Ýigrimi ýyl bäri juda ysnyşykly gatnaşýan, hem kärdeşim, hem pikirdeşim, hem dostum bar.
Özem ol juda okumyş.
Üşügem iňňän ýiti.
Durmuşy tejribesem, tüýs: “görmedigi görde galan” diýilýäni.
Şonuň üçinem, köplenç gürlän gürrüňem ýagdaýa şap bolýar-da, ýerine düşýär.
Edil: “nyşanaň almasynyňam onlugynyň göbeginiň gözündäki görejiniň garaçygyndan urýar” :-).
Gabat gelişdigimizem meniň il içindäki ýiti gürrüňleri, täsinden jaýdar jümleleri, wakalary... eşrepi deýin ýygnap, toplap, ýazyp alyp ýörendigimi bilýändigi üçin, hökman bir ýa-da birnäçe üýtgeşijek gyzykly gepi aýdyp berýär.
Ine bu-da şol jana-jan dostumyň gürrüňlerinden biri.
...Dostumyň dogduk obasy ýurdumyzyň gündogar künjegindäki çet taraplarda. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başynda olaryň obalaryndan bir gyz paýtagtdaky ýokary okuw mekdepleriniň birine okuwa giripdir. Bir ýyldan soň ol tomusky dynç alyşda öýlerine dolanypdyr. Ine şol gyzam obalarynyň çetinden girip, uzyn köçeden aýlanyp geçmäge irinip, goňşularyna tarap sowlaga-da iki mellegiň arasyndaky pel-ýodajykdan ýöräp, öýlerine ýönelipdir. Olara goňşulykda oturýan iki sany daýza-da tamdyryň başynda durmuşlar. Birisä-hä çörek ýapyp, şony bişenden soň çykarmaga garaşýarmyş. Beýlekisem ony gepe güýmäp, “hähini” ýetirýärmiş.
Onsoň bu gyzam ýaňky goňşy daýzalaryň deňesine ýetipdir. Elbetde, çigbeýni gögeleligini edip, özüniň paýtagtda ýaman zor okaýandygyny azajygam bolsa sereşlejek bolandyr-da:
-Salam, sosedler!-diýip, çalgyrt salamlaşyp olaryň gapdalyndan ötüpdir.
Ýeňňelerem, ilkä-hä bir äm-säm: “Salamälik gyzym-da, salamälik! Gelýäňmi sag-aman-da, gelýäňmi?!” bolşupdyrlar. Ýöne ýaňky şähernoýsyran talyp gyzjagaz özlerinden gaty daşlaşyp ýetişmänkä, gepe güýmeýänçi ýeňňe, nançy jorasyndan sorapdyr:
-A gyz, goňşy, bi pormusy guramasyn, eýýäm şujagaz öten bir ýylda orussypat bolmaga ýetişen Pylanyň gyzynyň ýaňky bütüki: “salam” diýeninä-hä düşündik welin, onuň bi soňky: “sosed” diýeni nämekä?!
Bilýäňiz-ä, hatynlaryň kellesi munuň ýaly ahwalatda Günüň şöhlesiniň tizligindenem çalt işleýär-ä.
Tamdyrbaşy ýeňňe-de, kim bilýär näme üçindigini?
Belki, hut şol pille böwrüne şeýtan dürtüp, oýun edesi gelendir.
Belki, ýaňkyja aşa “kultur-multursyran”, aýnak gyzjagaza özüçe edep bermek isländir.
Belki, hakykatdanam ojagaz gyzyň aýdan gepine teýim-takyr düşünen däldir.
Bellisini bir-ä Alla bilýär, birem şol tamdyrbaşy ýeňňäniň özi. Ýöne, Eýnşteýn akga aýtmyşlaýyn: “munuňam soňkusy takyk däl[1]”.
Ol, birjik-de säginmesiz ýa diýjek gepini beýnisini dörjeläp agtarmasyz, hemsaýa jorasyny ýüzüniň ugruna “çakyp” goýberipdir:
-Aý jan dogan jan, bi dili bir garyş etenejigiň o diýeniniň näme zatdygyna-ha doly bilemok. Ýöne şo diýeniniň gowy zat däldiginä-hä magat bilýän...
Boldy.
Güýmewçi gelnejäniň öňem bahana tapsa-tapmasa ýaman bahym gümpüldäp atylybermäge desbi-dähil (mydam taýýar) zenan ýüregi, otluçöp çakmasyzam köräp duran közüň üstüne kerosin sepilene dönüpdir.
-Hany, sen bir aýak çek bakaly, janaht[2]!-diýip ol ýeňňe, eýýäm özlerinden esli arany açan talyp gyzyň yzyndan gygyrypdyr.
Soňam ellerini bykynyna urupdyr-da, abşarylyp, Adam ata bende jigerine ýakynjak bir gapyrgasy bilen How enemiz üçin meýletin donor bolaly bäri, hatynlaryň pynhan ýekme-ýek söweş sungatynyň iň täsirli, ýeke kakuwda “atlyny agdaryp, düýelini düňderýän” jeň pozasyna giripdir.
Yzyndanam şermende sesini edip, dünýeden bihabar gyzyň üstünden eňterilmäge başlapdyr:
-Eşidýäňmi, sen?! Intejikler horaz görmedik towuk jüýjesi! Senjagaz diliňi başyňa çeýnäp, kime: “sosed” diýen bolýaň-a?! Seniň özüň sosed! Düşdüňmi?! Seniň ejeň-kakaň sosed! Düşdüňmi?! Asyl siziň bütin tohum-tijiňiziň soseddigini şu obada, ýedi arka, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli, erkekden urkaçydan, itden pişikden, eşekden düýeden... bilmeýän ýog-a! :-)
[1] Eger ýalan bolmasa, hamana, asly, kowum-hyşy, gelip çykyşy german oguzlarynyň mýunhenli ýörük begliklerinden bolan Albertberdi Eýnşteýnmyrat ogly aýdypmyş-a diýýärler: “Adamyň akmaklygy Älem ýaly tükeniksizdir. Ýöne munuňam soňkusy takyk däl”.
[2] Janaht – bu söz: “jan” hem-de “ahyd – äkitmek, gaçyrmak, akytmak, ýük” diýen sözleriň goşulmagyndan emele gelip, “jan akydan, jandöken, jan gaçyran, janýüki, janderdi” diýen manylary aňladýar.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň