Şeýtanyň sazandasy ýa-da şeýtanyň skipkaçysy. Bu lakamlar meşhur italyan sazandasy we kompazitory Noccolo Paganina degişli. Oňa beýle lakamlar dakylmagynyň bir sebâbi adaty bolmadyk, gaýtalanmajak ukyby, zehini bolsa beýleki bir sebäbi daşgy görnüşi. Onuñ ten reňki beýleki adamlardan tapawutlylykda has açyk, sowuk bolupdyr. Barmaklary bolmalsyndan has uzun we maýyşgak bolupdyr. Döwrümizde Marfan sendromundan ejir çekýän adamlarda bu ýagdaý köp gabat gelýär. Ýöne Paganiniň döwürdeşleri onuň daşky görnüşini we aýratyn ukybyny şeýtan bilen baglanyşdyrypdyrlar. Onuň şeýtan bilen ylalaşygynyň bardygy, şol sebäpli şeyle üýtgeşik eserler döretýänligi barada gürrüňler ýaýraýar. Paganini bu gürrüňlere ses çykarmaýar. Gaýtam has gowy eserler döretmäge dowam edýâr. Galybersede ol konsert wagtynda skripkanyň tarlaryny bir-birden üzüp, ýekeje tar bilenem ajaýyp sazlary çalmagy başarypdyr. Ýeke tarda saz çalmak üçin notalar ýazypdyr. Paganini ömrüniň dowamynda notalaryny gizläp saklapdyr. Onuň bu hereketi ol baradaky gep-gürrüňleri hasam köpeldipdir. Adamlar oňa "Şeýtanyň skripkaçysy" diyip ýüzlenipdir. Ol ölüm düşeginde ýatan wagty katolik ybadathanasynyň ruhanysy "günä çykarmak" däbini ýerine ýetirmek isläpdir emma Paganini muny kabul etmändir. Beýtmek bilen ol özüniň "Şeýtanyň sazandasydygyny" kabul etdi diyip hasaplanypdyr. Ruhany ony ybadathananyň mazarlygyna jaýlamaga ruhsat bermändir. Şeýlelikde onuň jesedi bir näçe ýyllaryň dowamynda dürli ýerlere göçürilipdir. Ahyr soňy 1876-njy ýylda maşgalasynyň hukuk edaralaryna ýüz tutmagy netijesinde Paganiniň jesedi Italyanyň Parma şâherindaki La Viletta mazarlygyna jaýlanýar.
Paganiniň iň meşhur we ýerine ýetirmesi juda kyn bolan eseri Kapriz 24-dir.
Bu eser çalt geçişler, goşa notalar, oktawa ätlemeleri we çep elde pizzikato ýaly ýokary derejeli skripka tehnikalaryny öz içine alýar. Bu eser häzirki wagta çenli özüniň kynlygyny we üýtgeşik tehnikalaryny saklap gelýär.