Köpçülikde çyplaň duýýan özümi,
Ýazgarýan bakyşlar kemimi görýär.
Men – dünýäniň wagty geçen önümi,
Hasratlar üstümi topraksyz gömýär.
Sessizlik daş bolup çökýär egnime,
Harplaram jemlenip ýazmady derdim.
Gabat gelen eken bagtyň deňine,
Ýylgyryp geçiren ýigrimi dördüm.
Soň garany çyrşadylar alnyma,
Doýmaz eken adam öz etin iýip.
Köklerimden çüýräp barýan halyma
Has gowy düşüner Hezreti Eýýup.
Çyranyň astynda galan kölegäm,
Gülüp, ýalňyzlygmy ýüzüme basdy.
Gahrymany boldum soňsuz elegiýaň,
Täleýiň ömrümden bar ýaly kasty.
Ruhum halsyz, gözüm syksam
ýaş çykmaz,
Ertire çykmaga bahana kändir.
Ýalňyz umyt miras galdy ýaşlykdan,
Her dem alýan ynsan ýaşaýan däldir.
© Süleýman TEKÄÝEW
Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...