Okuwçykak, klasda baaaaaý bir gyz bardy. Içýän suwy Niagaradan, iýýän çöregi Fransiýadan, geýýän ýüpegi Hindistandan, geýýän köwşi Milandan, dakynýan gyzyly Günorta Afrikadan gelýärdi. Edil beýle bolmasa-da, göz öňüňizde suratlansyn diýip şeýle diýdim. Klasdaky oglanlar-a beýlede dursyn, uly klaslaryň oglanlaram gyzy yrjak bolup synanyşýardy. Ol bolsa hiç kimiň sözüni alanokdy. Ol maňa aşykdy, men diýip ölüp barýa... He-he, oýun edýän, meni näme etsin ol!

Hawa, şol gyzyň doglan güni golaýlap gelýärdi we klasyň oglanlary gyza näme sowgat bersekkäk diýşip başagaý bolýardylar. Menem başagaý boldum. Şol wagtlar, çilimde tutulamsoň, öýden kän pul alyp bilmeýärdim. Berselerem, kösäp berýärdiler. Iň soňunda aglap-eňräp, "Klasdaşyma sowgat aljak" diýip zordan birazajyk pul aldym.

Ilki bilen bir paçka çilim aldym, soňam bazara gitdim, gyza sowgat almak üçin. Gyz wodolaska geýmäni gowy görýärdi. Köplenç wodolaskanyň üstüne jynsy kostýum geýip, şpoçkajyk dakyp okuwa gelýärdi. Menem wodolastka alaýyn diýdim. Bazarda gözläp-gözläp, iiiiň arzan wodolaskany tapdym. Şeýle bir arzan welin, satyjy bilen jedelleşip, diýýän bahasynyň ýarysyna aldym. Gara wodolaska. Pulum artdy, galan puluma-da fitçi iýdim. Çilim paçkany jorabyma bukyp öýe bardym.

Ertesi gün sowgadymam alyp okuwa gitdim. Ýeri, bazaryň iň arzan wodolaskasyny alypsyň, taň edipsiň. Ony näme üçin ak, reňksiz, içi görünip duran pakede goýýarsyň diýsene? Bedenterbiye sapagyna gidip barýan ýaly!

Berdim sowgadymy. Pakede seretdi, halamasa-da sypaýyçylyk edip: "Wii, wodolaska aldyňmy? Maňa iň gowy sowgat! Sagja bol,haladym. Al saña ýürejik", — diýip gujaklady. Gyz meni gujaklan wagty çaşypdyryn. Özüme gelemde bolsa, hytaýça gürläpdirin.

Hiç wagt ol wodolaskany geýmedi, men görmedim. Bilemok, belki, öýde geýendir. Aý, ony öýde-de geýen däldir-leý. Näme etdikä? Ejesi şol günüň özünde ol wodolaskany pol trýapka edendir.

Awtory: McM