Gadymy Ýapon pelsepesi bolan kintsugi "Altyn timar" ýa-da "Altyn birleşdirme" diýen manyny berýän termin bolup, ol diňe bir abatlaýyş sungaty däl, eýsem çuňňur pelsepewi çemeleşmäni hem aňlatýar. Bu çemeleşme döwlen, zeper ýeten ýa-da köne zatlary täzeden bejermek üçin ulanylýan usuldyr. Ýöne Kintsugi diňe bir fiziki zatlary bejermek bilen çäklenmän, eýsem durmuşyň özüne we adam tejribesine degişli möhüm öwütleri hem berýär.
Kintsugi Pelsepesi Näme?
Özüňi bolşuň ýaly kabul etmek we özgeriş : Kintsugi sungatynyň üsti bilen döwülen gap-gaçlaryňyzy täzeden ýelimläp, üstünden Altyn reňkli boýag bilen bezäp, öňküsindenem has owadan ýagdaýa getirmek mümkin. Ýöne kintsugi diňe munuň bilen çäklenenok. Bu pelsepäni öz durmuşymyza-da geçirip bileris. Kintsugi pelsepesine görä kemçilik aýyp däl, tersine, kemçiliklerden dogry netije çykaran halatymyzda bize iň dogry ýoly görkezer. Ýüregimiziň ýaralary ýok saýylmaz ýa-da üsti örtülmez, olary ýüze çykaryp, timarlap, iň owadan häsiýete öwürip bileris.Bu bolsa özüňi bolşuň ýaly kabul etmek we özgeriş pelsepesini şöhlelendirýär. Kintsugi kemçilikleri we durmuş kynçylyklaryny inkär etmegiň ýerine, eýsem olary kabul etmegi hem-de bu tejribeleriň bizi nähili kemala getirip biljekdigini görkezýär.
Kintsugi arkaly bejerilen zatlar döwleninden soňra has gymmatly bolýar. Bu adamlara durmuş kynçylyklaryny we agyr tejribeleri nähili ýeňip geçip biljekdigine düşünmegi öwretýär. Her bir dert, kynçylyk adamyň özboluşly hâsiýetini kämilleşdirýär. Kemçiliklerimiz biziň şu günki şahsyýetimiziň bir bölegidir. Olaryň üstüni örtmegiň ýerine olary düzedip bilsek, ertirki şahsyýetimiz hasam kâmillige ýetip biler. Kemçiliklerimizden dogry netije çykarmaklygymyz diňebir biziň däl, başgalaryň durmuşyna-da tâsir edip biler. Diňe özümiz öwrenmeris, öwredibem bileris.
Mysal üçin: Sen mähir görmediňmi? Mähirli ene-ata bolup bilersiň. Saňa düşünmedilermi? Sen düşünip bilersiň. Sen bagtsyzdyň, dogry, emma başga birini bagtly edip bilersiň. Sen ýalňyşdyňmy? Başgalara ýalňyşmazlyk üçin ýol görkezip bilersiň. Saňa güldülermi? Sen olary goldap bilersiň. Şeýdip ýüregiň ýaralaryny bir heýkeltaraş ýaly taraşlap bilersiň. Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly: "Biz herimiz özümizin zergärmiz, mydam özümizi ýonup ýörmeli" Teňňäň bir tarapyny hemme görer, sen ony beýlesine öwür, teňňäniň ikinji tarapam bardyr.

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň