Saçlam ak.

Bezzatlyk taşlananok ýöne.

Könelýär gaçmasak indi sesimem daşdan al.

Ýaşajak bolýan, durmuşam başlanok.

Ölmäkäň entäk egniňdäkini aç sana...

Näçe sogap bar?

Näçe günä bar?

Näçe günüň bar?

Kim bilýär, näçe gün abat?

Näçe gün ajy?

Näçe gün nabat?

Geljegimize "Bagt" - geljege meñzänok.

Içim gybatdan doly,

"Ol näme diýdi?"

"Sen näme diýdiň?"

"Ýok oñky ýalňyş!"

"Meňki dogry!"

Öýke hem kine,

Sen gaty ownuk, dur

Ýalňyşma, beýle diýme

Ýalan hem gazap kellämi iýdi

Hany "Kitap" ýokmy ýokardan inen?!

Saňa degişli dälmi ýa ýazylan hem diýlen?!

Iki tarapa äkitýär, durmuşam hiňňildek

Aýtsama bir tüýsli, aýtmasamam birhili.

Elimden gelenini edýän

Ynanýan herýerde Sen

Bukulsagam, Seredýäň,

Ýaňy-ýaňy diýemde ýüregimde ýer edýäñ

Şeýtan ýylgyrýa birden

Diýip bilemok: "Gerek däl, ýok!"

Goşjak bolup sogaby terezä

Jübidäki şaýlary çöpläp berip neressä

"Galan pulumam beremok!" - diýip: "Ol berer!"

Jenneti satyn aljak bolýarys

Iň ownuk pul bilen...

Biri diýse: "Esasy päk niýetli ýol!"

Beýleki diýýär: "Bu zatlaryň ähmiýeti ýok!"

"Adamlaryň oýlap tapan zady aslyýeti ýok!"

"Menä görüp bilmeýän zadyma ynanamok"

Seni görmän söýenleriň arasyna al

Ýüregimiň ýarysy iman

Ýarysy gahar

Ýarysy niýet

Ýarysy amal

Ýaryşjak gowulykda, utulsam utularyn

"Seni" razy etsem,

Hiç zatdan gorkamok,

Men birinji diýsemem

"Seň" adyňdan ýokarda ýok,

Sözler aljyrap durar gelip bokurdaga

"Bagyşlaýan" - sözi geler belki ýokardanam...

Gijeler uky ýok, bir sejde, bir kyýam

Garnym aç, ruhum dok mende

Bir jennet, ol hyýal

Köp günä, ol aýan saňa...

Bar güýjümden ylgaýan "Saňa"

Öçürjek bolýas içimizde ýansaňam

Iň günäli wagtym, içimizde galsana

Bu dünýä bizi täzeden satyn alsada

Kölegäňe salsana

Ýylda birje sapar, täzele imanymy

Täzeden ýasada

Häzirem arassa däl bolmaryn asylam,

Bizi "Umyt" edenleriň arasyna ýazyp al

ALLAJAN

Syke däli — Umyt.