Dürli döwürlerde ýazyjy-şahyrlar öz döredijilikleri bilen nädip gazanç edipdirler we öz girdejilerini artdyrmak üçin nähili emelleri ulanypdyrlar?
Şu hakda söz.
A.S.Puşkin diýipdir: “Ylham satylmaýar, ýöne satyp bolýar golýazmany”.
Elbetde, biziň hemmämiz düşünýäris, ýazyjy-şahyrlaram asmandan inen, diňe nur bilen eklenýän perişdeler ýa melaýyklar däl. Olaram edil biz ýaly adam. Şol sebäpli olaram edil biziň her birimiz ýaly gazanç etmeli, güzeran dolamaly. Özem mümkin boldugyndan olaryň gazanjy-güzerany olaryň söýgüli pişesi – ýazmak bilen bagly bolsa has gowy.
Belki, hut şuňa düşünilendigi üçindir, eýýäm irki döwürlerden başlap, ýazarlara okyjynyň göwnünden turan eserleri üçin galamhaky tölemek dessury emele gelendir?!
Her zamanda-da ýazyjy-şahyrlar galamhaky alypdyrlar. Mysal üçin, Gadymy Rimde ilkibadalar pul görnüşinde Rim şäheriniň şahyr-raýatlaryna galamhaky bermek, olary masgaralamak hasaplanypdyr. Şonuň üçinem teňňe görnüşindäki galamhaky diňe daşary ýurtly şahyrlara ýa-da gul-şahyrlara berlipdir. Rimiň raýaty bolan ýazarlara bolsa okyjylaryň/diňleýjileriň göwnünden turan eseri üçin serpaý hökmünde gymmatbahaly ýüzük, bilezik, geýim-gejim, eşek, at, gatyr, gymmat şeraply küýzeler we ş.m. bagyş edilipdir.
Ondan başga-da, Gadymy Rimde miladydan öňki 70-nji we 8-nji ýyllarda ýaşap geçip, ady edebiýatyň we sungatyň howandaryny, hemaýatkärini aňladýan şertli aňlatma öwrülen, adybelli Gaý Silniý Mesenat ýaly, edebiýatyň çyn muşdaklary bolan baýlar, begzadalar, zehinli ýazyjylara, şahyrlara hemaýatkärlik edip, olary öz hasaplaryna ekläp-saklap, olaryň döredijiligi üçin ähli mümkinçilikleri döredipdirler. Mysal üçin: gadymy dünýäniň nusgawy şahyrlary Wergiliý we Gorasiý, beýleki onlarça ýazarlar, nakgaşlar, heýkeltaraşlar, binagärler bilen birlikde, Gaý Silniý Mesenatyň doly howandarlygynda uzak ýyllaryň dowamynda ýaşapdyrlar.
Rim şalarşalygy (imperiýasy) dargandan soň, irki orta asyrlar başlanýar. Şonda ýazarlaryň, sungat adamlarynyň zähmetiniň bahasy tas ýok bolmak diýen ýaly derejä ýetýär. Mysal üçin, irki orta asyrlarda dürli ýurtlarda menestrel, bard, ozan, baýun, kobzar, aşug we ş.m. diýen ýaly atlar bilen atlandyrylýan ykmanda aýdymçy-sazanda-şahyrlar, diňe baý-begzadalaryň ýa-da garyp-gasarlaryň toý-meýlislerinde gara bokurdagyna zähmet çekmäge mejbur bolupdyrlar. Olaryň hünärem, esasan Ýewropa ýurtlarynda iň bir äsgerilmeýän senetleriň biri bolupdyr.
