Tahyr Mälik

(1946–2019)

Tahyr Mälik (doly ady: Hobilow Tahyr Abdulmälikowiç, özbekçe: Tohir Hobilov Abdumalikovich) – meşhur özbek ýazyjysy, özbek edebi fantastikasynyň düýbüni tutujylaryň biri, detektiw we durmuş temalarynda eser döreden görnükli edebiýatçydyr.

Ol 1946-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde, harby gullukçylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Maşgalada bäş çaganyň iň kiçisi bolan Tahyr çagalykdan kitap okamaga we edebiýata uly höwes bildirýär. Hatda onuň ilkinji hekaýasy 1960-njy ýylda, heniz mekdep ýaşyndaka, «Gulhan» žurnalynda çap edilýär.

1963-nji ýylda Daşkent döwlet uniwersitetiniň (häzirki Özbegistan Milli uniwersiteti) žurnalistika fakultetiniň agşamky bölümine okuwa girýär. Ol ýokary bilim alýan döwründe gündizlerine gurluşykda agaç ussasy we kerpiç örüji bolup zähmet çekýär, agşamlaryna bolsa okuwyny dowam etdirýär. 1969-njy ýylda uniwersiteti tamamlaýar.

1966-njy ýyldan başlap Özbegistanyň radiosynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, neşirýatlarda we Özbegistan Ýazyjylar birleşiginde dürli wezipelerde işleýär. Ol «Guliston», «Şark ýyldyzy», «Ýoşlik» ýaly žurnallarda, şeýle hem Gafur Gulam we Çolpan adyndaky neşirýatlarda işleýär. Birnäçe ýyllap «Ýoşlik» žurnalynyň baş redaktory wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Tahyr Mälik döredijiliginde fantastika, ylmy fantastika, detektiw, başdan geçirme we realistik kyssa ýaly dürli žanrlarda ýazýar. Onuň ilkinji iri eseri bolan «Hikmat afandiniň ölümi» (1972) özbek edebiýatynda fantastika žanrynyň ösüşine goşant goşan eserleriň biridir. Ýazyjynyň «Zäherli duman», «Falak», «Çatrykda galan adamlar», «Bir köçe, bir gije», «Hoş gal, çagalygym» we «Soňky ok» ýaly eserleri hem okyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanypdyr.

Ýazyjynyň iň meşhur eseri bolsa bäş kitapdan ybarat «Şeýtanat» romanydyr. 1992-nji ýylda okyjylara ýetirilip başlanan bu romanda dürli häsiýetli gahrymanlaryň ykbaly, olaryň saýlap alan ýollary we şol ýollaryň netijeleri çeper beýan edilýär. Eseriň uly meşhurlyk gazanmagy netijesinde onuň esasynda 20 bölümli teleserial hem surata düşürilýär.

Tahyr Mälik diňe bir başdan geçirmeli wakalara esaslanýan eserleri bilen çäklenmän, ýaşlaryň terbiýesi, ahlak, ynsanperwerlik, halal-haram düşünjeleri ýaly möhüm meseleleri hem döredijiliginde giňden şöhlelendirýär.

Baýraklary we sylaglary

  • 2000-nji ýylda «Özbegistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

  • «Dostluk» ordeni bilen sylaglanýar.

  • «Zähmet şöhraty» ordenine hem mynasyp bolýar.

Tahyr Mälik 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda 72 ýaşynda Daşkent şäherinde aradan çykýar. Ol özünden baý edebi miras galdyryp, özbek edebiýatynyň fantastika we detektiw ugurlarynyň ösmegine uly goşant goşan ýazyjylaryň biri boldy.

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy