Jyň-Jyň... Jyňňň... Bildiriş. Habar. SMS. E-hat. Sesli SMS. Tiz habar duýduryşy. Ýene bir bildiriş. Instagram, TikTok, beýleki sosial ulgamlaryň bildirişleri…
Akylly telefonymyza günüň dowamynda üznüksiz gelýän bildirişleriň her biri bary-ýogy birnäçe sekunt dowam edýär. Emma günüň dowamynda ýüzlerçe, müňlerçe sany bildiriş gelen halatynda bu uly bir meselä öwrülýär: biziň ünsümizi çekmek ugrundaky uly we yzygiderli bäsdeşlik, göreş…
Mundan ýigrimi ýyl öň biziň ulanan ykjam telefonlarymyzyň sosial ulgamlaryň bildirişlerini, e-hatlary, sesli bildirişleri, täzelikleri-habarlary we mahabatlary (reklama) günüň her bir minudynda bize ýetirmäge mümkinçiligi ýokdy. Meniň häzirki ýaly ýadymda. (Hawa, kyrkdan agyp, garranymy duýarsyňyz). Ilkinji Nokia telefonymy bary-ýogy üç zat üçin ulanýardym: jaňlar, sms-ler, şeýle-de ýylanly oýun.
Geçirlen ylmy barlaglar, dowamly gelýän bildirişler netijesinde ünsümiziň yzygiderli başga bir zada sowulmagynyň birnäçe ýaramaz netijleriniň ýüze çykýandygy açyp görkezýär: ünsi bir ýere jemläp bilmezlik, darykma, stres, aladalanma we ruhy saglygymyzyň ýaramazlaşmagy.
Mesele – ünsümiziň näçe gezek kesilýändigi we ony haçan hereket etdirjekdigini kim dolandyrýandygy.
Her gün jemi näçe bildiriş alýarys?!
Bir adamyň her gün ykjam telefonlarynda ortaça näçe bildiriş alýandygy barada dünýä derejesinde anyk statistika, maglumat ýok.
Häzire çenli geçirlen barlaglar dürli ilat toparlaryny, enjamlary we kesgitlemeleri ulanyp, ep-esli tapawutly netijeler berýär. Soňky barlaglar käbir toparlarda günde takmynan 90 bildirişden başlap 200-den hem köp bildirişe çenli sanlary görkezýär.
Ortaça hasap bilen, häzirki zaman smartfon ulanyjylarynyň köpüsi her gün onlarça, köplenç 100-den hem köp bildiriş alýarlar.
Mysal üçin, adam günde 16 sagatlyk oýa wagtynyň dowamynda 150 bildiriş bolsa, bu bir sagatda ortaça 9-dan gowrak bildiriş bolýar. Ýagny, takmynan her alty minutda bir bildiriş.
Telefonymyza gelýän bildirişler bu meseläniň bir bölegidir. Biz adatça telefonlarymyzy bildiriş gelmezden hem elimize alyp onlarça (hatda ýüzlerçe) gezek barlap durýarys.
Soňky ýigrimi ýylda nämeler üýtgedi?!
Adamyň şu günki günde alýan bildiriş mukdaryny 10, 15 ýa-da 20 ýyl ozalky bilen göni deňeşdirmek kyn. Sebäbi 2006, 2011, 2016 we häzirki ýyllarda gelýän bildirişleri birmeňzeş ylmy esasda yzygiderli ölçän maglumat toplumy ýok.
Muňa garamazdan, ölçäp bilýän zadymyz bar - tehnologiýa gurşawynyň akyla-hyýala sygmajak derejede üýtgemegi.
Pew Gözleg Merkeziniň maglumatyna görä, 2006-njy ýylda ABŞ-yň ilatynyň kämillik ýaşyna ýeten böleginiň bary-ýogy 11% sosial mediýa ulanýardy. Häzirki döwrebap akylly telefon döwri heniz başlamandy. Şol döwürde Apple-iň ilkinji iPhone-nyň çykmagyna ýene bir ýyl bardy (2007-nji ýyla çykypdy).
2011-nji ýyla gelnende ABŞ-nyň ABŞ-yň ilatynyň kämillik ýaşyna ýeten böleginiň 35%-nde akylly telefony bolup, olaryň takmynan 50%-i sosial mediýany ulanýardy.
2016-njy ýyla gelende akylly telefon eýeçiligi 77%-e ýetdi, amerikan ulularynyň takmynan 69%-i sosial mediýany ulanýardy.