Şol birwagtda-da Günbatar ýurtlaryndan tapawutlykda Gündogar ýurtlarynda şahyrlara, olaryň has zehinlilerine bolan garaýyş başgarak ekeni. Mysal üçin, meşhur gaznaly soltany Mahmyt, Ferdöwsä “Şanama” eserini ýazmagy sargyt edip, oňa her setiri üçin, bir tylla dinar galamhaky wada beripmiş. Käbir maglumatlara görä, Mahmyt Gaznaly, soň sözünde durman, mesnewi görnüşinde ýazylan 60 müň beýtden (goşasetirden) ybarat, bu ägirt uly eseriň her setiri üçin awtora bir kümüş dirhem galamhaky tölänmişin. Şol döwrüň takmynan ortalyk bahalaryna görä, bir dirheme, iki adam bir gün iýerlik nar, bugdaý unundan üç sany çörek, gowrulan et, bir golça-da arassa suw satyn alyp bolýar eken. 300 dirheme bolsa är-aýal bir ýylyň dowamynda bol-elin bolmasa-da laýygrak güzeran aýlap bilipdirler.
Şol döwürlerde soltanlar, emirler öz köşklerinde şahyrlaryň bäsleşiklerini gurapdyrlar. Şonda-da tagtda oturan “baş eminiň” sagynda altyn dinarlardan münderlenen bir mejime, kümüş dirhemden doly ýene-de bir mejime, onsoňam mis şaýylyklar guýlan üçünji mejime bolupdyr. Hökümdaryň solunda bolsa, atyň dersi guýlan çanak goýlupdyr.
Şahyryň ýa-da ýazyjynyň eserleri göwnünden turanda hökümdar şahyry ýanyna çagyrypdyr we oňa agzyny açmagy buýrupdyr. Soňam tä onuň agzy dolýança, oňa gysymlap altyn dinar (kümüş dirhem ýa-da mis şaýy) guýupdyr. Aýdyşlaryna görä, käbir ýeser şahyrlar, şeýle ýagdaýda, agyzlaryna has köpräk tylla teňňe (dirhem ýa şaýy) sygar ýaly, ýaryşdan birnäçe gün öňünçäsi owurtlaryna suw alyp, ony uzak wagtyň dowamynda çişirip, agyzlaryny giňeltmek üçin “ýörite türgenleşigem” geçipmişler :-).
Ýöne, “taýagyň iki ujy bar” diýlişi ýaly, hökümdarlaryň geçirýän muşaýyrlarynda ýa-da “edebiýat agşamlarynda”, ýazaryň eseri halanmasa, hökümdar, awtory tagtynyň ýanyna çagyrypdyr-da, onuň açyk agzyny at dersinden, ýagny pohdan doldurypdyr. Şol poham onuň galamhaky bolupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen Gündogarda we Günbatarda antiki döwürsoňunyň derbi-dagynlygy, assa-ýuwaşdan orta asyr feodal döwletleriniň tertip-düzgünine öwrülmäge başlapdyr. Netijede dürli ýurtlarda jemgyýetiň güni azajygam bolsa düzelip, olaryň adaty bir diri galmak zerurlygyndan azda-kände daşlaşyp, ruhy höregede zerurlygy, islegi emele gelip ugrapdyr. Şol sebäplem, ilk-ä begzadalar, baýlar, olaryň yzy bilenem beýleki gatlaklarlaryň wekilleri ýene-de edebiýata hem sungata meýil bildirip, bu ugurdan ezber adamlaryň zähmetine hak tölemäge başlapdyrlar. Mysal üçin, eýýäm Uilýam Şekspiriň döwründe, XVI asyryň ikinji ýarymynda U.Şekspir bir pýesasy üçin takmynan 4 funt sterlingden 10 funt sterlinge çenli girdeji alypdyr. Şol döwrüň bahalaryna görä çärýek funt sterlinge ýeterlik derejede güýçli buzanyň (arpa şeraby, piwo) bir çelegi ýa-da iki funt sterlinge towugyň 35 sany ýumurtgasy düşýän ekeni. Ýöne, taryhy maglumatlara görä, U.Şekspir öz alýan galamhaky bilen güzeranyny dolandyryp bilmän, galla dellalçylygy bilenem meşgullanýan eken.
