip näçe ýanjasa-da, ýüzünden-gözünden okap durun, begenişi kindiwanja agtyjaklarynyňkydan peslär ýaly däl.

Kakamyň eneme beren mata bölegi hakyndaky «rowaýatdan» habarly iň uly agam, şol gün daşarda ikiçäk otyrkak: «Başgasyna-da taňryýalkasyn, galanlaram hiç däl-le welin, ejemä-hä ýaman oňardyň-aý, şuny» diýip hümürdedi.

«Bilýän» diýdim, içimden.

Daşymdanam sesimi çykarman, gepi başga ýana sowansyraýdym...

...Ertesi günem kakamyň eneme beren «mata bölegi» bilen bolan «rowaýat» gaýtalanmaz ýaly, hatynyma ýene pul berdim-de:

-Bar, özüňkinem, ejemiňkinem äkit-de, köýnek tikýän gyzlara tikdirip gel!-diýdim.

Tikdirdiler.

Yz ýany körpe jigimi öýerdik.

Hemmesi toýda geýdiler.

Ejemem geýdi.

Durmuş-da.

Wakaň yzyna waka sepleşip, şo-o-l uzalyp gidip otyr-da.

«Dile geldi bile geldi» onam aýdaýyn. Özüme baýrak berlen puluň ujundan ogullaryma eşik aldym-da, galanynyňam hemmesini şol wagtky elýetmez arzuwym – gymmatbahaly kompýutere sarp etdim. 

Ondan bäri 19 ýyl geçdi. Şol kompýuterä-hä çagalar entegem ulanyp ýörler. Ýöne olaram täzesini, noutbugy, aýpady, smartfonlaryny ulananlaryny kem görenoklar. Köýneklerem, meger bolsa birmahal ýyrtylyp dagap, esgi bolup gidendir.

Emma, ýatlamalar welin, galdy.

Ine bu günem şol mata bölekleri hakyndaky şol ýatlamalar, birisä-hä ýetmiş, beýlekisem on dokuz ýyldan soň ýazylmak nesibesi çekip ýazyldy oturyberdi...

Täsin-aý, bu dünýä...

«Hiç zat bihuda ötenok, hiç zat bihuda ýitenok» diýilýäni...

...Ýene-de bir söz, Kerim agamyz aýtmyşlaýyn: “magtanmak däl, öwüt däl...”, o dünýäde:

-Ömrüňde näme ýagşy iş gaýyrdyň? Näçe-de ýamanlyk etdiň?-diýip hökman soralar. Muňa ýüz däl, müňem däl, tükeniksiz göterim ynanýan.

Şonda, anygyny bilýänä-hä Alladyr, ýöne eger mümkinçilik bolsa şeýle jogap berermikäm diýýän:

-Soragyň galan ýerin-ä, islesem-de, islemesem-de ýagşy-ýaman etmişlerim jogap berer... Ýöne özümiň anyk bilýän ýekeje ýagşy işim-ä, ejem bendäniň guwanjyndan, buýsanjyndan ýaňa meniň mendigime ynanyp bilmän, ýanymda ýeňimi sypap oturany...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.