Häzirki wagtda bu görkeziniň 90%-den geçendigni çak etmek kyn däl. Şeýle-de indi kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarda-da ykjam telefon bar. Olaram sosiam mediýa platformalaryny ulanýar. Dogry, soňky bir ýylda käbir günbatar ýurtlary 16 ýaşa ýetmedik çagalar üçin sosial mediýa platformalaryny ulanmagy gadagan etmek boýunça kanun kabul etdi.
Geçen 20 ýyldaky tehnologiki üýtgeşme diňe adamlaryň has gowy, has köp mümkinçilikleri bolan telefonlary ulanmagy bilen çäklenmedi. Geçen döwürde telefon diýilýän enjamynyň durmuşymyzdaky orny düýpgöter üýtgedi.
Biziň öňler esasan jaň we tekst (sms) habarlary bilen baglanyşykly ulanan “telefon” atly enjamymyz; häzirki wagtda, e-poçta, sosial mediýa, habarlar, bank işleri, söwda, dynç alyş, iş aragatnaşygy, aýdym-saz diňlemek, kino tomaşa etmek, surat-wideo düşürmek we beýleki birnäçe hyzmatlary ulanmaga mümkinçilik berdi. (Ýöne, geň ýeri – biz şeýle düýpli üýtgän enjama henizem telefon diýýäris. Adyny üýtgetmedik).
Şeýlelik bilen, telefon arkaly bize ýetirilýän ähli hyzmatlaryň, ulgamlaryň, programmalaryň biziň ünsümizi talap etmäge mümkinçiligi döredi.
Telefon bildirişleri boýunça 2014-nji ýyla çenli geçirlen barlaglarda, oňa gatnaşyjylar günde otraça takmynan 63,5 bildiriş alýandygyny; bu işjeňliginiň aglaba böleginiň bolsa sms habarlary we e-hatlardan ybaratdygyny anykladylar.
Iň esasy ýeri, barha artýan bildiriş sany bilen ýüze çykýan oňaýsyz duýgylar (negatiw emosiýalar) bilen göni baglanşygyny bardygyny anykladylar. Şeýle-de bolsa, sms habarlar we sosial ulgamlar adamlary belli bir derejede özara ysnyşdyrýan gurala öwrülendigini hem ýüze çykardy.
Tehnologiýa çürt-kesik “gowy” ýa “erbet” däldir. Has ýerlikli sorag: haçan, näçe ýygylyk bilen biziň ünsümiziň bölünýändigi we ony kimiň (nämäniň) dolandyrýandygydyr.
Gelýän bildirişleri açmasagam ünsümiz sowlup bilýär.
Haçan-da telefonyňyza bildiriş gelende, möhüm resminama ýa-da iş üstünde işläp oturandygyňyzy göz öňüne getiriň.
Telefonyzy eliňize alaňzok.
Siz, şonda-da ünsüňiziň sowulmagynyň öňüni alyp bildiňizmi?!
Hemişe däl.
2015-nji ýylda "Experimental Psychology: Human Perception and Performance" žurnalynda çap edilen ylmy barlag, gatnaşyjylaryň üns talap edýän wezipäni ýerine ýetirýän mahalyny telefon bildirişlerini almagynyň täsirini barlady.
Barlagyň şertine görä, bildiriş gelse-de gatnaşyjylar telefonlaryny barlamaly däldiler. Şeýle-de bolsa, jaňlar, tekst (sms) we beýleki bildirişleri olaryň iş netijeliligine ölçäp boljak derejede päsgelçilik döretdi hem-de ýaramaz täsir ýetirdi.
Başgaça aýdylanda: gelen bildirişe biz jogap bermezligi saýlasak-da, barybir ünsümizi sowup biler. (köňlenç ünsümiz sowulýar).
Gelen ses ýa-da titremäniň özi aňymyzda sorag döredip biler: Kim maňa habar ýazdy? Kim jaň etdi? Ol möhümmi? Men barlamalymy?...
Hatda biziň jogabymyz "ýok" bolsa-da, ünsümiz eýýäm başga tarapa geçdi.
Ünsümiziň bölek-büçek bolmagy
Adam beýni üçin ylmy taýdan kesgitlenen gündelik bildiriş çägi ýok.
Bu babatdaky ylmy pikir has ýönekeý: adam ünsi çäklidir we saýlawlydyr.