Galamhaky meselesiniň tertibe giren we gülläp ösýän döwürleri, 19-njy asyra düşüpdir. Bu döwürde, esasanam Ýewropada we Russiýada edebiýata hem sungata ýiti üns berlip, jemgyýetiň ünsüni çekmegi, köpçüligi gyzyklandyrmagy başaran eserler üçin awtorlar uly möçberde galamhaky almaga başlapdyr. Mysal üçin: A.S.Puşkin özüniň “Ýewgeniý Onegin” atly şygyr-romany üçin 47 500 rubl galamhaky alypdyr. Häzirki bahalara öwreniňde bu galamhakynyň möçberi takmynan 500 000 amerikan dollary bolýar.
XX asyra geçilenden soň neşirýat ulgamynyň we enjamlarynyň, köpçülikleýin sowatlylygyň düýpli ösmeginiň netijesinde, esasy intellektual haryt öndürijiler hökmünde meşhur awtorlaryň galamhaklarynyň möçberi hasam artýar. Mysal üçin, Maksim Gorkiý bir çap listi (A4 formatda, 14-lik Times New Roman şriftinde, birlik setirarasynda (interwalda), takmynan 16 sahypa) üçin 1200 rubl, A.Çehow bolsa 1 çap listi üçin 1000 rubl galamhaky alypdyr. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, şol döwrüň bahalaryna görä, 10 çap listlik (takmynan 160-200 sahypalyk) kitaby neşir etdireniňden soňra galamhakyna üç ýyllap aňrybaşy haşamly myhmanhanada bol-elin ýaşar ýaly serişde edinip bolýar ekeni.
SSSR döwründe-de Beýik Watançylyk Urşundan soň, ýurt dikeldilenden soň Ýazyjylar birleşigine (soýuzyna) agza bolan ýazyjy-şahyrlara galamhaky we beýleki amatlyklar meselesinde kän mümkinçilikler hem şertler döredilipdir. Uly tiražlarda “oňlanylan” eserleriniň çap edilmegi we olara uly göwrümli galamhaklarynyň tölenilmegi, ýörite ýazyjy-şahyrlaryň dynç alyş şypahanalarynyň üpjün edilmegi, nobatdan daşary jaýlaryň, öýleriň, tomusky öý (daça) gurunmaga ýer bölekleriniň, awtoulag serişdesiniň berilmegi ýaly ýeňillikler sowet döwrüniň awtorlarynyň “galamhaky” bolupdyr. Mysal üçin, Mihail Şolohow “Ýuwaş Don” romany üçin, onuň her çap listi üçin 500 rubl, umumy bir tiražyna 230 müň rubl alypdyr. Üstesine-de oňa bu romany üçin Stalin baýragy (100 müň rubl) berlipdir. Şol döwrüň bahalaryna görä, takmynan 3000-3500 rubl, bäş adamdan ybarat bir maşgalanyň ýurduň paýtagty bolan Moskwada, bir aýlap arkaýyn ýaşamagy üçin ýeterlik bolupdyr.
Başga bir resmi däl maglumatlara görä, türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy, “Aýgytly ädim” epopeýasynyň awtory Berdi Kerbabaýew, köp möçberde galamhaky alandygy zerarly, öz öýüne myhman gelen ýakyn garyndaşyny ugradanda, oňa “GAZ-69” kysymly awtoulagynam sowgat berip goýberipdir. Ýa-da geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda, ýazan eserleri üçin galamhakynyň sberkassada saklanýan möçberi 100 müň rubldan geçse, şol awtora, Ýazyjylar birleşiginiň üsti bilen SSSR-iň Merkezi banky tarapyndan altyndan sagat gowşurylar ekeni. Edebiýat köpçüliginiň arasyndaky myş-myşlara görä, şol döwrüň käbir şahyrlarynyň şonuň ýaly tylla sagatdan 3-sine mynasyp bolan ýagdaýlaram bolupdyr :-).
