Ýene şol kepbe.
Daşy pagsa suwag. Üsti basyrylan pürsleriň ujy somalyp dur.
Adatça munuň ýaly palçyk hütdükleriň penjiresi, kellesygar ötükçe bolýandyr welin, şunuňk-a geň galaýmaly, deňli-derejeli çarçuwaly, aýnaly hakyky äpişge.
Onuň öňünde-de aýal-erkek, ýaş-garry adamlar hümer.
Özleri üçin öte gyzykly nämedir bir zady sypdyrman synlamaga dalaş edýän dek ýa-da uruş ýyllarynda ölmezödülik nobatyna üýşen mysaly, penjirä dykylyşyp, itinişip durlar. Hemmesem geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň köne-sana, ebla geýminde. Iki-ýekesiniň aýagynda “süllätpätiňke” diýilýän, lokga, galyň oltaňly, paşşyk ökjeli köwüş ýa-da rezin galoş bolaýmasa, galany dolakly çarykdyr-çokaýly.
Ol bu gezegem duranlaryň hiç haýsyna salam bermän, kepbäň tapan-tupan agaçdan el-hal edilip ýasalan gapysyna elini uzatdy. Ol öňden okuwly. Barybir salam berende-de duranlaryň hiç biriniň iň bärkisi sypaýyçylyk üçinem özüne baş atmajakdygyny bilýär.
Şu ýere gelip, näçe gezek şu hütdüge girdi – daşarda duranlar oňa bir gezegem üns bermedi.
Hamana olar üçin ol ýok ýaly.
Çalamydar işigi özüne çekdi.
Ýene-de bir geňlik – daşyndan: “häzir ala-zenzele turzar-ow” diýip çakladýan gapy, öňküleri dek bu saparam jygyldysyz-beýlekisiz, sessizje açyldy. Edil posly petleleri ýap-ýaňyja garaýagdan gaýym doýrulan ýaly.
Girdi.
Kepbäň içiniň şol öňki bolşy.
Daşyna görä däl.
Şuňa meňzeş köne kepbeleň içem daşyna mahsus bolaýjak ýaly: saman garnuwly toýun suwalan diwar; depesi tüsseçykarly, hüýt-gara ojak; astyna düşelen köne-küşül keçeler; dulda ýarpy-ýalta çuwaldyr-haltalar; hojalygyň gerek-gerekmejek akyr-ukurlary...
Emma bu kepbäň içi welin beýle däl: Diwarlarynyň ýüz-ä, türmäňki ýaly bendileriň ýaplanmazlygy üçin niýetlenene çalymdaş, digir-digir, gödeňsi beton suwag bilen suwalan. Astam beton, üstem. Astyndaky ýylmanak betonyňam kä ýeriniň oýmur-oýmur bolup ýatyşy, onuň düşelenine kän ýyl geçenini çakladýar.
Ýalňyz penjiresiniňem daş ýüzünd-ä gözenek ýok. Ýöne garaňky içerden ýagty daşarylygyna baksaň, onuň demir gözeneklidigi görünýär. Äpişgäň aňyrsynda-da şol, ýüz-keşpleri saýgarar-saýgarmaz bildirýän sudurlar.
Üçekden sallanýan ýalňyz simdäki ýalaňaç çyra-da, içerä ölügsi-tukat yşygyny ýaýýar. Megerem, zyndanlaryňam çyrasy şuňa meňzeş, gören badyňa ýüregiňi umytsyzlyk bilen tüýdüp başlaýan ölügsi bolýandyr.
Kepbäň içini hasam türmä meňzedýän zat, bosagadan ätlän badyňa, köpçülikleýin hajathanalara mahsus, nejasadyň, peşewiň, ýaňyja hlora ýuwlan çyg betonyň, çüýrän demriň, öl letdäň dymyljak, heňli ysy hapylap burnuňa urýar-da, gaňşyrawugyňy gijedýär.
Her bir alamaty bilen türmäň soraghanasyna ekiztaýy dek kybapdaş bu kepbäň ortasynda-da, onuň beton astyna demir çüý bilen butnamaz ýaly edilip pugta berçinlenen, arkasyz, “taburetka” diýilýän, demir oturgyç dur. Onuň gabat-garşysynda bir özüň gymyldadybam bolmaz derejede agyrdygy göz-görtele bildirýän, agaçdan, gödeňsiz stol bar.
Stoluň üstünde-de ýaşyl abažurly çyra başyny aşak egip ýakylgy.
Stoluň bäri ýüzünde agaçdan ýaplangyçly oturgyç.
Oturgyçlaryň ikisem boş däl.
Stoluň başynda endamyna şapylaşyp duran, garamtyl penjek-jalbarly, gözi äýnekli biri otyr. Penjek-jalbarydyr, äýnegi bu sülçisypat kişini, bolşundan bäşbeter resmiden tutuksy görkezýär. Özem onuň keşbinde täsin zady, saçlar-a juw-ak, ýüzündenem aňry gitse ýigrimi bäş, otuz ýaşyndadygy mese-mälim aňdyrýar. Ol, şol bir salyhatly, sowuklaç agraslygyny üýtgetmän, öňündäki kagyza nämedir bir zatlary äwmän-alňasaman ýazýar.
Onuň gabat-garşysyndaky arkasyz demir oturgyçda bolsa, ýaşy takmynan altmyşdan agyberen, ýüzi-gözi mürşük goja hökgerilip otyr. Onuň: “köpi geçip azy galan” diýdirýän, şyrky çykan, solaksy egin-eşigi, geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda şäherlilere öýkünip obalylaň geýen geýimlerini birme-bir gaýtalaýar. Içerisinde ugry idelmeýän, türkmeniň: “sansyz” diýýän köseleç garrylarynyň hemmesiniňkä mahsuslykda, kowçum-kowçum iýmeşik tüý bolup eňeginde gögeren, birnäçe gün bäri syrylmandygy göz-görtele sakgaly, bu garryny hasam gözgyny, betgelşik, hapysa görkezýär.
Olaryň ikisem, edil öňki gezekdäkiler ýaly içerik giren muňa: “barmysyňam” diýmeýärler. Dogrusy, ol bu ýere gelen şunça gezeginde olar özüniň bardygyny bilendirlerem, bilýändirlerem öýtmeýär.
Hamana, bu kepbäň daşyndaky-içindäkileriň hemmes-ä, haýsydyr bir aňrybaşy formatly kompýuter oýnunyň personažlarymyş. Bu-da şol oýnuň ssenariýasyna goşulmazlyk şerti bilen oýnuň wirtual hakykatyna boýyn çümmek – full immersion effektinde oňa gatnaşýan ulanyjymyş.
***
-Birinji gezek haçan adamyň başyna ýetdiň?-diýip sülçipisint kişi, ýazmagyny bes etmän, başynam galdyrman soraýar.
-Men... neme...,-diýip nalajedeýin garry, gollary gandalsyz bolsa-da, gandally ýaly, oturgyjynda oňaýsyz oýkanjyraýar. Soňam göni jogap bermezlige çytraşýany köre hasa – gümmi-sümmüli myňňyldaýar.
Muňa sülçisypat ýazmasyny kesip, kellesini galdyrýar. Ol äýneginiň üstaşyr, müzzerip oturan garra siňňitli dikanlaýaram welin, ol edil tok uran ýaly tutuş durky-düýrmegi bilen birwagtda titräp, sandyrap-galdyrap gidýär. Dessine-de maňlaýyna jan deri inýär. Bada-badam ol oturgyjynda saň-gaty bolup, gataýar-da, kiriş kibi dartylýar. Ýeke demlik şeýdip duransoňam, edil onuň endamyna goýberilýän elektrik togy öçürilen dek, ýüzüniň ugruna goram-gowşak bolup lagşaýar. Onuň helemek bolup oturyşy, göwnüňe bolmasa, ony ýere garşy eräp-akyp gaýtmazlykdan, ony diňe demir oturgyja baglaýan göze görünmeýän gandallar saklaýandyr öýtdürýär.
Sülçisypat göýä, öz bakyşynyň sölpi garra ýetiren täsirini aňmadygam ýaly, ýaňky soragyny bolsa bermedigem ýaly, şol bir äwmezekden parahat, salyhatlydan agras äheňinde sowalyny gaýtalaýar:
-Birinji gezek haçan adamyň başyna ýetdiň?
Bu sorag ebla garryny çuslandyrýar. Ol misli, ýene-de soragçynyň özüne ýaňky äýnegüsti nazar bilen bakaýmagyndan elheder alýan dek, pert-pert jogap bermäge gyssanýar:
-1929-njy ýylyň ýazynda, on ýedi ýaşymdadym. Şonda odun ýygyp ýörkäm, obamyzyň ilerisindäki jaryň raýyşyndaky ýylgynlykda bir ýaraty adamyň gizlenendigini gördüm. Odunly bogdagymy eşege ýükläp, oba dolanyp gelýärkämem öňümden gepewuň (GPU) alny gyzylja ýyldyzly, gaýyşpapak atlylary çykdy. Ine şolara ýaranjak bolubam, ýaňky ýaralyň nirede gizlenendigini aýtdym. Onsoň olar o ýaradary atyp aldylar. Maňa bolsa ýardam berendigim üçin onuň ýanyndaky torbany silkip, ok-ýaragdan galan zadyny peşgeş etdiler. Şonda, ondan öň obaň barjamlyraklarynyň gapysynda talabançylyk bilen güzeran aýlap ýören ýarlykly garybyň çagasy – bugdaý nana-ha beýlede dursun, zagara-tötekden ibaly doýa garna doýman ýören men-ýeňiýolugyň eline az-maz pulam düşdi...
Ýa özüni sorag edýäniň ýaňky tok urdurýan zabun nazaryndan gorkusyna jany kekirdegine gelip, ýa-da misli, kimdir biri sözüni agzyndan alaýjak ýaly, geplemäge alňasaýan garry, şu zatlary suňşuryşdyrdy-da, dymdy.
Bogazy gurapmy nämemi, kynlyk bilen ýuwdunanda-da, onuň bokurdagyndaky bürgüdiň çüňküne çalymdaş edrenç öňe somalyp çykyp duran ýumrusy, emenjegine çenli diýen ýaly gelip-gitdi.
Ýöne, garryň soragçysam teň halyny görse-de oňa dözmezçilik etjege meňzänok. Şol bir biperwaý ýazyp oturyşyny üýtgetmän, talapkärden gysgajyk:
-Soň,-diýdi.
Gözüniň ody alnan bolara çemeli, bedroý garry, şujagaz pessaý sese-de, ýagyrnysyna oslagsyz gamçy çalnan dek tisginip gitdi-de, ýuwduna-ýuwduna sözüni dowam etdi:
-Soň... men otuzynjy ýyllaň başynda, gyzyl höküwmet: “baý-gulak” diýip, “hemme mal-mülk ortak bolup, galhoz gurmaly” diýip, obaň barly-gurplularynyň daşyna geçende, ondan öň itde san bar, bizde san ýok batrak hökmünde obamyzyň aktiwi (awt.: aktiwisti, oba şurasynyň (sowetiniň) işjeň agzasy) boldum. Merkezden gelýän ýarag-esbaby üpjün baý-gulaklara garşy göreşýänçileň öňüne düşübem, olary obaň ýagdaýy barlarynyň üstüne ýekän-ýekän aýladym. Çagalykda biz-ä ýarym-ýalaňaç, mydama bir garnymyz dok, bir garnymyz aç, kirimiz batman halda: “Kim bir döwüm gaty çörek beräýerkä?” diýip aýlanyp ýörerdik. Obaň baýlarynyň bize ýaşyt çagalaram, özlerine şap bolýanja şempa telpeklije, şemhal ädikli, gyrmyzy donly, seçek guşakly, nan deregine kişmişdir nogul-nabat iýip gezerdiler. Ine şo, hatda agylynda bäş-üç sany kel