Garaşylmadyk bir zat ünsümizi özüne çekende, aň (kognitiw) serişdelerimiz dessine edýän işimizden başga ugra gönükdirilýär.
Wagtal-wagtal bolýan päsgelçiliklere adatça üns berilmeýär. Emma gaýtalanýan päsgelçilikler ynsanyň dowamly üns jemleýiş ykybyny bölek-büçek edip biler.
Arasy üzülmezden geçirilen otuz minutlyk ünsli iş; habarlaryň, e-poçta duýduryşlarynyň we sosial mediýa bildirişleriniň yzygiderli arakesmeleri bilen bölek-büçek edilen otuz minutlyk işden düýbünden tapawutlydyr.
Jemi sarp edilen wagt göräýmage birmeňzeş – 30 minut.
Ünsimiziň gurluşy bolsa düýbünden başgaça.
Durnuksyz elýeterlilik stresi artdyryp biler
Sanly aragatnaşyk we tehnologiýanyň yzygiderli kämilleşmegi öňki nesillerde has az duýulan başga bir zady hem döredýär: yzygiderli elýeterlilik.
Kimdir biri nahar iýýän wagtyňyzda sesli sms; kitap okaýan mahalyňyz WhatsApp bildirişini; maşk edýän wagtyňyzda sosial mediýa habaryny we uka gitmäge taýýarlanýan wagtyňyzda sosial mediýa duýduryşyny iberip biler.
Geçirlen barlaglar telefonymyzdaky maglumatlar, bildirişler bilen haçan meşgullanýandygymyzy dolandyrmagyň ähmiýetlidigini görkezýär.
124 sany kämillik ýaşyna ýeten adamy öz içine alyp geçirlen bir tejribede, ylmy barlagçylar gatnaşyjylardan tejribäň dowamynda e-poçtany barlamagy günde üç gezek bilen çäklendiripdir; beýleki tejribede bolsa gatmaşyjylara bu babatda çäk goýmandyrlar.
Gatnaşyjylar haçan-da e-poçtalary has az (çäkli) barlan mahaly olaryň gündelik stresiniň ep-esli azalandygyny ýüze çykarypdyr.
Bu barlag boýunça möhüm sapak – esasy mesele maglumatyň göwrümi däl-de, ünsümiziň bölünmeginiň ýygylydyr.
Ahyrynda, biz özümiz öz ünsümizi bölýäris
Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getiriň: ilki başda, akylly emjamymyza gelen bildiriş biziň ünsümizi bölýar: jyň-jyň. Biz telefonymyzy barlaýarys.
Şeýle-de belli bir wagtdan, telefonymyza hiç-hili duýduryş gelmänem biler. Biz, barybir telefonymyzy ýene barlaýarys.
Täze sosial mediýa bildirişiniň, e-hatyň, habaryň-täzeligiň gelmek ähtimallygy telefonymyzy yzygiderli elimize alyp, barlamaga iterýär.
Şeýlelik-de biziň ünsümiz iki görnüşde bolünýär:
Birinjisi, telefonymyza gelen bildirişiň ünsümizi bölmegi (daşarky);
Ikinjisi, biz öz-özümiziň ünsümizi bölüp, täze bir postuň, habaryň, storiň, wideo roligiň, e-hatyň... bardygyny bilmek üçin telefona seredýäris (içerki);
Netijede, telefonymyza bir günde gelýän jemi bilridişiň mukdary, aslynda biziň ünsümiziň nä derejede bölünýändigniň, bölek-büçek bolýandygynyň takyk göwrümini doly açyp görkezmeýär.
Sosial mediýa biziň ruhy saglygymyzy çüýredýärmi?!
Ylmy subutnamalar şeýle ýönekeý netije çykarmagy esaslandyrmaýar.
Sosial mediýanyň käbir peýdalary hem bolup biler: adamlar aragatnaşyk gurmak; maglumat edinmek; esasanam uzak aralyk bolan tanyş-bilişler bilen habarlaşmak;
Şol bir wagtyň özünde, tehnologiýanyň üns bölüji aýratynlygy biziň stres derejämize we ruhy saglygymyza ýaramaz täsir ýetirip bilýär. Gije giç sagada çenli telefona güýmenmek ukynyň hiline-de ýaramaz täsir ýetirýär. Ukynyň biziň ünsümizi jemlemek ukybymyzy; duýgy (emosional) ýagdaýymyzy; fiziologiki we ruhy saglygymyz üçin iňňän wajyp orny bardyr.
Ýüze çykyp biläýjek ýaramaz mesele düşünmek üçin, ylmy taýdan ýagdaýy gysgaça şeýleräk aýdyp bileris:
Ünsüň yzygiderli bölünmegi - ünsüň bölek-büçek bolmagy - meşgullanýan pişäň yzygiderli üýtgäp durmagy - has uly aň (kognitiw) talabynyň döremegi - has uly mukdarda stresiň ýüze çykmagy - işde, durmuşda, adamlar bilen gatnaşyklarymyzda, ukyň hilinde we ruhy saglygymyzda ýüze çykyp biläýjek ýaramaz netijeler.
Elbetde, bu ähli adamda edil şu tertipde ýüz çykman biler. Şeýle-de bolsa, umuman ykjam telefony has ýygy ulanýan ähli adamlarda bu ýagdaýyň döremegi ahmal.
Üns juda seýrek zada öwrüldi
Aslynda, biri-biri bilen baglanşykly üç sany mesele bar: juda köp mukdardaky maglumat ýüki (ummasyz köp mukdardaky maglumat hemişe elýeterli); bildirişleriň juda köplügi (dürli applikasiýalar biziň ünsümizi çekmäge çalyşýar); telefony yzygiderli barlap durmagy endik edinmeklik (bildiriş gelmese-de, biziň täze maglumat, post, stori, wideo-audio kontent sarp etmäge bolan islegimiz).
Ýigrimi ýyl öň biz şeýle köp mümkinçiligi bolan telefonlary ulanmaýardyk. Häzirki wagtda bolsa, milliardlarça adam iň täze, iň soňky çykan telefonlary ulanýarlar.
Häzirki bar bolan mesele, maglumat edinmeklik däl. Häzirki wagtda Internet giňişliginde biziň sarp etmek mümkinçiligimizden juda köp mukdarda maglumatyň elýeterli bolmagydyr.
Şeýlelik bilen, maglumat däl-de, biziň ünsümiz seýrek zada öwrüldi.
Telefonymyza gelýän her bildiriş, şol seýfrek zadyň – ünsümiziň bir bölegini talap edýär. Emma günüň dowamynda ýüzlerçe, käbir halatda müňlerçe bildiriş gelmekligi – yzy üzülmeýän kontent ummanyň bolmaklygy; biziň ünsümiziň arasynyň üzülmezligini üpjün etmegimizi tas mümkin däl ýagdaýa getirýär. (Gynansak-da).
Asyl sorag, ine şu: ykjam telefony, tehnologiýany näçeräk ulanmaklyk, çendenaşa bolýar?!...
Bu soragy, başgaça, şeýle mazmunda soraýyn:
Siziň ünsüňiziň sowulmagyna kim/näme sebäp bolýar, sizmi ýa-da eliňizdäki telefonyňyz?!...
Ynsanyň ünsüni çekmäge niýetlenen häzirki wagtdaky Internet giňişliginde, biziň ünsümizi nämä jemleýändigimize erk edip bilmegi gorap saklamagymyz, biziň ruhy saglygymyz üçin iň wajyp meselä öwrüldi.
Galyberse-de, bar bolan onlarça sosial mediýa platformalary; müňlerçe oýunlar, güýmenje applikasiýalary ýetmeýän ýaly, bulardan daşary indi telefonymyza onlarça emeli aň applikasiýalary hem goşuldy. Emeli aň babatda 6-njy sentýabrdaky we 9-njy sentýabrdaky makalalarymda giňişleýin ýazypdym. (Gyzyklansaňyz, şolary okap bilersiňiz). Şol sebäpli, biziň gündelik wagtymyzyň, ünsümiziň barha has uly mukdaryny talap edip başlan emeli aň applikasiýalary babatda bu ýazgyda durup geçmedim.
Sag-salamat galyň.
Şu makala ýazylanda aşakdaky çeşmeleriň maglumatlaryndan peýdalanyldy:
Stothart, Mitchum & Yehnert (2015), The Attentional Cost of Receiving a Cell Phone Notification, Journal of Experimental Psychology: Human Perception and Performance.
Kushlev & Dunn (2015), Checking Email Less Frequently Reduces Stress, Computers in Human Behavior.
Pielot, Church & de Oliveira (2014), An In-Situ Study of Mobile Phone Notifications, ACM UbiComp.
Pew Gözleg Merkeziniň (Pew Research Center) akylly telefon eýeçiligi we sosial mediýa ulanylyşy boýunça esasy barlagy.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...