Adam pahyr, öň halaşan gyzy/oglany toý etse, erbet bolýar. Aradan wagt geçse-de, heriňiz öz durmuşyňyza dowam etseňizem, toý habary eşidilende, içiňden bir zat gopup giden ýaly bolýar. „At basman diýen ýerine 1000 gezek basarmyş“. Söýgi oduna bir gezek ýanan adam, indikide söýmäge gorkýar. Şonda-da ýürege erk edip bolmaýar, söýginiň nirede we haçan duşjagyny bilip bolmaýar. Näme, bolmady diýip, saç-sakgal goýberip, Mejnun kimin çöle çykalymy? Onsoňam ol oglan/gyz eýýäm öz durmuşyna dowam edýär, senem dowam etmeli. Gynanmaly dälmi? Gynanmaly, ýöne çeni-çaky bilen.
Ine, şu hekaýadaky at men bolýaryn. Basman diýen ýerime 1000 gezek basdym. Bu hekaýa, XX asyryň ahyrlarynda, XXI asyryň başlarynda Türkmenistan ilinde ýaşap geçen, at gazanan halk şowsuzy, şowsuzlyklaryň şasy, durmuşyñ synagynda ýykylsa-da, her gezek turup göreşmäge synanyşýan adamyň, ýagny dostuňyz McM-iň şowsuz söýgüsiniň hekaýasy, dostlarym.
Maý aýynyň ahyrlarynda, uly ekzamenleriň öňüsyrasynda, uniwersitetde festiwal bardy. Festiwal uly ekzamenden öň okuwçylar azajygam bolsa gaýgy-aladany ýatdan çykarsyn, okuwy gutarjak okuwçylar üçin bolsa ýatlama bolsun diýen maksat bilen gurnalýardy. Gündiz stendler gurnalýar, agşamam konsert bolýar. Uniwersitet belli aýdymçylary çagyrýar konserde.
Bizem dost oglan bilen dilleşdik, agşam konserde gitmeli. Dost oglan: „Agşam men enemlerde bolaryn, senem enemlere gel. Enem ýarawsyzrak, hem senem enemiň ýagdaýyny sorarsyň. Enemlerdenem uniwersitetiň konserdine gideris“ diýdi.
Agşama golaý öýden çykdym. Öň dost oglanyň enelerine baryp göremokdym, jaň edip adresi aldym. Hassa zyýaratyna nähili barsamkam diýip pikirlendim. Hassa zyýaratyna köplenç süýt ýa-da süýt önümleri alyp barýarlar. Elim boş gitmäýin, süýt alaýyn diýdim. Soňam: „Aý, her kim men ýaly pikir edip süýt elten bolsa, öý moloko sehine öwrülendir“ diýip goýbolsun etdim, başga zat tapmaly.
Köçede 1 hepde, 10 gün öň täze eşik magazini açylypdy. Seretsem, aýnasynda ullakan ýazgylar bar: „Hemme zat mugda ýakyn baha!“, „Başlyk däliredi, 50% skidka!“, „Dükany boşadýarys!“, „Şu taýdan zat alman geçseň, başyňa bela gelýär ýakynda!“, „Zat almadyk iň soňky adam!“. Ünsümi çekdi. „Bäh, kimkä bu dükany açanyna 10 günem bolman munça skidka edýän? Uniwersitetleriň ykdysadyýet fakultetlerinde sapak edip okatmaly däli başlyk“ diýip girdim.
Girdim girmesine welin, doga etdilermi, jadyladylarmy nämemi, bir seretsem, kassada garrylaryň geýäýjek jempiriniň bahasyny töläp durun. Dostumyň enesine garrylaň geýäýjek, ilikleri ortadan dakylýan jempir aldym sowgat diýip, arzanjak.
Dostumyň enesiniň öýüne bardym. Dostum gapyny açsa, bir aýal dur öňümde. Men-ä „garrydyr, sähel zat bolsa üşäýändir, şu jempir gowy bolar“ diýip barsam, enesi polnyý makiaž, saçam düzedilen, şpilkaly, blotnoý aýal ekeni. Elinde çilim: „Hoş geldiň, balam“ diýip dur, hassa meňzänok.
Paketdäki sowgady bermedimem, bermek barada pikirem etmedim hatda. Darajyk kolgotka, şpilka köwüş bilen gezip ýör daýza. Men ol jempiri nädip bereýin ol daýza? Döşümiň üstünde oturyp, ýüzümi ýumruklap ugrar.
Oturdyk azajyk, nahar iýdik, soňam konserde diýip çykdyk.....
Awtory: McM
(Şu wagt temañ ady başga zada how, dostyñ enesi nirden geldi bärik diýýänsiñiz. Yzyny ýazjak. Şu wagt daşarda ýazyp otyrkam ýanyma Wasya daýy geldi, özi krugynda sylanýan ýaşuly.Özi şeý diýýär.Haýsy krugdadygyny aýdanok. Azajyk içipdir. "Robert Kiosaki-dan Motiwasiya berjek, diñle körpäm, goý telefony" diýýär. Bagyşlañ goýmaly boljak)

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...