Uniwersitetiň konsertine bardyk, tanyş oglan-gyzlarymyzy tapdyk. Konsert hem nähili diýsene, ulyyy meýdança, talyplar aýdym aýdyp tans edýärler, köpüsi hem doň. Men hem "Öýlenýän ýigidiň jan ýalyjak klasdaşlary" ýaly bolup gyrada durun, biziňkiler tans edýär.

Soň, şol taýda biziňkileriň arasynda ýuwaşlyk bilen tans edip ýören bir gyza gözüm düşdi. Gyz meniň gözüme beýlekilerden üýtgeşik bolup görünýärdi, hamana Garagum çölünden bir keýigi tutup konserte goýberen ýalydy. Gyrada kän durup bilmän, men hem bardym aralaryna. Rok aýdymda hip-hopçylar ýaly diňe başam barmagymy we külbike barmagymy galdyryp tans etdim.

Tans gutaransoň, gyz bilen tanyşdyrdylar. Başga fakultetde mugallymçylyk okaýardy we menden bir kurs uludy. Men hem ol wagtlar uniwersitetiň intirnet sahypasyna ýaňy admin bolaýan wagtlam. Özümi görmeseler hem tanaýarlar; okuwyň sahypasynda 13 müň adamlyk sahypanyň admini. Garaz, az-da kän-de tanaýarlar görmeseler hem. Uniwersitetiň intirnet sahypasynyň admini diýenlerinden soň, gyz hasam gyzyklandy. Ýazýan zatlarymy gyzyklanyp okaýandygyny aýtdy.

Adatda, men nätanyşyň ýanynda kän gürlämok, ýöne şol gün gürläp enegim agyrdy, ynanaý. Soňam başga ýerlerde, ýene tanyşlarymyz bilen bu gyz bilen gabatlaşdyk. Bir gezek gyzdan: "Sen meniň nirelidigimi bilýärsiň, sen maňa nirelidigiňi aýtmadyň, sen nireli?" diýipdim. Gyzam: "Men X şäherden" diýipdi. Oýun edip: "Onda menden daşrakda dur. X şäherli bir adam bilen bir ýylany bir halta sokupdyrlar, ýylan 'Meni gutaryň şu X şäherliden' diýipdir" diýip suwjykladym. Gyz gaty gördi. Gaty görenini bilip: "Degişýän, gaty görme" diýdim. Gyz: "Men X şäherli bir adam bilen ýylany bir halta sokupdyrlar diýeniň üçin gaty görmedim-ä, 'Menden uzagrakda dur' diýeniň üçin gaty gördüm" diýip namys (namýok) berdi. Namýogy aldym. Şol günden soňam söýgüşdik, dostum.

Arada bolup geçenleri gürrüň berjek däl, ýöne bir ýyldan gowrak söýgüşdik. Arzuw ederdik, garagum çölde düýe münmek hyýaly bardy… Gelinalyjada düýä münmek isleýärdi. Men Nury Meredow diňlänsoň, ol hem öwrenşipdi. Nury neressäniň köp aýdymyny ýatdan bilýärdi. Gaharyny getirsem, "Garratdyň meni" diýip hiňlenýärdi.

Wagt geçdi, gyz okuwyny gutardy. Bir gün gelip: "McM, sen gowy oglan, men seni häzirem gowy görýän. Ýöne men seniň syrly içki dünýäň açaryny tapyp, seniň ýüregiňi ele alyp bilmedim. Sen hem maňa gapyňy açaňok. Men ýadadym, garratdyň meni" diýdi. Onsoňam, okuwyny gutaransoň enesiniň-atasynyň ony gyssaýandygyny, çaltrak işe başlap, durmuşa çykmagyny isleýändiklerini aýtdy. "Bolýar" diýdim, mende-de gedemlik bar, näme edeýin?( Wah dostjan şo wagt öýlenmäne ýagdaýym ýokdy) Sögüşmänjik, düşünişip aýrylyşdyk. Soňam jaň hem etmedim, ondan-mundan hem soramadym.

Arada konditerska baramda, şol gyzyň jigisi bilen gabatlaşdym. Sadaja, göwni açyk gyz jigisi bardy. 2-3 minut ýaly gürrüňdeş boldum. Okuwymy sorady, "Gutaramok heniz" diýdim. Gürrüň gyz doganyna geldi. "Gyz doganyma gudaçylyga geldiler, maýda toýlary" diýdi, güldi. Çyn ýüregim bilen bagt diledim, ýöne içimden bir zat gopup giden ýalydy. "Meň bilen gabatlaşanyňy doganyňa aýdaýma" diýdim, "Bor" diýdi. Heý-em bir gyz jigi doganyndan syr saklarmy? Şol gözel doganyna gudaçylyga gelendiklerini aýtdy, gülüp. Gudalaryň käsesine çaý guýan wagty elleri titremändir…

Ejemiň men kiçikäm sary pişik we sary jüýje barada düzen ertekisini hiç kime aýtmaly dälmişim… Diňe meniň bilýän gizlin bakja-bossanyma mundan beýläk gitmeli dälmişim… Gadaganmyş… Ellerim ullakanmyş, elleri meniň elimde ýitip gidýärmiş… Halan gyzyma gudaçylyga gelipmişler… Men öýe gelipmişim… Ellerim kirlimiş… Hatda ejem hem ýuwmanmyş…

Awtory: McM