Düýn agşam hem adatdakylar ýaly ýöriş etmäge çykdym. Ýaşaýan ýerimden uzak bolmadyk seýilgähe tarap ýöräp barýarkam, ýolugra başga bir seýilgähde oturdylan bir oturgyç (rus dilinde: скамейка) gözüme ildi. Oturgyç boşdy. Adatça beýleki günler geçemde, hemişe diýen ýaly kimdir biri şol oturgyçda oturýardy. Oturgyjyň boş duran wagty ýok diýen ýaly. Ýolboýy şol boş duran oturgyç barada oýlandym.

Köp ýyllaryň dowamynda şol oturgyçda, gör näçe adam oturandyr; arzuw besländir; daş-töweregini synlandyr; söwer ýary, tanyş-bilşi bilen gümür-ýamyr ededir; geljekki etsem-petsemlerini göz öňüne getirendir... Şeýle-de şol boş oturgyjy göremde bada-bat, meşhur “Ilkinji söýgüm” aýdymynyň “Syrly bolup galsyn, syrly gijeler; ony ile duýdurmaga hakym ýok...” diýen sözleri ýadyma düşdi.

Men hem ýolboýy, tä ýöriş edýän seýilgähime barýançam, hem-de ýöriş edem wagtym, şol boş oturgyçda häzire çenli näçe ýetginjegiň; ýaşuly adamyň; aşyk-magşuklaryň; dost-ýarlaryň... oturandygy barada oýa batdym.

Käte durmuşda adaty bolmaly zatlara biziň gözümiz hem ilmeýär. Biz olar barada köplenç asla pikir hem etmeýäris. Haçan-da, şol zat bolmaly ýerinde bolmasa, diňe şol wagt onuň kemçiligini duýýarys. Meniň ýolugra gören boş oturgyçm hem, şol adaty zatlaryň biri.

Şol oturgyçda gör, kimleriň ýaşlygy, juwanlygy geçendir. Şol oturgyçda belkem ýüzlerçe ýaş juwan ilkinji gezek ikiçäk duşuşyk edendir, geljekki gurjak bagtly durmuşlary barada gürrüň edip, arzuw ummanyna batandyr. Şeýle-de, diňe ýaşlaryň däl, köp sanly gartaşan adamlaryň hem arassa howada dem dynç alyp, gümür-ýamyr eden ýerine öwrülendir. Pensiýa ýaşyna ýeten ençe adam, şol oturgyçda oturyp, ýaşlygyny ýatlandyr; gabat garşysyndaky pýun meýdançasynda oýun oýnadan şadyýan çagalary görüp, çagalygny ýatlandyr.

Eger-de şol boş oturgyjyň dili bolsa, bize gör nähili gyzykly gürrüňleri, başdan geçirmeleri aýdyp bererdi.

Şeýle-de häzire çenli ýüzlerçe ýaş ýetginjegiň öz jogapsyz söýgüsi barada oýlanyp, ýalňyz we gamgyn halda şol boş oturgyçda oturandygna güwä geçip bilerin. Men öň telim gezek şol oturgyçda ýalňyz, keýpsiz halda asmana ýa-da uzaklara bakyp oturan ýaşlary görüpdim.

Hawa, gyş-ýaz, oturgyç hemişe şol öňki ýerinde dur. Durmuş, wagt bolsa beýle däl, öräz tiz geçýär. Haýsy ýaşda bolsa-da tapawudy ýok, ähli adamyň durmuşda öz başagaýlygy, aladasy bar. Biziň başagaýlyk bilen ýanyndan geçen mahalymyz gözümize ilmese-de, şol oturgyç oturdylan gününden bäri görüň, näçe wakalara şaýat bolandyr.

Meniň ýadymda. Talyp wagtym Çemen (asyl ady üýtgedildi) atly gyz bilen halaşýardym. Men Çemen bilen paýtagtymyzdaky meşhur “birinji parkda” birnäçe gezek ikiçäk duşuşyp, şol ýere oturdylan oturgyçlaryň birinde ençe sagat oturypdyk. Käte asmandaky ýyldyzlara seredip, özümiz ýaly jübüt bolup duran ýyldyza öz adymyzy dakypdyr. Käte bolsa, daş-töwerekde çagalary bilen seýilgähe gelen maşgalalary görüp, biziňem şeýle bagtly maşgalamyz, bala-çagalarymyz bolsun diýip arzuw edipdik. Şeýle-de, seýilgähde ýaňlanýan aýdymlary diňläpdik.

Bir gezek, ýaňy alyp gelen doňdurmamy Çemene berjek bolup, ýere gaçyranymam ýadymda. (Bäh, ysnat ekenimaý şol wagtlar).

Meniň düýn agşam ýöriş etmäge çykan mahalym ýolugra gören şol boş oturgyjym hem edil galyň kitap ýaly, ýatlamalara baýdyr. Diňe bir şol boş oturgyç däl, asyl seýilgählerde oturdylan ähli oturgyçlar hem şeýleräk birnäçe başdan geçirmelere, sansyz ýatlamalara şaýat bolandyr.

Düýnki çuňňur oýlanmadaň soň, şu günden beýläk, meniň gözümde diňe bir düýnki şol boş oturgyç däl, eýsem seýilgählerde oturdylan ähli oturgyçlara men başgaça göz bilen serederin. Ýolda mahalym her gezek bir oturgyjyň deňinden geçemde bir pursat hem bolsa, şol oturgyjyň şaýat bolan wakalary hakda oýlanaryn.

 


“ILKINJI SÖÝGÜMI ÄKITDI ÝYLLAR...”

 

Düýn şol boş oturgyjy gören mahalym, kelläme gelen ilkinji ýatlamalaryň biri, ýokarda belläp geçişim ýaly, ussat aýdymçy we teatr işgäri Nury Hudaýgulyýewiň aýdan meşhur “Ilkinji söýgüm” atly aýdymyň “Syrly bolup galsyn, syrly gijeler...” diýen sözleri. Şeýlelik bilen, bu gezekki ýazgymy, şol aýdymyň sözlerini size ýetirmek bilen jemleýärin.

 

Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar,

Men şony ýatlaýan şapak doganda,

Ýatlaýan bossanda açylan güller,

Gül ysyn ýaýradyp, atyr saçanda.

 

Aý-aýdyň gijeler akar boýunda,

Häzirem garaşýandyr wadaly ýerler,

Ýary taşlap barsam ýarsyz kenara,

Tolkunlar näzli ýar nirede diýerler.

 

Arzuwymda adyň aýdym bolsa-da,

Indi saňa ýar diýmäge hakym ýok,

Syrly bolup galsyn syrly gijeler,

Ony ile duýdurmaga hakym ýok.

 

Aldanyp özgäniň mekir alyna,

Sen bolduň söýgüňi ýalňyz goýan ýar,

Säherler ýaldyrap şapak doganda,

Seni süýji arzuw bilen oýarýar.

 

Aý-aýdyň gijeler akar boýunda,

Häzirem garaşýandyr wadaly ýerler,

Ýary taşlap barsam ýarsyz kenara,

Tolkunlar näzli ýar nirede diýerler.

 

Ýaşlykdan telmuryp aýdan aýdymym,

Ozal gaýtalanýar säher şemally,

Ýary ýatlap baksam aýly asmana,

Jemalyň ýatladýar aýyň jemaly.

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen suraty düşüren - Beýannama. Bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.