Häzirki döwürde, Günbatar ýurtlarynda köpçüligiň söýgüsini gazanmagy başaran eserleriň awtorlary ummasyz galamhaklaryny alýarlar. Muňa mysal hökmünde, özüniň Garri Potter hakdaky eserleri bilen dünýä ýaň salmagyň hötdesinden gelen zenan ýazyjy, Joan Roulingiň milliardlarça amerikan dollarlyk galamhaklaryny agzamak bolar.
Häzirki wagtda, Günbatar ýurtlarynda we Russiýada, awtorlyk galamhaky esasan roýalti görnüşinde berilýär.
Roýalti näme?
Awtorlyk hukugynda roýalti – bu, ol ýa-da beýleki bir eseriň her gezekki neşirinden alynýan sap girdejiniň ylalaşylan möçberiniň neşirçi tarapyndan awtora tölenýän bölegi. Tejribede adatça, roýaltiniň möçberi 8-15% bolýar we awtoryň meşhurlygy, ýagny okyjylar, ýagny :-), intellektual bazarda islenenligi artdygysaýy, roýaltiniňem möçberi artýar.
Awtorlaryň gazanjy hakynda ýene-de bir bellemeli ýagdaý, şu günki internet eýýamynda, awtorlaryň döredijiligi günsaýyn kagyz-kitap görnüşinden, elektron-web görnüşine geçip, onlaýn edebiýat barha we barha real-edebiýatyň ornuny alýar. Netijede, bu hadysa galamhakynyň “sypatyna”-da, möçberine-de düýpli täsir edýär.
Häzirki wagtda internet giňişliginde ençeme edebiýat saýtlary bar we olar awtor bilen okyjyny biri-birine “duşurmagy” gurnap, bu ugurdan tölegli hyzmatlary alyp barýarlar. Mysal üçin, rus web-meýdanyndaky litres.ru salgysynda hereket edýän “ЛитРес” saýtynda, awtorlaryň özleri öz ýazan eserlerine tutuşlygyna ýa-da onuň aýry-aýry böleklerine baha kesýärler we bitewi kitap üçin okyjylar tarapyndan saýta geçirilen tölegiň 25%-den 35%-ne çenli galamhaky hökmünde alýarlar. Eger-de kitaby saýta bölekleýin goýsalar, onda okyjylaryň umumy töleginden 70%-ni roýalti alýarlar. Geçirilen serişdeleriň galan bölegi, saýtyň hyzmatyndan peýdalanylýandygy üçin töleg hökmünde, saýtyň hasabynda galýar.
Awtorlyk gazanjynyň bu görnüşiniň netijeliligi hakynda, “ЛитРес” saýtynda belli bir derejede adygan ýazyjy-hanym Olga Ptisewa, şeýle belleýär: “Men saýtdan roýalti her üç aýdan bir gezek öz hasabyma geçirýärin. Meniň ЛитРес-de ep-esli wagt mundan ozal goýlan bir romanym hem-de birnäçe sany eserler ýygyndylarym bar. Elbetde ol eserler saýtda goýlan dessine maňa dynç günlerinde Peterburga gezelenje gitmek, özümiň söýgüli barymda oturyp, iýip-içip dynç almak üçin ýeterlik serişde berdiler. Özem bir saparam däl-de birnäçe sapar. Emma häzir welin, ЛитРес-den gelýän serişdeler meniň üçin – lezzetlije höweslendirme. Ýyljajyk öý eşigini, ýeňiljek şeraby ýa-da halan köýnegimi satyn almaga ýeterlik serişde.”.
Beýleki bir awtorlar bolsa, şunuň ýaly edebiýat saýtlaryndan özleriniň her aýda 1-1,5 müň amerikan dollary möçberinde gazanç edýändiklerini agzaýarlar.
Umuman, şeýleräk.
Internet maglumatlarynyň we beýleki çeşmeleriň esasynda taýýarlanyldy.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Altynjy kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.

Teswirler (29)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň