Türkmen dili garyp dilmi?
Elbet-de "aga, uýa," sözleriniñ deregine, "bratok, bro, sis, abi, abla..." ýaly sözleri ulansañyz we entek ýaşyñyz kiçiräk bolsa, garyp dil diýip pikir edýän bolmagyñyz ahmal. Daşary ýurt sözlerini köp ulansañyz hem, ol türkmen dili garyp dildigini añladanok. Diýjek bolýan zadym, "daşary ýurt dillerinde gürlemäñ, öwrenmäñ, diñe türkmen dilinde gürläñ" däl. Ýöne türkmen diline ýeterlik ähmiýet berilenokmyka diýip pikir edýän. Muny ilkinji gezek Hydyr Derýaýewiñ "Ykbal" romanyny okanymda duýupdym. Sebäbi kitap maña görä türk, rus kitaplardan pes ýeri ýokdy, hat-da belki kitabyñ serialy çyksa beýleki dildäki seriallardan hem gowy bolardy. Ýöne näme üçindir halkyñ arasynda "Aý türkmençe bolsa, okanyña degmez, göreniñe degmez" diýen pikir bar.
Bir dostym bar, hem türkmençesi gowy, hem beýleki dilleri gowy bilýär. Men türkmençe grammitakada şüphä düşen ýerlerimi şondan soraýardym. We daşary ýurt uniwersitetinde okaýar. "Saña türkmen dili geregemä däl, şonda-da üns berýäñ?!" diýsem, "Öz dilini bilmeýän, başga dili nädip bilsin?" diýipdi. Ýagny, aslynda bu adamlaryñ häsiýetlerine, türkmen dili baradaky garaýyşlaryna, pikirlerine görä-de üýtgäp biler. Meselem gaty diskiñ (жесткий диск, hard disk) nämedigini birinji gezek eşitseñ, hemmäniñ biraz degişesi gelýär, ýöne käbirleri sebäbini bilmegiñ deregine, "Aý türkmenleriñ terjime edişidä, iş oñaranoklar..." ýaly zatlar diýip başlaýarlar.
Türkmen diliniñ az ulanylmagynyñ esasy sebäpleriniñ biri türkmen dilinde maglumat azlygy. Türkmen dilindäki kitaplary, makalalary, ylmy işleri, kinolary tapmak beýleki dillere garanyñda gaty kyn bolýar. Meselem wikipediýada Konfusiý barada türkmençe maglumat beýleki dillere görä az (islendik maglumatyñ türkmençesi az) ýa-da "Ykbal" romanynyñ hem 1-nji tomdan beýlekilerini gowy hilli, türkmen elipbiýinde tapmak gaty kyn.
Başga-da türkmen diliniñ az ulanylmagynyñ, ene-atalaryñ çagalaryna "Bar çagam multik gör (ýöne maña azar berme)" zatlary diýmesi ýaly birnäçe sebäpleri bar.
Munuñ çözüwi wagtyñ geçmegi bilen hilli ylmy işleriñ, makalalaryñ, sungat döredijilikleriniñ döräp durmagy, köpelmesi. Şonuñ üçin türkmenlere, türkmen diline degişli gowy, peýdaly zada duşsam, boldygyndan paýlaşjak bolýan.
Meniñ iñ gowy görýänlerim, "Hazyna sözlük" telefon programmasy we "yazuw.com" internet sahypasy. "Hazyna sözlük" programmasy türkmen dilindäki sözleriñ manysyny düşündirýär we meniñ iñ halan zadym hem sözleriñ çeper eserlerde, goşgularda ulanylan ýerlerini mysal hökmünde görkezýär. Eger, "Ýok men türkmen dilini gowy bilýän, ýöne kompýuterde ýazanymda ýalñyş bolýar" diýseñiz, "yazuw.com" size has peýdaly bolup biler.
Çeşme: talyplar
Şeýle makalalary, ýazgylary okasam, wideolaryny görsem birhili ýakymly duýgy döreýär, näme üçinkä 🤔

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.