O diýen atly şahyr bolmasam-da, doglan günüm her ýyl tas bütin dünýäde bellenip geçilýär, onda-da nä bellemek, şatlyk, şagalaň. 31-nji dekabr (1952 ý.). Kakamyň ilkinji ogly, atamyň nowbahar ogul agtygy bolanym üçin «guljagaz tapdyk» diýşip, maňa şeýle at goýupdyrlar. Biziň neberämiziň at dakyşynda häsiýetli bir zat bar. Hökman yzynyň «durdusy» bolmaly. Ine, meniň doly adym Sähetdurdyýew Guldurdy Muhammetdurdyýewiç. Şeýle çäklendirme, üstesine-de neberämizde erkejik çaga köp dogulýanyndanmy, nämemi, käte at tapmagam aňsat düşenok. Tüweleme, özümde-de yzy Durdy atly ýedi ogul bar, indi gyz doglaýsa welin, ady özi bilen gelýär. Ýa Akpamyk, ýa Pöwrize.

Aşgabatda doguldym. Paýtagtyň iki mekdebinde okadym, soňam öz obamyza Aşgabat etrabynyň Akdaşaýak obasyna göçüp geldik. Oba mekdebi bilen uniwersiteti hem goşsak, okuw jaýy dörde dagy ýetýär. Olaryň hersinden bir gyzyň ady aýratyn ýadymda galdy. Enebaý, Zübeýda, Jeren, Ogulhally.

Köp ugra höwes etdim, futbola, boksa, bosketbola gatnadym. Fotosurat aldym. Buzmeýiniň sazçylyk mekdebiniň akkordeon klasyny «bäşlige» tamamladym. 7-nji klasdan başlap, goşgularym respublikan gaztlerde çap edilip ugrady. Orta mekdebi tamamlamda, goşgy ugrundan gitmelimi ýa saz ugrundan diýen sowal öňümde keserdi. Hemem şeýle çözüldi. 1970-nji ýylda iki ýere okuwa girdim. Gündizine uniwersitetiň filologiýa fakultetine, agşamyna sazçylyk uçilişesiniň horuň dirižýory bölümine gatnadym. Şenbe-ýekşenbe günleri hem toýlarda saz çalardym. Durunly Bäşim bagşy bilen bassyr 5 ýyl toý gezdik.

Uniwersitetden soň žurnala işe giremsoň, saz öz-özünden galdy gitdi. Bäş-alty ýyllap folklor materiallaryny topladym. 5-6 depder doldy. 1976-nji ýylda öýdýän, Ümür Esen bilen tanşyp, ikimiz «dertdeş» çykdyk, depderlerimi göçürip aldy.

Şonda «çöplän sözlerim» goşgularymda jaý tapdy.

Esasy eden kärim žurnalistlik. «Pioner» žurnalynda, «Sowet Türkmenistany» gazetinde, Türkmen telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler redaksiýasynda işledim.

Häzir kommersiýa baş urdum. Kitap çykarýarys, kino surata düşürýäris we ş.m. Köp işleýäris, ýokuş degýär.

Guldurdy SÄHETDURDYÝEW