Haçan-da toý-tomgy ýaly bir ýerlere gidýän welin derrew yzyma dolanasym gelýär. Öz-özüm bilen ikiçäk galmaga howlukýan. Aslynda işimem köpçüligiň içinde bolansoň bu zatlara ýygy-ýygydan wagtam tapyp bolanok. Şonda-da mümkin bolan wagty derrew öz ýanyma alňasaýan.
Häzirki döwürde Tiktok diýen sosial platforma bar. Adamlary edil bir siliň gark edip gidişi ýaly öz girdabyna dolaýar-da, alyp gidiberýär. Elbetde, şeýle giň ýaýran platformadan menem binesip galmadym. Dogrudanam, ondaky wideolaryň birini göreniňden soň ikinjisini görmek islegi öz-özünden ýüze çykýar. Üstesine-de Tiktogyň şeýle bir algoritmi bar welin, seniň haýsy wideony has köp synlandygyňy hasaba alyp, şo zeýilli wideolary has köp öňüňden çykarýar. Kimdir birine "ýürejik" basyp, "teswir" ýazaýsaň-a bar onsoň...  Üstesine, häzir nirede duranlygyňam oňa aýan. Şonuň üçinem telefon belgisi sende ýokdugyna garamazdan goňşularyň goýýan wideolary öňüňden çykyp durandyr...
Elgaraz, bu ýere bir girişip gitdim welin günde iki-üç sagadymy sarplap başladym. Şoňa sarplamadyk sagatlarymam "Haçan TikToga girmäge boş wagtym bolarka?" diýip onuň ýanyna howlugyp geçirdim. Ine şeýde-şeýde öz-özüm bilen galmagymyňam düýbüne palta urup goýberdim.
Öz-özüm bilen ikiçäk galyp bilemok, şonuň üçinem öz duýgularyma, pikirlerime göz gezdirip bilemok, bulara göz gezdirip bilmänim üçinem döredip bilemok... Diňe sarplaýan. Diňe kimdir biriniň meniň öňüme "Al, şuny gör" diýip oklan tomaşasyny synlap oturýan...
Galyberse-de soňky döwürlerde "Imo" "Instagram" ýaly sosial platfornalaryň ýüze çykmagy bilen adamlar ähli zady "Görkez, görkez" boldular. Delräk bir zat iýselerem ile görkezesleri gelýär, delräk bir zat geýselerem, üýtgeşigräk bir ýere gitselerem... Muny kimdir birine görkezmek olara näme gazandyrýarka? Illeriň olar hakynda "Bah, tüweleme pylany durmuşy ýaşaýar-aý?" diýip oýlanmagynymy? Bu oýlar olaryň durmuşyna, dünýäsine näme berýär? Ullakan 0. Onda bu boş pişelere wagtymyzy ogurlatmagyň deregine özümizi, ruhy dünýämizu täzelejek başgaçarak bir meşgullanma tapsak näderkä? Aý, howwa-la bu her kimiň öz çözjek meselesi.
Ahyry, "Men bir şulardan düýbünden dynaýyn" diýen aýgyda geldim. Telefonyma juda az mukdarda megabaýt salyp, özüme şol öňki içimi hümledip ýören günlerimi sowgat etdim. Men häzir haýsydyr bir wideo wagtymy harçlamok, "Iller Imoda nähili surat goýduka?" "Men bu gün näme goýsamkam?!" diýip azara galamok.
Diňe döredýän. Döretmegiň ruhuma berýän çäksiz lezzeti bilen ikiçäk galýan.
Eýsem, siz iň soňky gezek haçan öz-özüňiz bilen ikiçäk galdyňyz? Sizde-de şeýle zerurlyk ýüze çykýarmy?

@Belki