Biz zenanlar üçin täsin bir däp bar.

Biri-birimize ýylgyryp: "Özüňe ynan" diýýäris. "Bedeniňi söý." "Pul gazan, iş aç, öz ornuňy tap. Hiç kimden ötünç sorama."

Ajaýyp sözler. Diwara asyp goýmaly.

Soňra bir owadan zenan çykyp, hut şu maslahatlarymyzy ýerine ýetirýär welin…

Birden hemme zat üýtgeýär. Ýaňy-ýakynda gaty-gaty aýdan sözlerimiz ýatdan çykýar. "Zenan öz gözelligine, öz çekijiligine erkin eýe bolmaly" diýýärdik ahyryn. Indi bolsa ellerimizi galdyryp: "Dur, dur, biz beýle diýmek islemändik" diýýäris. Kesgitlemäni bolsa howlukmaç täzeden ýazyp başlaýarys.

Soňky hepdelerde dünýä habarlaryna göz aýlan bolsaňyz, bu gezegem hut şeýle boldy. Dawanyň merkezinde ýene-de şol tanyş at - Sidni Suini. Bu gezek sebäp - Novig mahabaty.

Näme boldy?

Novig - sport wakalaryna çaklama edilýän platforma. Mahabatda Sidni ýalaňaç ýa-da ýarym ýalaňaç görünýär. Bedenini sport enjamlary bilen ýapýar. Bir sport meýdançasyndan beýlekisine geçýär. Pikir ýönekeý: "diňe sport" diýen degişme, ýöne bilgeşleýin artykmaç görkezilen.

Bir möhüm jikme-jiklik: Sidni bu ýerde diňe hakyna tutulan ýüz däl. Ol Novig-iň strategik hyzmatdaşy we paýdary. Reklama kampaniýany düzmäne özi işjeň gatnaşandygyny aýdýar.

Netije? Adamlar gaharly. Esasan hem sportdaky zenanlar.

"Sidni-ni, sportdaky zenanlar şeýle görýär"

Sportda işleýän köp zenan sosial ulgamlarda nägileligini bildirdi. Olar öz suratlaryny paýlaşyp: "Hormat bilen, Sidni, hakyky sportçy zenanlar ine şeýle görünýär" diýdiler.

Bular her gün türgenleşýän, der dökýän, rekord goýýan zenanlar. Olar ýyllarboýy tomaşaçylara bir zady düşündirjek bolýarlar: "Biziň bedenimize däl, ukybymyza serediň."

UCLA uniwersitetiniň öňki gimnastkasy Greýsi Kramer hem tankyt edenleriň biri boldy. Onuň pikiriçe, bu mahabat zenan sportunyň ýene-de erkekleriň göwnüne ýaramak üçin satylýandygynyň ýene bir mysaly.

Emma bu tankyda hemme zenan goşulmady. The Washington Post neşiriniň ýygnan jogaplaryndan meniň iň halanlarym:

"Munuň ady modellik! Başga zat däl."

"Ol owadan model, siz bolsa ajaýyp türgenler. Ikiňizi-de minnetdarlygymyz bar. Aglamagy bes ediň."

"Mahabat maňa-da ýaramady. Ýöne tanamaýan zenanyňy laýk ýygnamak üçin köpçülikde masgaralamak hem dogry däl."

"Onuň mahabaty seniň türgen hökmündäki üstünlikleriňi kemeldýärmi? Ýok."

"Feminizm zenanlaryň saýlawyna hormat goýmak diýmekdir. Hatda ol saýlaw saňa ýaramasa-da."

Ýöne Sidnä garşy çykýanlar hem az däl:

"Geliň, bu mahabaty aýyrtmak üçin bilelikde hereket edeliň."

"Ol hakykatdan hem “Euphoria” serialyndaky keşbi Kessä öwrülýär."

"Sidni zenanlary 500 ýyl yza zyňdy."

Aslynda… düşünýärin

Ilki bir zady aýdaýyn: bu meniň şahsy pikirim.

Sportdaky zenanlaryň gaharyna düşünýärin. Zenan türgenler hakda gürrüň edilende, köplenç ilki olaryň bedenine üns berilýär, ukybyny bolsa soňra ýatlaýarlar. Bu köp ýyllyk mesele. Şonuň üçin bir türgen bu mahabaty görüp: "Ýene-de şol bir zatmy?" diýse, men oňa düşünýärin.

Ýöne hemmeleriň ýatdan çykaran bir möhüm zady bar.

Sidni özüni hiç haçan türgen diýip tanyşdyrmady.

Ol Novig-e "zenan türgenleriň adyndan çykyş edýärin" diýip gürlemedi. ABŞ ýygyndysynyň formasyny geýip, "Olimpiýa oýunlaryna gidýärin" diýmedi. FIFA-nyň ýa-da ESPN-iň mahabatynda surata düşmedi. Hatda professional türgeniň keşbini hem oýnamady.

Ol diňe bir aktrisa. Sport çaklamalary bilen meşgullanýan kompaniýanyň gürrüň döretmek üçin düzülen mahabatynda surata düşdi. Bary-ýogy şol.

Bu tapawut örän möhüm.

Täze zat däl

Bu mahabat bilgeşleýin gürrüň döretmek üçin düzülen. Degişmeli, açyk jynsy äheňli we üns çekiji. Novig-i gutlamaly: maksadyna ýetdi. Mahabat birnäçe günüň içinde tutuş internete ýaýrady.

Ýöne Sidnini "sport enjamlarynyň arasynda ýalaňaç zenan" ideýasyny ilkinji bolup oýlap tapan ýaly görkezmek geregi ýok.

Biraz arkaýyn bolalyň.

ESPN sport neşiriniň "Body Issue" atly meşhur ýörite sany bar. Onda Serena Uilýams, Megan Rapino, Ronda Rauzi, Sýu Berd ýaly tanymal türgenler ýalaňaç surata düşdi. Şol suratlarda olaryň güýçli bedeni we sportdaky üstünlikleri alkyşlandy.

Elbetde, žurnaldaky sport materialy bilen haryt satmak üçin düzülen mahabatyň arasynda tapawut bar. Muny dogruçyl boýun almaly. Ýöne esasy pikir üýtgemeýär: sport bilen bilelikde görkezilen ýalaňaç zenan bedeni täze zat däl we dünýäniň ahyry hem däl.

Näme üçin hut Sidni?

Sebäbi adamlar, esasan hem zenanlar, Sidnini ýigrenmegi halaýarlar. Bary-ýogy şol.

Açyk aýdaýyn: bu tolkuna goşulan käbir türgenler diňe öz meşhurlygyny artdyrmak isledi.

Emma her tankyt edeni "ýigrenýär" diýmek hem adalatsyz bolar. Käbir tankytlar ýerlikli. Käbir zenanlar bu mahabaty hakykatdan hem nädogry saýlaw hasaplaýar. Zenan türgenler üns, pul we hormat gazanmak üçin ýyllarboýy göreşýärler. Şol wagtyň özünde zenan bedeniniň sporty satmak üçin ulanylmagy olary ýadadýar. Bu düşnükli.

Ýöne Sidni eýýäm köp wagtdan bäri adatdan daşary derejede tankydyň nyşanasynda.

American Eagle firmasynyň jins mahabatyny ýadyňyzdamy? Onuň şygary: "Sidni Suiniň jinsleri gowy." (Sydney Swenney has great jeans) Iňlis dilinde "jeans" (jins balak) we "genes" (genler) sözleri birmeňzeş eşidilýär. We şeýle netije berýär:

Sidni Suiniň genleri gowy.

Mahabat şu söz oýnuna esaslanýardy. Hatda bir wersiýasynda saç we göz reňki ýaly nesilden geçýän aýratynlyklar hem agzalýardy. Sidni sary saçly, gök gözli we ak derili. Şonuň üçin käbir tankytçylar mahabatda "bir rasa beýlekilerden ýokary" diýen gizlin many gördüler. Başgalar bolsa bu reaksiýany gereginden artyk ulaldylan hasapladylar.

Netijede, Sidni ýene-de internetiň iň köp ýigrenilýän zenanyna öwrüldi.

Zendaýa bilen deňeşdirme

Indi Zendaýa barada.

Internet näme üçin bu iki zenany hemişe biri-birine garşy goýýar - düşünemok. Olaryň hiç biri beýle bäsleşigi islemedi.

Ikisi-de üstünlikli aktrisa. Ikisi-de zehinli. Emma olaryň jemgyýetçilik keşbi, karýera ýoly we meşhurlyga garaýşy düýbünden tapawutly. Muňa garamazdan, olary yzygiderli deňeşdirýärler.

Zendaýa - nepis. Sidni - özüne çekiji. Zendaýa - kiçigöwünli. Sidni - gürrüň döredýän. Zendaýa çynlakaý kabul edilýär. Sidni bolsa ýalaňaç surata düşýär.

Hormat gazanmak üçin Sidni näme üçin Zendaýa ýaly bolmaly? Näme diýjek bolýanymy aňýarsyňyzmy?

Bir zenan beýleki zenandan tapawutly bolup bilmeýärmi? Hökman olaryň biri "has dogry zenan" bolmalymy? NÄME ÜÇIN?

Kessi, oh, Kessi

"Euphoria" serialynda Sidni Kessi Hauard atly gyzy oýnady. Käbir adamlar şol serialy görüp, Sidniniň hakyky durmuşdaky her kararyny hem şol oýlanyp tapylan keşp kesgitleýär diýen netijä gelen ýaly.

Kessi - özüne ynamsyz, seksual, duýgulary bulaşyk we hemişe başgalaryň makullamagyna mätäç gyz. Sidni bu keşbi şeýle ussatlyk bilen oýnady welin, adamlar indi aktrisany keşpden aýyryp bilenok.

Sidni her gezek öz çekijiligini açyk görkezende, kimdir biri hökman Kessini ýatlaýar.

Bu hem gülkünç, hem gyzykly.

Sidni zenanlygyny görkezmekden utanmaýar. Öz bedeninden razy. Çekiji görünmekden çekinmeýär. Näme üçindir, bu köp adamy gaharlandyrýar. Örän köp adamy.

Şertli feminizm

Bize meňzemeýän zenany goldamak nämäni aňladýar? Esasan hem, ol bize asla meňzemese?

"Zenanlar zenanlary goldaýar" diýen söz ajaýyp eşidilýär. Ýöne kiçiligiňizden "beýle bolma" diýip öwredilen häsiýetleriň hemmesi bolan bir zenan öňüňizde peýda bolanda… feminizmiň birden şertleri peýda bolýar.

Zenanlar bedenini söýmegini isleýäris, ýöne aşa köp däl. Özüne çekijiligine eýe bolmagyny isleýäris, ýöne "edepli" görnüşde. Özüne ynamly bolsun, ýöne tekepbir görünmesin. Özüne orun tapsyn, ýöne beýleki zenanlary oňaýsyz ýagdaýa salmasyn.

Bu nähili azatlyk?

Käwagt biz zenanlary "alada" bahanasy bilen gözegçilikde saklaýarys. Mysal üçin: "Jan, seni gowy görýänim üçin aýdýaryn, göwsüň gaty uly."

Sidni Suini - seks nyşany. Merlin Monrony 20-nji asyryň seks nyşany hökmünde öwüp bilýän bolsak, Sidnini näme üçin öwüp bilmeýäris? Aý, hawa… Monro eýýäm aradan çykdy. Ol bize howp salanok. Sidni welin salýar.

Mesele nirede, indi görýärsiňizmi?

Jemläp başlaýyn

Sidni bir zada gowy düşünýär: häzirki zamanda üns hem pul.

Novig mahabaty ýaş gyzlara zenan sportunyň taryhyny öwretjek bolmady. Ol gödek, degişmeli, açyk-açan gürrüň döretmek üçin düzülen mahabat. Artyk hem däl, kem hem däl.

Sidni ähli zenanlaryň adyndan çykyş etmeli däl. Ol diňe öz adyndan çykyş edýär.

Indi gelýäris özümize, türkmen zenanlaryna.

Biziň ýurdumyzda Sidni ýok. Emma her toýda, her maşgala ýygnanyşygynda, her goňşy çaýynda öz "Sidnimiz" hökman tapylýar. Ol köýnegi biraz gysgarak gelin. Ol hemmeleriň öňünde çyn ýürekden, sesli gülýän gyz. Ýa-da öz söwdasyny, öz işini açmaga batyrgaýlyk eden zenan.

Biz bolsa gapdalda durup: "Aýal kişi, başarmaz" diýýäris. Aslynda bu sözler onuň hakynda däl, biziň hakymyzda. Olar biziň ýaltalygymyzy, ädim ätmäge çekinmegimizi, özümizi görkezmäge het edip bilmeýändigimizi gizleýän owadan bahana.

Olary görende, ilkinji bolup kim pyşyrdaýar? Köplenç erkekler däl. Biz. "Görýäňmi, ony gyz?" diýip, gözümiz bilen ýaňsylaýarys.

Gyzlar, bir zady ýatdan çykarmaly däl. Beýleki zenany kiçeltmek bilen biz beýgelmeýäris. Onuň köýnegini tankyt edip, öz köýnegimizi owadan etmeýäris.

Siz Sidni ýaly bolmaly däl. Zendaýa ýaly hem bolmaly däl. Goňşy gelin ýaly hem. Ýöne sizden başgaça ýaşaýan zenana ýaşamaga ýol bermeli.

Eger feminizm diňe biziň halaýan saýlawlarymyzda işleýän bolsa, onda biz azatlygy däl…

…gözegçiligiň täze görnüşini amal edýäris.

Şonuň üçin indiki gezek toýda gözüňiz birine düşende, pyşyrdamagyň ýerine ýylgyryň. Mümkin bolsa, "Köýnegiň gowy eken" diýiň. Ynanyň, dilde düwün bolmaz.

Makala soňky wagt Forber, Times zurnallardaky makalardan ylham alyndy.