toklusy bilen ahyrynda itseň ýykyljak alaşasy bolanyňam baý-gulak tagmasy basylyp, gitse-gelmez gümlama ýollanýan zamanasynda, meniň hem-de meň ýaly mazlumlaryň möwriti geldi. Ojagaz hor-homsy çagalygymyzda içimizi-bagrymyzy tütedip, gultuna-gultuna ymsynmakdan ýaňa gutumyzy guradan baýogullarynyň hemmesini gyzyllaň güýjüne daýanyp, bala-çagasy, aýal-ebtaty bilen sozanguýruk edip, Sibire ýollatdyk. Yzlarynda mal-mülkünem talaňa saldyk. Olaryň heleýleriniň sandykda apalap ýygnap, toýlara beslenen ýüpek ketenisini, olaryň ärleridir ogullarynyň aýagyndan sypyryp alan aýnagonç ädigimiziň içine dolak edindik. Olaryň elinden gaňryp alan öýlerimizde-de mallaryny soýup, şo merkezden gelen zorana kişiler bilen şerap süzüp, meýlisler guradyk. Öň özümizi hasaba almadyk ile-güne jort atyp, gyzyllaň: “hiç kim bolan her kes, bu gün bolar hemme zat” diýýänini gara millete, garagynda ot ýakyp görkezdik. Bizden eýmenjinden ýaňa ýüzümize dogry garap bilmeze dönen ähli obadaşlaryň depesinde gatyr aýlap, çäç deregine ykballarynda döwek döwdük...
Garry gürläp otyr, gürläp otyr...
Arasynda bogazy tüýdüge dönüp säginýärem welin, sülçisypat başyny galdyrmak üçin çala hereket eden badyna ziňkildäp gidýär-de, ýene gyssanmaç geplemäge başlaýar.
Soraýançam şol parhsyz agraslygy bilen garryň agzyndan çykanyny ýazyp otyr, ýazyp otyr...
Ýarym asyrdan gowrak wagtlap süteme sezewar edilen adamlaryň atlary, pajygaly wakalary, bu sölpi, betnyşan garry haýynyň dilinden edil, hapa, porsy batgaň läbigi deýin, goýultmak bolup syrygýar.
“Baý-gulak, eziji synp, basmaçy, garakçy” diýlip ýok edilen adamlar, olaryň maşgalalary...
“Halky köre-kör ynançlaryň çoçgaryna çolaşdyryp, adamlary nadanlygyň gaflatynda saklaýan dini synpyň wekilleri” diýlip, atylan, sürgün edilen, çekip-çydar ýaly däl jebir-süteme uçradylan bendeler, ýykan-ýumran edilen metjitler, medreseler, aramgähler...
Soňra halkyň hakydasynda heýhatly “otuzýedinji” bolup hemişelik galan, tutha-tutlyk, basha-baslyk döwründe, şu garryň hem-de şunuň ýalylaryň şugullamasy bilen hemişelik barsa-gelmeze ugradylan, ezeli günäli-günäsiz ynsanlar...
Soň uruş ýyllarynda enkewedäň ýerlerdäki ygtybarly agenti hökmünde gyrgynçylyga gitmekden halas edýän “bronyna” duwlanyp, obada galyşy. Janalgyçlar bilen arasynyň sazdygyndan, olaryň ynamyny ödemek üçin edýän sadyk gullugyndan peýdalanyp, kolhoz başlygydyr, azyk ammarynyň müdirini gorkuzyp, olary gysymynda saklaýşy. Şonuň üsti bilenem halk açlygyndan çişýärkä, ýag iýip, ýüpek geýnişi. Özüne gyýagöz garamaga het edeniň üstündenem: “duşmana ýapja, ýagyny öwýä” diýip, ýalan şugullama ýollap, dünýeden bihabar, açlyk-horlukdan ýaňa aňkasy aşgyn pahyrlary ýok etdirişi...
***
...Bu kepbäň içiniň nejasatdyr-peşewiň öljümek ysyna, haýynlykdyr, şugulçylyk hakdaky mejbury içdökmä eýlenen ýürekbulanjy ysy, bu saparam örän çalt onuň beýnisini çaýkap ugraýar. Üstesine-de, ol eýýäm nijema gezek bu kepbä girip, şol ilkibaşdakysy bilen deň-derman gaýtalanyp duran bu soraglaram, olaryň jogaplarynam ýat bekläp gidendigi sebäpli, garryň aýdýanlaryny düýbünden diňläsem gelmeýär.
Şonuň üçinem ol uzak durman, daşaryk – arassa howa çykýar.
Çykýar-da, göýä içeriniň aňryňy bäriňe getirýän, çygly, zeňli yslaryndan saplanjak bolýan mysaly, kükregini dolduryp, sojap-sojap dem alýar.
Içi daşyna bap gelmeýän bu gümürtik kepbeden bäş-alty ädim daşlaşýaram-da, yzyna garaýar.
***
Ol anyk bilýär: şäherdäki howlularynyň demirgazyk ganatynda gurlan, bu maýryk kepbäni özi on ýaşyndaka, atasy ölensoň, otuz ýyl mundan ozal kakasy pahyr ýykyp, tekizläpdi. Şondan on, on iki ýyl yz ýanam, onuň özi: “boş durmasyn” diýip, onuň ýerine bazardan iküç düýp alma-erik getirip ekipdi.
Emma, bu wagt welin, ine şol kepbe, ýene-de şo-o-l çagalygynda ýadynda galyşy ýaly, üýtgewsizje dur...
Onuň özem bu howla ençeme ýyl bäri gelip görmändigini ýüz-ä däl, müň göterim bilýän-de bolsa, ýene, gör eýýäm näçenji gezek, şu howluda söm-saýak.
Ýogsa, kakasy, pahyr bolandan soň bärde ýaşasy gelmän, özüniň bu howlyny satyp, şäheriň başga etrabyna, köpgatly jaýa göçenine-de eýýäm on bäş ýyl doluberdi...
Giden bir düşnüksizlik.
Oýalykmy?
Bimarlykmy?
Düýşmi, huşmy?
Ýa albassyň oýny?!
Ol iň bolmanda özi üçin şonam anyk kesgitläp bilmeýär.
Şu serimsal ahwaldaka, ol özüniň göwnüne bolmasa, bir görseň-ä oýa ýalam.
Bir görseňem ýatan ýaly.
Özem soňky bürküç ýylyň içinde şu hala düşýän gezekleriniň sany sajakdan geçdi.
Nämüçin bu ýagdaý şol bir bolşuna gaýtalanyp dur?
Näçe kelle döwse-de hijem akyl ýetirip bilmeýär.
Birwagt satylan, şol köne howlulary.
Birmahal ýykylyp, tekizlenip, ýerine bag ekilen köne kepbeleri.
Onsoňam şol ýok kepbäniň penjiresiniň öňünd-ä özüne nätanyş, könesypat adamlar üýşüp dur. Kepbäň porsy, yzgarly, türmepormy töründe-de, sülçisypat kişi, gelşiksiz, sölpi garryny sorag edýär.
Soraglaram şol bir soraglar.
Garryň jogaplaram şol bir jogaplar...
Dogry, ol o garryň kimdigini anyk bilýär.
Atasy.
Onuň özi dogulmazyndan on ýyla golaý öň aklyndan azaşyp, tä ýogalýança-da daş işikde hümer duranlardan eýmenjine şu kepbeden daşaryk burnuny uzatmaga-da waleýlata elheder alyp, soňky ýyllaryny ötürenem onuň anyk ýadynda.
***
...Enesi görgüliň gürrüňlerine görä, uruşdan dolanýanlar köpelensoň, atasy eden işleri üçin oba sygdyrylmajakdygyna magat göz ýetiripdir. Soňam pursat arap, özüniň köne tanyşlarynyň birine ýapjalyk bilen şäherden şu howlyny edinip, göçüp gaýdypdyr. Ýaşy altmyşdan aganda-da, aklyndan azaşypdyr.
O mahallar mön çaga-da bolsa atasynyň bolşuny onuň özem gowy bilýär.
Enesi: “Ýör, göteriş oglum!” diýip, ony yzyna tirkäp, şu kepbedäki atasyna nahar elterdi. Ol wagtlar bu kepbäň gapysy, onuň görýän düýşmi, huşmy, bir zadyndaky ýaly sessiz açylmazdy. Ala-goh bolup, janajygyna çygyryp-çygyryp açylardy. Gapyň çirkin jygyldysy eşidilen badyna-da, alagaraňky, darajyk kepbäň iň garaňky künjeginde büküdip oturan garry, edil öz göwresine siňäýjek bolup düýrügerdi. Elleri bilen kellesini ýapybam ugur-utgasyz, bulam-bujar samrama çalymdaş eňremäge başlardy:
-Men däl, men däl, janyňyza, gözüňize, başyňyza döneýin, jan doganlar, gidäýiň-dä! Gidäýiň-dä! Men däl, men däl... Meni mejbur etdiler... Men däl... gidäýiň-ä! Gidäýseňiz-läň...
Enesi görgülem onuň bilen uzak ýaşaşandygy üçinmi nämemi, birneme kellesine zeper ýetenräkdi. Adatça, garryň bolşuna çylkasyz hikirdärdi-de, köplenç:
-Samsyk çal! Sen däl bolsaň, adam baryny oda berýärkäň: “men däl, men däl” diýip bozlaman nämişlediň?! Al, ýuwut ýuwdalgaňy!-diýip, nämüçindir keýpihon käýinjirärdi.
Bulam enesiniň bolşundanam, dulda küçen kibi eplik-ýaplyk bolup, on iki süňňi bilen gagşap, aglamjyrap ýatan porsy, üflis garryň bolşundanam öler ýaly gorkardy. Elindäki çöregini ýa başga bir owkadyny bahymrak köne, aňkap duran, ýyrym-ýyrtyk keçäň üstünde goýup, kepbeden çykmaga howlugardy.
Kakasy, ejesi, atasy, doganlary, kepbä giren badyňa hapylap porsusy burnuňa urýan şol gorkunç garra: “ataň” diýseler-de, ol ony hiç özüniň atasy hasap edip bilmezdi. Sebäbi ýolda-yzda özüniň bile oýnaýanja deň-duşlarynyň atalaryny görýärdi. Olaryň köpüsi jowur ak sakgally, silkme telpekli, donly, ýuwaşjadan epeý ädimläp ýöreýän ýaşululardy.
Munuňky bolsa...
Haçan görseň: “Äpişgäň tutusyny ýapaýyň-da-a! Olaň hemmesi gitmän, jyklap durlar-a-a!” diýip, wäläp duran, hatda sypatam adamyňka meňzemeýän, uly-kiçi meýdanam aşagyndaky, enesidir kakasy zor bilen ýuwaýmasalar ýuwunmanam bilmeýän, näbelli bir, hapysa jandardy...
Ýadyna düşýär: enesi pahyr bolansoň, kakasy şol jandary dälihana-da tabşyrjak bolupdy. Ýene-de dözmän, ony özi ýuwup-ardardy, saç-sakgalyny syrardy, nahar-şor bererdi.
Şeýdibem, ol garry şo telbeligi bilenem ýogaldy.
Ine indem onuň jaýlananyna-da, tutuş ýigrimi ýyllap tenha özüniň güzaphanasy bolan kepbesiniň ýumrulanyna-da otuz ýyl ötdi. Şol kepbedir garry, penjiräň öňündäki sudurlar bolsa, günde-günaşa, gel-gel munuň düýşündemi ýa huşundamy peýda bolup, muny azara goýýarlar.
Näme üçinkä?...
© S.Ataýew

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň