Söz uçar, ýazgy galar: Jek London we «Martin Iden»

Bu kitaby öň okap, depderçelerimiň iň ýaşulusyna bellikler edipdirin. Häzir şol köne sahypalary agtaranymda, Martiniň we oňa jan beren Jek Londonyň ýürek urgusyny täzeden eşidýän ýaly bolýaryn.

«Söz bir pursatlyk nepesdir, ýazgy welin şol nepesiň heýkelidir» diýesim gelýär. Aýdylanlar uçar-gider, ýazgy bolsa yz goýar. Ýöne hemme zatdan öň sözler we şol sözleri bütin ömrüniň manysyna öwürenler bar. Sebäbi ynsany kemala getirýän zat onuň bütin ömrüniň manysyna terjime bolýan sözleridir — kimisini okap, kimisini bolsa ýazyp.

«Men ýazmak üçin ýaradylan bolup bilmerinmi näme?..» diýýän Martin Iden hem şolardan biri. Dogrusyny aýtsam, oňa öz nepesini üflän Jek London. Hakykatdan hem olaryň hekaýasy nirede birleşýär we nirede aýrylyşýar?! Ýazyjynyň öz gahrymanyna öwrülme ýolunda nämeler durýar?

Kim bilýär? Belki, Jek London azajyk söwdadan baş çykaran bolsady, döredijilik ýolunyň azaplarynyň birini hem çekmezdi we ömründen ylham alyp, Martin Ideni döretmezdi. Şonda müňlerçe galam eýeleri ýörän ýollarynda öňlerinden çykýan tikenleriň diňe öz aýaklaryna batýandygyny öýderdiler. Aslynda welin, ne ýazmagyň, ne-de ýazanlaryňy neşir etdirmegiň ýolunda tikenler gutarýar. Onsuz hem «ýazmasam dälirärdim» bilen «neşir etdirmesem dälirärdim» diýmegiň aralygy gaty uzagam däldir. Amerikanyň çet künjegindäki bir fermada doglan Jek London muňa gysga wagtyň içinde göz ýetiripdir.

Kitap hakda aýtsam, ýazyjynyň dili ýeňil, göni, ýöne arasynda peýda bolýan içki sesler seniň hem säginip, pikir etmegiňi talap edýär. Sebäbi romandaky adaty deňizçi «ýokary gatlakdan» bir gyza aşyk bolup, söýenine mynasyp bolmak üçin özüni kämilleşdirip, höwesjeň okyjydan ussat ýazyja öwrüleninde, özüni jemgyýetiň «ýalan ölçegleriniň» arasynda ugruny ýitiren ýalňyz ýolagçy hasaplaýar.

Martiniň içindäki göreşi okanyňda, adamyň özüni tapmak üçin näçe gezek döwülýändigini has güýçli duýýarsyň. Bir tarapdan çäksiz tutanýerliligiň güýji, beýleki tarapdan ýadawlyk... Bu iki ýagdaý onuň içinde yzygiderli göreş ýaly. Okap barýarkaň, şol agyr duýgy ýuwaşlyk bilen saňa hem geçýär. «Durmuş edil sallançak» diýilýän söze has gowy düşünýärsiň. Hawa, durmuş edil sallançak ýaly: onda haçan bat alyp, haçan haýallajagyňy özüň saýlamasaň — ýagny adam öz ýoluny özi saýlaman, başga adamlaryň pikirine daýanyp ýaşasa, içinde möhüm bir zat ýitýär. Hut şonuň üçin Martiniň göreşi diňe ýaşaýyş ugrunda däl, eýsem öz ynanjyny saklap galmak baradadyr.

«Ol kartasy we ugry bolmadyk, haýsy kenara barjagyny bilmeýän gämi ýalydy — özüni durmuşyň akymyna goýberipdi; aslynda bolsa oňa iň agyr ejir berýän zat ýaşamakdy.»

Martiniň iň soňky gelen nokady şu sözlerde gizlenipdir. Onuň gazanan üstünlikleri bilen birlikde lapykeçlikleri hem öz görnüşini üýtgedipdir.

Adamlaryň aňyndakylar we galamlaryň ujuna gelýänler... Okamak, ýazmak, neşir etdirmek arasyndaky uzalyp gidýän tikenli ýollar. Ýyllar boýy gutarmaýan bir azap. Kimisiniňki Jek London ýaly kitap tekjelerinde jemlenýär, kimisiniňki bolsa Martin Iden ýaly tükeniksizlige açylýan tolkunlarda... Emma ikisiniň birleşýän ýeri hakyky ýüzüni görüp, ýüz öwren dünýälerindedir. Döredýärkäň tükenmegiň hekaýasy ýaly olaryň hekaýasy. Döretdigiňçe ýok bolmagyň öwezi.

Ýöne şonda-da şu hili hekaýalaryň gutarýan ýeri ýok. Sebäbi elmydama içi aýtmak isleýän sözlerini ýazga geçirip, öz nepeslerini heýkele öwürmek üçin içi ot alyp barýan birileri tapylýar. Ýazmak — nirede we nähili bolsa-da, hakykatdan hem bir halas boluş.

😅Ahyrsoňy meniň üçin bu roman: adamyň öz içinde ýitirýänleri we tapýanlary bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň ýolunyň kitabyna gaty gowy nusga.