Ortaça hasap bilen, kämillik ýaşyna ýeten ynsan bedeniniň jemi agramynyň 60%-i suwdan ybarat. Muny bilmeýän ýokdyr.
Adamyň beýnisiniň-aňynyň paýy bolsa 2% ekeni. Galan beýleki ähli zadyň jemi umumy agramdaky paýy 38%-e deňdir.
Täsin ýeri, şol aňdan biziň nähili peýdalanýandygymyz, nähili maglumatlaryň aňda ýer edinýändigi, biz adatça parhyna barmasagam – juda ähmiýetli ekeni.
PIŞIJEK (IŞ ÝERIMIŇ HEMRASY)
Geçen ýylyň tomsunda şeýle waka boldy. Ertirlik edinip, kofe içipdim. Soň, howlukmaç işe rowana bolamda, ýarpy ýola ýetemde agzym kepedi. Kofe adamy has hem suwsadýar. Ýanymda suw ýokdy. Ýolugra bir dükana sowlup, suw aldym. Dükandan çykyp, maşynyma tarap ýöräp ugramda bir görsem, kinniwanja pişijek myýawlap dur. Enesini ýitiripdir, özem aç-suwsyz ekeni. Pişigi o halda taşlap gaýtmaga dözmedim we ýanyma aldym. Işe eltdim. Süýt we suw berdim.
Şeýdip, ýaňky pişijek iş ýerimi özüne öý edindi. Binanyň daş-töwereginde ýaşaýar. Hawa, pişijek iş ýerimiň töweregiň tarhany boldy. Her gezek meni görende, ýanyma ylgap gelýär, süýkenýär, özüni söýdürmek isleýär. Menden mähir talap edýär. Wagt tapdygymdan, menem pişik bilen güýmenýän…
Şu gün irden işe baramda, şol pişigi göremde, mundan birnäçe ýyl öň okan bir kitabymdaky gahrymanlaryň biri bolan pişigi ýada saldy. (rus ýazyjysy M.Bulgakowyň “Ussat we Margarita” atly romanynda agzalýan “Begemot” atly gara, gojaman pişik.)
Geçen ýylyň noýabrynda, iş ýerime üstünde dynç alar ýaly, pişige niýetlenen ýörite kiçijek düşejik alypdym. Arada bir gezek işe gelemde, pişigiň şol düşegiň üstünde gözüni süzüp, bolup oturşyny göremde, mundan ýedi ýyl öň, gyşyň ortaky aýy Stambula gidemde bolan waka ýadyma düşdi. Şol gezek, agşam ýolugra baran bir kafemde kofe içip otyrkam, beýle ýanymda düşekde myrlap, ýatan ýerinden meni synlaýan pişigiň bolşyny huşuma saldy...
KÜMSÜK (ÖZEM IŇ KÜMSÜK)
Çerkez atly gullukdaşym bardy. Haçan görseň kümsük-kümsük edip ýörendir. Onuň bolşy, hereketleri, gepi-gürrüňi beýleki esgerlerden saýlanyp, gözüňe dürtülip durandyr. Çeper edebiýatyň taryhynda meniň pikirimçe iň kümsük baş gahryman bolan Raskolnikowyň hekaýasyny (rus ýazyjysy F.Dostoýewskiýniň “Jenaýat we jeza” romanynyň baş gahrymany) okamda, näme üçindir birnäçe gezek, şol Çerkez atly gullukdaşym ýadyma düşüpdi. Ýogsam, men ol kitaby gullukdan birnäçe ýyl soň okapdym.
Asyl görüp otyrsam, ynsan aňynyň dürli wagtlarda, dürli ýerlerde bolup geçen wakalary; adamyň okan, eşiden we gören zatlaryny özüçe harmanlap, timarlap, gerek mahaly aňastyndan, aňüstüne getirip, adama ýatlatmak ýaly peýdaly gylygy bar ekeni. Ynsan aňynyň işleýşi şeýleräk ekeni.
AŇYŇ ÇÜÝREMEGI (!)
“Aňyň çüýremegi [Brain rot] – ähmiýetsiz, hili pes maglumatyň (häzirki wagtda esasan onlaýn kontentiň) aşa köp sarp edilmeginiň netijesinde adamyň akyl ýa-da intellektual ýagdaýynyň çak edilýän bozulmagy hökmünde garalýar.” (çeşme: Oksford iňlis dili sözlügi; bu aňlatma şol Oksford sözlügi tarapyndan 2024-nji ýylda “ýylyň sözi” hökmünde saýlandy).
Aňyň çüýremegi adalgasy, sosial mediýa platformalaryny aşa köp wagtlap ulanmaklyk; şol ýerdäki kontenti (maglumaty) has uly mukdarda sarp etmek bilen bagly ýüze çykan ýagdaýy beýan etmek üçin ulanylýar. Muňa başgaça “gije-gündiz ulgamda (onlaýn) bolmaklygyň netijesi” diýibem düşünip bileris.
Soňky ýigrimi ýyla golaý wagt bäri, öň adamzat taryhynda hiç-haçan ýüze çykmadyk waka boldy. Yzly-yzyna birnäçe sosial mediýa platformalary emele geldi. Milliardlarça adam şol platformalary yzygiderli ulanmaga, platformalardaky kontentleri (maglumatlary) sarp etmäge başlady. Elbetde, bir günüň dowamynda sosial mediýa platformalarynda emele gelýän kontentiň (maglumatlaryň) ählisini sarp etmek (okamak, diňlemek, tomaşa etmek) mümkin däl. Ynsan aňy şeýle az wagtda, şeýle ummasyz köp kontenti sarp etmäge niýetlenmedikdir.
ONDA NÄME ETMELI?!...
Hemmämize mälim bolşy ýaly, biz islesegem sosial mediýa platformalaryndan özümizi doly çetleşdirip bilmeris. Bize her günde bary-ýogy ýigrimi dört sagat çäkli wagt berlen. Aňymyzy ummasyz köp mukdarda, tas ählisi diýen ýaly peýdasyz, ähmiýetsiz maglumat bilen doldurmaklyk, eýsem bu akylly hereketmi?! (Megerem ählimiz bu soraga “ýok” diýeris).
Ine, şu ýerde erkiň ähmiýeti belli bolýar. Ynsan özüne erk etmegi başaryp bilse, ýokarda agzalýan aňyň çüýremegniň öňüni alyp biler.
Ähli sosial mediýa platformalarynyň algoritmalarynyň ýeke-täk maksady bar: işjeňligi artdyrmak.
Ýagny, biziň ulanýan sosial mediýa platformalarymyz, üznüksiz ýagýan ýagyş damjalary deýin bize üsnüksiz kontent (maglumat) hödürläp, biziň platformadaky işjeňligmizi üpjün etmäge çalyşýar. Dogrysy, biz ahmal bolsak, şol algoritmalaryň duzagna düşýäris. Algoritmalar özlerine berlen ýumşy kemsiz ýerine ýetirýärler.
Eger-de özümize erk edip, sosial mediýa platformalarynda her gün sarp edýän wagtymyza kabul ederlikli çäk goýup bilsek, uly iş bitirgimiz bolar. Ýogsamam, synamyzdaky iň wajyp, iň ähmiýetli agzany – aňymyzy çüýretdigimiz bolar.
Özümize erk edip bilmeklik ýa-da erk edip bilmezlik – ine bar mesele.
Saýlaw siziňki.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...