Ýaz güni,

Sowuk penjire,

Gark bolup güneşiň garaňkylygna,

Bir gyz pianino açýar syrlaryn.

Durşy bilen näzik heňden ybarat,

Seslenýär gömülip ýatan armanlar.

Gamyş barmaklary tansçy mysaly

Klawişyň dillerinde gezinýär

Ömür ýoly syzylýar.

Ýaňakdan syrygyp, damýan damjalar,

Ak bilege hünji kimin düzülýär.

Ilki sazyn çalýan ýaly tolgunyp,

Soňky sazyn çalýan ýaly gamlanyp,

Rahatlygy tapjak bolýar uzakdan.

Penjiräň aňyrsy şadyýan durmuş,

Janlanyş

Gözlerinden uzakda.

Notalar eýerýär duýgyň yzyna.

Bogulyp barýar umydy,

Hloryň ysyna,

Säginýär owaz,

Soňlanyp barýar saz.

***


Uzuk Agamyradowna